Häzir Germaniýada şeýle bir ýiti diskussiýa başlandy, bu jedel belli bir derejede Türkmenistan bilen hem baglanyşykly diýse bolar. Ýöne şeýle diskussiýany şu günki Türkmenistanda göz öňüne getirmek kyn.
Bu ýerde gürrüň Gündogar Germaniýanyň Döwlet howpsuzlyk ministrliginiň jaýynyň soňky ykbaly barada barýar. Şol edara öz wagtynda ŞTAZI diýlip atlandyrylýardy.
Häzir Ministrligiň Berlindäki ştab-kwartirasynda öz döwründe juda kuwwatly, diýdimzor kommunistik režimiň gizlin polisiýasynyň muzeýi ýerleşýär. Muzeýe adam hukuklaryny goraýjylaryň bir topary ýolbaşçylyk edýär.
Muzeýiň direktory Ýorg Drizelman Gündogar Germaniýanyň döwlet howpsuzlyk ministrliginiň ýanyndaky türmäniň ýesiri bolupdyr. Drizelman hem onuň tarapdarlary häkimiýetleriň bu jaýy düýpli remont etmek kararyna diş-dyrnak garşy çykýarlar.
Olar bu jaýyň german halkynyň diktaturadan çeken jebirleriniň ýatlamasy hökmünde milli ýadygärlik bolup saklanyp galmagyny isleýärler. Jaý bejerilse, durky täzelense, ýurtda mejbur ediji öňki apparatyň hakyky keşbi ýitip, ýok bolup gider.
Merkezi Ýewropanyň kommunistik bloguna giren ýurtlarda režimiň ýykylmagy bilen jemgyýetde olara degişli jedeller, çekişmeler ýitileşip, bu ýagdaýa üns güýçlendi. Gündogar Germaniýada, ozalky Çehoslowakiýada, Wengriýada, biraz soňra blogyň beýleki ýurtlarynda-da diktaturanyň esasy sütünleriniň biri hökmünde ýörite gulluklar ýatyryldy.
Şol ýurtlarda “Kommunistik režim bilen hyzmatdaşlyk eden adamlar ýolbaşçy wezipeleri eýelemeli däl” diýen kanun kabul edildi. SSSR-den ilkinjiler bolup bölünip aýrylan pribaltika respublikalary-da Kommunizmden daşlaşmak prosesini alyp göterdiler. Ýöne köp sebäplere görä, postsowet giňişligindäki ýurtlaryň galany bu prosese goşulmakdan ýüz öwürdiler.
Gündogar Germaniýa we Türkmenistan
Gündogar Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda nähili meňzeşlikler bar? Soňky 70 ýylda bu ýurtlaryň ikisi-de bärsinden iki diktaturany başdan geçirmeli boldular.
Gündogar Germaniýa ozal faşizmiň, ondan soň kommunizmiň hupbatyny egninde çekdi. Türkmenistan SSSR-iň düzüminde hukuksyz respublika bolupdy. Gyzyl imperiýa dargandan soň, türkmenler başga bir mergä - Nyýazowçylyk režime uçradylar. Ol şahsyýet kulty bilen bagly rehimsizligi hem gazaplylygy, zalymlygy bilen hatda kommunistik režimdenem elhenç bolup çykdy.
Gündogar Germaniýadaky ýaly sowet döwrüniň ýörite gulluklary ýok edilmekden-ä geçen, şol gulluklar diňe bir adama - Türkmenbaşa tabyn edildi. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi totalitarizmiň muzeýine öwrülmedi-de, totalitar režimiň täze serdarynyň hususy ýaragyna öwrüldi. Saparmyrat Nyýazow şol ýaragy dolulygyna öz şahsyýet kultuny döretmek üçin ulandy.
Terror arkaly jemgyýetde gorky döretmek hem ony adamlaryň kalbynda ymykly ornaşdyrmak organlaryň gündelik işine öwrüldi. Türkmenbaşizm ideologiýasynyň guraly hökmünde Milli howpsuzlyk ministrligi ilatyň ähli gatlaklaryny, çagalardan gojalara çenli hemmeleri yzygiderli diňlemek, yzarlamak işini üstünlikli alyp bardy.
3 ýyl geçdi
Jemgyýeti bogýan, demikdirýän bu ägirt uly enjam S.Nyýazow ölenden soň miras hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowa geçdi. Käbir halkara synçylaryň tassyklamalaryna görä, onuň özi şol sistemanyň zamuny bolupdyr.
Şol garaşlylykdan halas bolmaga Berdimuhamedowyň özi synanyşyp bir gördümikä? Bu şu wagta çenli näbelliligine galýar. Ýa-da ol şeýle bolaýmalydyr ödýärmikä?
Türkmenbaşynyň dünýäsini täzelänine üç ýarym ýyl töweregi geçenem bolsa, Türkmenistan ýer togalagynyň iň repressiw režimleriniň arasynda galýar. Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar repressiw režimiň öz ýaşaýşyny, işini edil öňküsi ýaly dowam etdirmeginde esasy roly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň oýnaýandygyny aýdýarlar.
Howpsuzlyk gullugy – çekistler sistemasy kommunizm zamanynda totalitar režime hakyky wepalylygyny görkezipdi. Bu sistema postkommunistik režimde-de şol öňki gylygyna görä ýaşamagyny dowam etdirýär.
Türkmen howpsuzlyk gulluklarynda ýygnalan tejribedir eksponatlar bir muzeýe sygardan köp. Ýöne esasy mesele – totalitar režimiň janly ýadygärligi hökmünde tomaşa etmegi üçin şol eksponatlar halka haçan görkeziler?
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.