ÝHHG-niň wezipeli işgäri Aşgabada barýar

ÝHHG-ebaştutanlyk edýän Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew Wenada, 14-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Häzirki wagtda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna baştutanlyk edýän Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew 23-24-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar eder.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki baştutany Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýewiň 23-nji iýunda Türkmenistana başlanýan resmi saparynyň gün tertibi belli boldy.

Kanat Saudabaýew Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, daşary işler ministri Reşit Meredow, parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşyk geçirer.

Gazak DIM-niň maglumatyna görä, Aşgabatdaky gepleşiklerde ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar maslahat ediler.

Žurnalistleri goraýjy “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň müdiri Elsa Widal ÝHHG we BMG ýaly iri halkara strukturalarynyň türkmen häkimiýetleri bilen gepleşiklerinde adam hukuklary meselesi ilkinji nobatda gozgalmaly problema diýip, hasap edýär.

Elsa Widalyň bellemegine görä, demokratik gymmatlyklara daýanýan halkara guramalary we Günbatar döwletleri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen geçiren gepleşiklerinde adam hukuklaryny berjaý etmegi ündemekde ýeterlik tagalla etmediler.

Emma muňa garamazdan, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Elsa Widal ÝHHG-niň ýolbaşçysynyň häzirki saparynyň dowamynda bu meseläniň hökman gozgaljakdygyny umyt edýär.

“Aşgabatdaky merkez gowşak”

1999-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Aşgabatda ÝHHG-niň merkezi hereket edýär. Bu merkez syýasy, harby, ykdysady, daşky gurşawy gormak, kanunlaryň berjaý edilmegi we adam hukuklary, demokratiýa we raýat jemgyýetçiligi, migrasiýa, ilat sany hem-de bilim ugurlaryndan iş alyp barýar.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezine ýerli ilat tarapyndan bolan ynamyň gowşanlygyny Türkmenistanyň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Aşgabatdaky merkeziň işgärleri Türkmenistanyň ýaşaýjylary bilen gowşak aragatnaşyk saklaýarlar, hususan-da, bu guramanyň kabulhanasynyň işgärleri adamlary edara goýbermezlik üçin tagalla edýärler.

“Ýaşaýyş jaý meseleleri, ýurtdan çykmak we ýurduň daşynda ýaşaýan garyndaşlarynyň Türkmenistana gelmegine degişli kynçylyklar bilen ýüz tutmaga synanyşýanlar ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasyndan goldaw tapanoklar” diýip, Bugaýew aýdýar.

A.Bugaýewiň sözlerine görä, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň şeýle hereketleriniň sebäbi onuň “ýurduň içerki işelerine gatyşmazlyk we türkmen häkimiýetleriniň göwnüne ýaramak” islegi bilen baglanyşykly.

Saparyň programmasy

ÝHHG-niň baştutany wezipesinde Gazagystanyň daşary işler ministriniň öňki sowet döwletleriniň käbirlerine saparynyň dowamynda ýurtlaryň oppozisiýa we raýat jemgyýetçilik wekilleri bilen hem duşuşyklarynyň bolanlygy habar berilýär.

Şeýle duşuşyklaryň Türkmenistanda hem geçirilmeginiň ähtimallygy häzirlikçe aradan aýyrylmaýar. Gazak DIM-niň metbugat wekili Ilýas Omarow Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Programma häzir tassyklanýar we oňa üýtgetmeleriň girizilmegi ähtimal. Häzirlikçe programmada graždan aktiwistleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulmaýar. Emma bu edil häzirki pursatdaky maglumat, saparyň gün tertibine üýtgetmeleriň girizilmegi adaty bir ýagdaý”.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasyndan Elsa Widal halkara jemgyýetçiliginiň we ilkinji nobatda Günbatar wekilleriniň Türkmenistanyň adam hukuklaryny bozmagyna aşa çydamlylyk görkezmeginiň sebäpleriniň düşnüksiz galýanlygyny belledi.

“Serhetsiz reportýrlar” guramasy Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ugrunda aktiw hereket edip gelýän guramalaryň biri. Elsa Widal Türkmenistanda raýatlaryň kanuny hak-hukuklarynyň berjaý edilmegi ugrunda takyk netijeler peýda bolýança guramanyň öz tagallalaryny dowam etdirmekçidigini aýtdy.

Türkmenistana saparynyň çäginde, 24-nji iýunda, ÝHHG-niň baştutany Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew Merkezi Aziýa we Hazar regionynda ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara konferensiýasyna hem gatnaşar.