Eýranda oppozision hereketiň birnäçe aktiwisti tussag edildi

Eýran häkimiýetleri “Mojahetddin-e Halk” oppozision hereketiň birnäçe aktiwistini tussag edendiklerini habar berdi. Olar Tähranda partlama gurnamaga synanyşykda aýyplanýar.

Ýörite gulluklaryň maglumatyna görä, şol partlama geçen ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen dawaly prezident saýlawlarynyň bir ýyllygyna gabatlap amala aşyrylmaly eken.

Eýranyň kontrrazwedka gullugynyň baştutany Haýdar Moslehi: “Tussag edilenler Beýik Britaniýanyň, Şwesiýanyň we Fransiýanyň kömeginden peýdalandylar” diýdi.

Düýn Ženewada BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň maslahatynda ABŞ, ÝB-niň agza ýurtlary hem ençeme beýleki döwletler Eýrany adam hukuklary boýunça alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Beýannamada geçen ýylky oppozisiýanyň gurnan protest aksiýalaryna gatnaşyjylaryň yzarlanýandygy üçin Eýran tankyt edilýär.