Aşgabatda ýaragsyzlanyş maslahatlaşylýar

Eýrandaky “Sajil” atly raketa synagy, 12-nji noýabr, 2008-nji ýyl.

24-nji iýunda Aşgabatda Merkezi Aziýa we Hazar döwletleriniň ýaragsyzlanmak boýunça halkara konferensiýasy başlandy. Bu çäräni Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda geçirýär.
Konferensiýa regionyň döwletlerinden daşarky dünýäniň ençeme ýurtlarynyň we iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýanlygy türkmen metbugatynda habar berildi.

Konferensiýanyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmek ugrunda bilelikdäki planlary barada gürrüň ediler.

Maslahatda ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara strukturalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak işleriniň hem kesgitlenmegine garaşylýar.

Bu konferensiýany Aşgabatda geçirmek inisiatiwasy bilen türkmen prezidenti 2009-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda çykyş edipdi.

Ýaragsyzlanmagyň ähmiýeti


Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, şol sanda global derejede ýaragsyzlanmak proseslerine ähli taraplaýyn ýardam bermek, bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanly synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew dünýä derejesinde möhüm ýaragsyzlanmak meselesi boýunça maslahatyň Aşgabatda geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekýär.

“Ýer şaryny aman saklamak maksady bilen ýaragsyzlanmak boýunça halkara çäreleriniň bitarap Türkmenistanda geçirilmegine ýurtda buýsanç bilen garalýar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Syýasy bilermenler howpsuzlyk meselesiniň region üçin ähmiýetiniň soňky döwürde gitdigiçe güýçlenýänligine ünsi çekýärler.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan dünýäniň iň uly konflikt ojagy bolan Owganystan bilen serhetdeş regionda konfliktleriň “indi döräp biljek ojaklarynyň” hem bardygyny belledi.

Analitigiň pikirine görä, şu günki gün Merkezi Aziýa regionynda döwletara we etniki gapmagarşylyklaryň döremek howpundan daşary, olara daşarky güýçleriň goşulmagyna hem howatyrlanmalar bar.

Artýom Ulunýan regional döwletleriň şeýle howplara diňe ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim hökmünde garaman, regionda höküm sürýän režimlere hem howp hökmünde çemeleşilýänligini belledi.

“Türkmenistan häzir otly halkanyň içinde bolmasa-da otly ojaklaryň gapdalynda ýerleşýär. 30 ýyl bäri goňşy Owganystanda uruş dowam edýär. Region boýunça goňşy Gyrgyzystandaky soňky ýagdaý hem türkmenistanlylary alada goýýar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Bitaraplyk statusy

Resmi maglumatlarda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik we pozitiw bitaraplyk statusynyň Türkmenistana parahatçylygy dörediji aktiw hereketlerini alyp barmaga we bähbitli halkara dialogyny ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açýanlygy bellenýär.

Türkmenistanyň bitaraplyk statusy ýurduň syýasy we harby toparlara goşulmazlygyny, halkara meseleleriniň çözgüdi ugrunda güýç ulanmazlygyny hem-de konfliktlere goşulmazlygyny göz öňünde tutýar.

Ulunýanyň pikiriçe regionyň beýleki döwletlerine garanda az ilatly, çöllük, harby taýdan uly güýje eýe bolmadyk, emma ullakan tebigy baýlyklara eýe Türkmenistan üçin bitaraplyk halkara gatnaşyklarynda aýratyn statusa eýe bolmaga mümkinçilik berýär.

“Aşgabatda ýaragsyzlanmak boýunça halkara konferensiýasyny geçirmek bilen türkmen ýolbaşçylary, ýurduň islendik konfliktlere goşulmazlygyny ýene bir gezek nygtap, gapma-garşylyklara sebäp bolup biljek ýagdaýlaryň hem aradan aýrylmagyna taýýarlygyny mälim etmek isleýän bolmagy mümkin” diýip, Artýom Ulunýan belledi.

Gyrgyzystandaky wakalaryň täsiri

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan Gyrgyzystandaky durnuksyzlygyň hem regiondaky döwletleriň milli we regional howpsuzlyk meselesine ünsi artdyrmagyna itergi berenligini öňe sürýär.

Gyrgyzystandaky ýagdaý barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde maglumat berilmeýär. Emma Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalara Türkmenistanda uly gyzyklanma bildirilýänligini we ilat arasynda giňden pikir alşylýanlygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

A.Bugaýewiň sözlerine görä, bir tarapdan Gyrgyzystandaky syýasy öwrülişikler we halkyň öz pikirini beýan etmäge we öz hak-hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etmäge ukyby türkmen jemgyýetinde buýsanç döretse, başga bir tarapdan häzirki dartgynlylyk we dowam edýän zorluk Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda berk ýazgarylýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zonany döretmek ylalaşygyna goşuldy we soňky ýyllarda ýaragsyzlanmak, şeýle-de ýadro, himiki we köpçülikleýin gyrgynçylyga getirýän beýleki ýaraglary öndürmekden, saklamakdan hem öz giňişliginden geçirmekden el çekmek boýunça halkara dokumentleriniň ençemesine gol çekipdi.