Gyrgyz häkimiýetleri ýurduň ätiýaçdaky harby güýçlerini Jelalabat we Oş şäherlerine iberdi we esgerlere raýatlary goramak üçin ok atmaga ygtyýar berdi.
Soňky iki gün bäri Jelalabat we Oş şäherlerinde dowam edýän çaknyşyklar netijesinde azyndan 77 adamyň ölendigi habar berilýär.
11-nji iýunda Oş şäherinde we onuň golaýyndaky etraplarda çaknyşyklar başlandy. Bu dartgynlyklar 12-nji iýunda Jelalabat şäherine ýaýrady.
Habar agentlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, bulagaýçylyklar başlanany bäri 1000-e golaý adam ýaralanypdyr.
Associated Press agentligi Jelalabat şäherindäki bulagaý toparlaryň bir uniwersitet binasyny otlap, polisiýa bölüminiň jaýyny basyp alandyklaryny habar berýär.
AP agentliginiň aýtmagyna görä, etniki özbekleriň müňlerçesi dartgynly şäherlerden gaçýarlar, ol ýerlerde olaryň öýleri we iş ýerleri otlanýar.
Orsýetden kömek soraldy
Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Oş we Jelalabat şäherlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we ol ýerlere komentant sagadyny girizdi.
Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa “ýurdy durnuksyzlaşdyrmak isleýän içerki güýçler bar” diýip, žurnalistlere aýtdy.
Şenbe güni irden Otunbaýewa Oşdaky dowam edýän çaknyşyklar bilen baş alyp çykmak üçin Moskwa hat ýollap, kömek sorandygyny mälim etdi.
“Düýnden bäri ýagdaýlar gözegçilik ederden ýitileşip başlady. Bize Gyrgyzystandan başga üçünji tarapyň harby kömegi gerek” diýip, Otunbaýewa aýtdy.
Moskwa Gyrgyzystana ynsanperwerlik kömeklerini iberjekdigini aýtdy, emma häzirki şertlerde ors harbylaryny ibermejekdigini bildirdi.
“Bu içerki konflik we Orsýetiň bu dartgynlygy çözmäge gatnaşmagy üçin entek şertler döremedi” diýip, Kremliň metbugat wekili rus habar agentliklerine aýtdy.
Etniki dartgynlyk
Şeýle hem Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Oşdaky etniki çaknyşyklaryň öňüni almaga kömekleşmekleri üçin pensiýadaky harby we polisiýa işgärlerine ýüz tutdy.
Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysy Alişer Toksonbaýew şäherde şenbe güni hem ýarag sesleriniň eşidilendigini we ýaşaýjylaryň şäherden gaçýandygyny aýtdy.
“Şäheriň ähli ýerlerinde ýerli polisiýanyň böwet halkasy bar we olar žurnalistleriň geçmegine rugsat bermeýär, tutuş şäher gabawda” diýip, Toksonbaýew aýtdy.
11-nji iýundan bäri Oş şäherinde elektrik üpjünçiligi kesilen we jemgyýetçilik transportlary işlemeýär. Şäheriň bazary bolsa otlandy.
Şäherdäki ençeme ýaşaýyş jaýlarynyň we özbekleriň ýaşaýan raýonlaryndaky öýleriň bulagaýçylar tarapyndan otlanandygy habar berilýär.
Habarlara görä, ýerli gyrgyzlar bilen bu ýerde ýaşaýan kiçi bolmadyk etniki özbek toparlarynyň arasynda ýiti çaknyşyklar ýüze çykypdyr.
“Ýüzleri maskaly adamlar”
HRW –niň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Andrea Berg etniki özbeklere edilýän hüjümlere alada bildirdi we häkimiýetleri gyssagly herekete geçmäge çagyrdy.
“Geçen agşam meniň ýaşaýan ýerim asudady, emma tanyşlarym wokzalyň we keselhananyň töwerekleriniň elhençdigini aýdýarlar” diýip, Andrea Berg aýtdy.
Bergiň tanyşlarynyň oňa aýtmaklaryna görä, ýerli gyrgyzlardan ybarat bolmadyk içgili adamlar agzalýan raýonlara baryp adamlary öldürip gaýdýarlar.
“Özbekler hem ulaglarda hem pyýada Özbegistan serhedine tarap gaçýarlar. Maňa bu barada iki çeşmeden maglumat gowuşdy “ diýip, Berg aýdýar.
Wagtlaýyn hökümetiň resmileriniň aýtmagyna görä, Oş şäherine golaý gyrgyz-özbek serhet nokadynyň gyrgyz tarapy açyk.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Toksonbaýew “şäheriň içinde gezip ýören maskaly adamlar kän, olar hem gyrgyzlary hem özbekleri atýarlar” diýip, habar berýär.
“Olar gyrgyzça-da, özbekçe-de gowy gürleýärler. Şol sebäpli bu adamlaryň kimdigini kesgitlemek diýseň kyn” diýip, Alişer Toksonbaýew aýdýar.
Bişkek aladaly
Bu bulagaýçylyklaryň bir ujy paýtagt Bişkege-de baryp ýetdi. Ol ýerde ýüze çykan çaknyşyklar netijesinde 27 adam keselhana ýerleşdirildi.
Ýerli medianyň habar bermegine görä, paýtagtyň resmileri adamlary, esasan hem ýaşlary Oşa goýbermezlige çalyşýarlar.
Şenbe güni ençeme adam parlamentiň binasynyň öňüne ýygnandy. Olar günortadaky garyndaşlaryny goramaga gitmek üçin ulag berilmegi talap etdiler.
Wagtlaýyn hökümetiň resmileri ol adamlardan günortadaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak işini kanun goraýjy işgärlere goýmaklaryny soradylar.
Aprel aýynda öňki prezident Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirileni bäri Gyrgyzystanyň günortasyndaky ýagdaýlar durnuksyz.
Bakyýewi goldaýan iň uly toparlar ýurduň günorta regionlarynda ýerleşýär, häkimiýetden çetleşdirilen Kurmanbek Bakyýewiň asly şol ýerden.
Gyrgyzystanyň “günorta paýtagty” diýlip atlandyrylýan Oş şäheriniň ilat sany 220 müň adam. Bu şäher Gyrgyzystanyň ikinji iň uly şäheridir.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
11-nji iýunda Oş şäherinde we onuň golaýyndaky etraplarda çaknyşyklar başlandy. Bu dartgynlyklar 12-nji iýunda Jelalabat şäherine ýaýrady.
Habar agentlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, bulagaýçylyklar başlanany bäri 1000-e golaý adam ýaralanypdyr.
Associated Press agentligi Jelalabat şäherindäki bulagaý toparlaryň bir uniwersitet binasyny otlap, polisiýa bölüminiň jaýyny basyp alandyklaryny habar berýär.
AP agentliginiň aýtmagyna görä, etniki özbekleriň müňlerçesi dartgynly şäherlerden gaçýarlar, ol ýerlerde olaryň öýleri we iş ýerleri otlanýar.
Orsýetden kömek soraldy
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar