Penşenbe güni Daşkentde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň ýyllyk sammiti öz işine başlady. Duşuşyk iki gün dowam eder.
Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Orsýetden ybarat bu toparyň soňky döwürlerde geçirýän ýygnaklarynda esasy tema, umuman aýdylanda, Owganystan bolup durýar.
Agzalýan toparyň nobatdaky sammitiniň dowamynda bolsa öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň hökümeti häkimiýet başyndan çetleşdirilenden soň, Gyrgyzystandaky syýasy durnuklylyk hakda hem pikir alşylar.
Neşe gaçakçylygyna garşy göreş, bilim, medeniýet we kanun meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy artyrmak barada hem pikir alşylmagyna garaşylýar.
Emma esasy gürrüň bu Guramanyň agzalary bolan Orsýet bilen Hytaýyň özara gatnaşygy barada bolar. Bu iki ýurduň gatnaşygynyň soňky döwürlerde haýallyk bilen sessiz-üýnsüz erbetleşip barýanlygy we munuň Merkezi Aziýa uly täsir ýetirmeginiň mümkindigi aýdylýar.
Düýbi Londonda ýerleşýän “Chatam House” atly guramanyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy James Niksy bu dartgynlygyň döremegine agzalan iki ýurduň hem Merkezi Aziýa bir jähtden garamagynyň sebäp bolýanlygyny aýdýar.
Londonly synçynyň sözlerine görä, Hytaý bilen Orsýet Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýerasty baýlyklaryň baý çeşmesi hökmünde garaýarlar.
"Gündogaryň NATO-sy"
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy 1996-njy ýylda döredildi. Onuň maksady Hytaý bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň arasynda ynam döretmekden ybaratdy.
Bu topara agza ýurtlar ilki başda özara serhet araçäklerine golaý ýerleşýän esgerlerini şol ýerden uzaklaşdyrmagy özara maksat edindiler, soňra olar öz güýçlerini özara ykdysady we söwda gatnaşyklary artdyrmaga ugrukdyrdylar.
Ikinji çeçen urşundan soň Merkezi Aziýada yslam hereketleriniň güýçlenmegi we 1990-njy ýyllarda Hytaýyň Uýgur regionynda syýasy awtonomiýa ugrundaky göreşiň artmagy Guramanyň hemişelik gün tertibine howpsuzlyk meseleleriniň hem girizilmegine getirdi.
Özbegistanyň bu Gurama agza bolmagy Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyny regional howpsuzlyk toparyna öwürdi we soňra oňa gündogaryň NATO-sy hökmünde baha berlip başlandy.
Londonly synçy Niksynyň aýtmagyna görä, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň hyzmatdaşlyk boýunça maddasynyň ähmiýeti soňky döwürlerde pese gaçdy.
James Niksy şeýle diýýär: “Elbetde, howpsuzlyk bilen bagly madda Guramanyň gün tertibinde galmaklygyny dowam etdirýär, emma bu esasy punkt däl, sebäbi häzirki döwürde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy Orsýet bilen Hytaý üçin öz täsirini artdyrmagyň guraly bolup hyzmat edýär”.
Niksynyň aýtmagyna görä, eger bu guramanyň maksady howpsuzlyk bolan bolsady, onda agza ýurtlaryň arasynda şertnamalara gol goýlardy, has köp harby türgenlenşikler geçirilerdi, gizlin maglumatlar alşylardy, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar tarapyndan täze harby taglymatlar ýaýradylardy, emma beýle zatlar göze ilenok.
Gabanjaňlyk we bäsdeşlik
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, elbetde, harby maşklar hem geçirdi, emma 2007-nji ýylda geçirilen harby türgenleşik, agzalýan gurama tarapyndan gurnalan iň soňky şeýle çäre boldy.
Ýöne, muňa garamazdan, Hytaý Merkezi Aziýada gaty aktiw sýyasat alyp barýar. Hytaý regionda esasanam maýa goýum we energiýa eksporty ýaly proýektler bilen gyzyklanýar.
Bu ýagdaý soňky iki ýylyň dowamynda hasam göze dürtülýär, sebäbi Orsýetiň ykdysady krizisden ejir çekýän wagtynda Hytaý Merkezi Aziýada, esasanam nebite baý Gazagystanda we gaza baý Türkmenistanda öz täsirini ep-esli artdyrdy.
Niksynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaýa häzir Kreml göz ýetirip ugrady we ruslar Günbatardan däl-de, Hytaýdan has köp alada edýärler.
“Ruslar özleriniň Günbatardan alada edýänligini, NATO-nyň öz howpsuzlygyna uly wehimdigini aýdýarlar. Olar Waşingtonyň Merkezi Aziýada täsirini artdyryp barmagyndan alada galýanlygyny hem aýdýarlar” diýip, Niksy belleýär.
Emma Niksynyň aýtmagyna görä, ruslar ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň wagtlaýyndygyna düşünýärler. “Ýöne Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsiri uzak möhletleýin, hatda hemişelikdir”.
“Eger Orsýetiň täze harby taglymatyna seretseňiz, şol ýerde Hytaýyň ady agzalmaýar, emma açan-açan bolmasa-da şol dokumentde Hytaýyň adyny görmek mümkin. Şol dokumentde Günbataryň we NATO-nyň adyny Hytaýyňky bilen çalyşsaň, ýerine düşüp dur. Paýhasly ruslar regionda Hytaýyň roluna göz ýetirip, bu barada çynlakaý pikirlenip başladylar” diýip, Niksy aýdýar.