Hytaý Halk Respublikasynyň resmi toparynyň Türkmenistana sapary boldy. Delegasiýa Hytaýyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy He Gotsýan baştutanlyk etdi.
18-nji iýunda Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň arasynda syýasy gepleşikler we ykdysady forum geçirildi, käbir dokumentlere gol çekildi. Taraplar iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem gyzyklanma bildirdiler.
Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý duşuşyklarynyň çäginde iki ýurduň parlamentara we syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine we aktiwleşmegine isleg bildirildi.
Hytaýyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy He Gotsýan Türkmen Mejliisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşdy. Bu duşuşykda parlamentara gatnaşyklaryň giňelmeginiň konstruktiw dialogyň berkidilmeginde zerur faktor bolup hyzmat edýänligi bellenildi.
Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Hytaý resmisi He Gotsýanyň Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşiniň birinji sekretary K.Babaýew bilen hem duşuşygy geçirildi. Taraplar partiýalaryň arasynda hem ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary aktiwleşdirmek teklibini öňe sürdüler.
Parlamentara dialog
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda parlamentara dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine goşmaça itergi berip biljek faktor bolup duranlygyny syýasy analitikler belleýärler.
Moskwanyň Halkara gatnaşyklar boýunça Döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Gündogary öwreniş merkeziniň bilermeni Leonid Gusewiň pikirine görä, Türkmenistan bilen energiýa taýdan hyzmatdaşlygyny ösdürýän Hytaý üçin, dünýä derejesinde gazanan ykdysady üstünlikleri bilen billekde syýasy täsirini hem berkitmek örän ähmiýetli mesele bolup durýar.
Hytaýyň “Sinhua” habar agentliginiň maglumatyna görä, Hytaýyň Aşgabada baran resmi toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistan bilen parlamentara hymatdaşlygyň giňelmeginiň gatnaşyklaryň ähli ugurlaýyn ösüşine täze itergi berip biljegini belledi.
Öz tarapyndan Akja Nurberdiýewanyň Türkmenistanyň parlamentiniň esasy maksadynyň ýurduň syýasy, ykdysady we sosial ösüşini kepillendirmekden ybaratdygyny nygtap, Türkmen Mejlisiniň Hytaýyň Milli Kongresi bilen aragatnaşyklaryny berkitmäge we bütewi ösüşe ýetmek ugrunda birek-biregiň iş stilini öwrenmäge taýýarlyk bildirenligini Hytaýyň “Sinhua” agentligi habar berdi.
Gündogary öwrenýän alym Leonid Gusew Hytaýyň syýasy sistemasynyň hasaba alnan birnäçe syýasy partiýalardan düzülen hem bolsa, iş ýüzünde bir syýasy partiýa tarapyndan dolandyrylýanlygyny belledi.
Leonid Gusew Hytaýyň syýasy gurluşynyň we häkimiýet başyndaky kommunistik partiýasynyň ýurdy dolandyrmak boýunça tejribesiniň Türkmenistany gyzyklandyrýan bolmagynyň mümkindigini çak etdi.
Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan Hytaýyň syýasy sistemasynyň aýratynlyklaryny belläp, häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýanyň syýasy we ideologik wezipelerinden daşary hojalyk funksiýalaryny hem ýerine ýetirýänligini, kararlary kabul etmekde we kadrlary çalyşmakda durnuklylyk, yzygiderlilik we mirasdüşerlik prinsiplerine eýerýänligini aýtdy.
“Özboluşly demokratiýa”
Syýasy bilermeniň Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň Hytaý bilen syýasy aragatnaşyklaryny ösdürmäge bildirýän taýýarlygy türkmen häkimiýetleriniň özboluşly usulda dolandyrylýan demokratiýa meňzeş bir syýasy sistema ýykgyn edýänligini çak etmäge esas döredýär.
Kommunistik partiýa tarapyndan dolandyrylýan Hytaý Halk Respublikasy dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen döwletleriniň üçlügine girýär. Ýurduň resmi maglumatlaryna görä, 2009-njy ýylda ýurduň döwlet girdejisi bir trillion dollardan ybarat boldy. Häzirki wagtda Hytaý ABŞ-nyň döwlet obligasiýalarynyň esasy satyn alyjylarynyň biri bolup durýar.
Şol bir wagtda-da Hytaýyň ykdysady ösüşi ýurduň ilatynyň durmuş derejesiniň ösüşini aňlatmaýar diýip, Artýom Ulunýanyň aýdýar. Onuň bellemegine görä, Hytaýda işsizligiň derejesi ýokary, aýlyklar pes, zähmet güýji örän arzan. “Bu faktorlar ýurtdaky diktatura bilen bilelikde Hytaýyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna belli bir derejede itergi berýär”.
Hytaýyň resmi toparynyň Türkmenistana saparynyň dowamynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ikinji liniýasyny gurmak meselesi hem maslahat edildi we ylalaşyldy.
18-nji iýunda geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň netijesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.
Şeýle-de Aşgabatda birinji türkmen-hytaý ykdysady forumy geçirildi. Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda Hytaýyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 37 kärhana işlerýär we umumy bahasy 4 milliard 164 million dollarlyk inwestision proýektler amala aşyrylýar.