Amerikan biznes wekilleri Aşgabatda boldular

«Exxon Mobil» kompaniýasynyň Hýustondaky edarasy.

Aşgbatda ilkinji türkmen-amerikan biznes forumy geçirildi. Bu çärä türkmen hökümetiniň wekilleri, 14-15-nji iýunda geçirilen ikitaraplaýyn ýyllyk syýasy konsultasiýalara gatnaşan ABŞ-nyň döwlet wekilleri we birnäçe iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda amerikan maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 63 kärhana işleýär. Umumy bahasy 1 milliard 659 million dollarlyk 110 şertnama hasaba alnan. Bu barada 16-njy iýunda Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan biznes forumynda yaglan edildi.

ABŞ bilen adatdaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi Türkmenistana maýa goýumlaryny aýrybaşga pudaklara gönükdirmek üçin mümkinçilik döredip, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine itergi berer diýlip garaşylýar.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky aragatnaşyklaryň iň perspekitw ugurlarynyň arasynda energiýa, dokma senagaty, himiýa senagaty, oba hojalyk önümleriniň önümçiligi, azyk senagaty we syýahatçylyk pudagy agzaldy.

Daşary we içerki syýasata täsiri

Resmi maglumatlarda forumyň türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň düýpli aktiwleşen döwründe geçirilýänligi bellendi. Synçylar türkmen-amerikan biznes gatnaşyklaryna iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir bölegi hökmünde garaýarlar.

Regional bilermen Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory Mehmet Seýfetdiniň pikirine görä, biznes gatnaşyklarynyň täsiri geljekde Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatynda duýular.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfetdin Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryny giňeltmek bilen, Türkmenistanyň Moskwanyň täsirini çäklendirmek isleýänligini öňe sürdi.

Orsýetiň ýokary ykdysady mekdebi atly Döwlet uniwersitetiniň Informasiýa, ykdysadyýet we syýasat fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew Orsýetiň Türkmenistana täsiri bar hem bolsa, onuň güýçli däldigini belledi.

Suzdaltsew GDA ýaly regional guramalardan çetde durmak syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň hökümetiniň köptaraply syýasaty ýöretmek bilen haýsy-da bolsa bir tarapyň täsiri astyna düşmekden saklanyp gelýänligini aýtdy.

Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegi ýurduň geljekde açyklyga tarap özgermegine we Günbatar jemgyýetine aralaşmagyna hem ýol açar diýip, hasap edýär.

Syýasy synçy Andreý Suzdaltsew Türkmenistanda daşary ýurtlylar bilen biznes kontaktlarynyň häkimiýete degişli syýasy toparlaryň garamagynda galýanlygynyna ünsi çekdi.

Ekspert Suzdaltsewiň pikirine görä, ýurduň ykdysadyýeti doly döwletiň golastynda galýarka, biznes gatnaşyklaryň giňelmeginiň ýurduň syýasy durmuşyna täsir ýetirjegine, jemgyýetiň demokratiýa taýdan özgerip, daşky dünýä bilen gatnaşyklaryň giňelmegine garaşmak kyn.

Biznesmenler Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Türkmen-amerikan biznes forumynyň yz ýany ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdylar.

Türkmenistanyň prezidenti bilen aýry-aýry geçirilen duşuşyklara «Exxon Mobil», «ConocoPhillips», «Chevron», «Boeing», «Honeywell International Inc», «Case New Holland, International SA», «Caterpillar», «John Deere», «General Electric» kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Türkmen-amerikan biznes geňeşiniň dolandyryjy direktory Erik Stýuart gatnaşdy.

Tejribeli amerikan kompaniýalary nebit-gaz ugrundan anyklaýyş, önümçilik we gaýtadan işlemek, şeýle-de ösen tehnologiýalaryň üstünde işlemek boýunça Türkmenistana öz tejribelerini we ösen tehnologiýalaryny bermäge taýýarlyk bildirdiler.

Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary, şol sanda ösen tehnologiýaly pudaklar üçin spesialistleri taýýarlamak boýunça-da hyzmatdaşlyk ediler.

Prezident G.Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary derejeli biznes wekilleriniň tebigy baýlyklara eýe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň ösýänligine begenýändigini we edilen tekliplere ünsli garaljakdygyny bildirdi.

Şu hepde Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýyllyk ikitaraplaýyn konsultasiýalar hem geçirildi. Konsultasiýalara ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar.

Duşuşyklarda Owganystandaky ýagdaýa, howpsuzlyk, energiýa, söwda-ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlyk maslahat edildi. Türkmen-amerikan konsultasiýalarynyň dowamynda adam hukuklary temasy hem gozgaldy.