Türkmen-amerikan konsultasiýalary dowam edýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk ýyllyk ikitaraplaýyn konsultasiýalaryň açylyşynda cykyş edýär, 14-nji iýun, 2010-njy ýyl. Surata düşüren: ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy.

Şu günler Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýyllyk ikitaraplaýyn konsultasiýalar geçirilýär.
14-nji iýunda başlanan duşuşyklaryň Owganystandaky ýagdaýa, howpsuzlyk, energiýa, söwda-ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlyga gönükdirilýänligi habar berildi. Türkmen-amerikan konsultasiýalarynyň gün tertibinde adam hukuklary temasy hem bar.

Maslahatyň birinji güni taraplaryň arasynda Owganystandaky ýagdaý, howpsuzlyk we energiýa hyzmatdaşlygy maslahat edildi.

15-nji iýundaky maslahatda plana görä, ykdysady, sosial we adam hukuklary temalaryna garalýar. Bu barada 14-nji iýunda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowleý aýtdy.

Adam hukuklary meselesi türkmen-amerikan ýyllyk ikitaraplaýyn konsultasiýalarynyň we ABŞ-nyň resmi toparynyň Türkmenistana saparynyň öň ýany kesgitlenen gün tertibinde duran meseleleriň biri.

Aşgabatdaky duşuşyklarda garalan we indi garaljak meseleleriň arasynda energiýa hyzmatdaşlygy, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy, Owganystany durnuklaşdyrmak, ekstremizme, terrorçylyga we neşe söwdasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk hem bar.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady, şol sanda transport, oba hojalygy we ekologiýa hyzmatdaşlygy, şeýle-de bilim, ylym, saglygy saklaýyş we medeniýet ugurlaryndan ybarat gumanitar hyzmatdaşlyklaryň hem dowam edýändigi aýdylýar.

Adam hukuklary temasynyň maslahat ediljegi-edilmejegi türkmen metbugatynda we Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda agzalmady.

Näme üçin agzalmaýar?

“Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň” bilermeni John Makloud türkmen hökümetiniň, adatça, adam hukuklary temasynyň gozgalmagyndan we hatda onuň agzalmagyndan hem çetde durmaga çalyşýanlygyny belledi.

Ekspertiň pikirine görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti ýaly häzirki ýolbaşçysynyň hem ýurduň hemmetaraplaýyn abadançylygy barada pikir döretmek boýunça alyp barýan syýasaty, türkmen hökümetiniň daşary ýurtlar bilen öz içerki problemalaryny maslahat etmegine we kömek soramagyna mümkinçilik bermeýär.

“Sebäbi problemalaryň boýun alynmagy gülala-güllük syýasatyny puja çykarýar. Soňky ýyllarda yglan eden we amala aşyran reformalaryna garamazdan, Türkmenistan döwletiň berk gözegçiligindäki syýasy sistemaly ýurt bolup galýar” diýip, J.Makloud belledi.

Şol bir wagtda-da adam hukuklaryny goraýjylar syýasy açyklygyň ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin zerur şert bolup durýanlygyny belleýärler.

Adam hukuklarynyň ähmiýeti


“Türkmen helsinki fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, adam hukuklarynyň we raýatlaryň syýasy azatlyklarynyň berjaý edilmegi türkmen hökümetiniň ýurdy ösdürmek maksady bilen yglan edýän reformalarynyň netije bermegi üçin hem zerur.

“Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň” bilermeni J.Makloudyň bellemegine görä, Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtlar bilen gepleşiklerde adam hukuklaryna gezek gelende bu tema, adatça, formal derejede maslahat edilýär.

John Makloudyň sözlerine görä, ABŞ-nyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna tankydy garaýyşlary beýan edilýän hem bolsa, amerikan resmileri adam hukuklary temasyny gepleşiklerde beýleki meseleleriň düzüminde agzap geçýärler.

“Munuň sebäbi Türkmenistan bilen işleşmek isleýän ABŞ we beýleki Günbatar döwletleri türkmen hökümeti bilen gatnaşyklaryny kynlaşdyrmak islänoklar” diýip, J.Makloud aýdýar.

16-njy iýunda Aşgabatda türkmen-amerikan biznes konsultasiýalarynyň hem başlanmagyna garaşylýar.