7-nji iýunda Aşgabatda gol çekilen dokument Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň arasynda 2001-nji ýylyň sentýabrynda baglaşylan neşä gözegçilik we tertip-düzgüni goramaga ýardam baradaky Ylalaşyga girizilen üçünji goşmaçadyr.
Täze dokumente Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary we daşary işler ministri Reşit Meredow, ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwia Rid Kurran gol goýdy.
Türkmen we amerikan resmileriniň arasynda gol çekişilen dokument neşä gözegçilik we tertip-düzgüni goramak boýunça bu ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan häzirki gatnaşyklary uzaldýar.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda bellenmegine görä, täze baglaşylan Goşmaça ylalaşyk ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna täze ugur hem berýär.
Hyzmatdaşlygyň täze ugry
Goşmaça ylalaşyk “Kriminalistler hem derňewçiler” proýektini döretmek we goldamak üçin goşmaça maliýe üpjünçiligini göz öňünde tutýar.
“Kriminalistler hem derňewçiler” proýekti kriminalist-bilermenler we Türkmenistanyň neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň derňewçileriniň arasyndaky aragatnaşygyň güýçlendirilmegine gönükdirilýär.
“Kriminalistler we derňewçiler” proýekti Türkmenistanda sud laboratoriýasyny ösdürmek boýunça proýekte hem neşä garşy göreş proýektine degişli tagallalaryň dowamydyr.
Bu täze proýektiň çäginde amerikan bilermenleri, ilkinji nobatda-da Neşä garşy göreş edarasynyň ekspertleri, subutnamalary toplamak, jenaýat edilen ýerde derňew geçirmek we sud ekspertizasy boýunça ýörite kurslary ýola goýarlar.
Proýekt neşa garşy göreş boýunça bölümlere zerur esbaplaryň we gurallaryň berilmegini hem göz öňünde tutýar. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.
Halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti
Türkmen hökümetiniň soňky döwürde bu meselä ünsi artdyrmagynyň käbir takyk netijeleri peýda bolup başlady.
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin ýurtda neşe söwdagärlerine garşy alnyp barylýan göreş netijesinde neşe maddalarynyň möçberi azalyp, onuň bahasynyň ençeme esse gymmatlanlygyny aýtdy.
Neşe problemasy Türkmenistan üçin örän agyr meseleleriň biri bolup durýar. Ýurtdaky neşe söwdasy we neşekeşlik derejesi barada resmi sanlar köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýän hem bolsa ýurtda neşekeşligiň giňden ýaýranlygy habar berilýär.
Tuhbatullin ýurtda neşekeşleriň sanynyň köpdügini bellemek bilen türkmen hökümetiniň olary bejermek we neşekeşligiň öňüni almak boýunça profilaktiki çärelere çynlakaý girişip, bu ugurdan hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürjegine umyt baglady.
Türkmenistan neşä garşy göreş alyp barýan regional gurama bolan Merkezi Aziýanyň regional koordinasion habar merkeziniň agzasy, BMG-niň Neşä garşy edarasy bilen hem hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Wezipeden hyýanatçylykly peýdalanyş
Türkmenistanyň kanuny goraýjy edaralarynyň käbir ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň neşe söwdasyna gatnaşygynyň bardygy 11-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda mälim edildi.
Käbir bilermenler Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik sistemasynyň ýapyklygy kanuny goraýjy organlaryň neşe gaçakçylygyna baş goşmagyna garşy göreşi kynlaşdyrýar diýip, pikir edýärler.
Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan Türkmenistanyň Milli howpsuzyk we Içeri işler ministrlikleriniň işlerine jemgyýetiň gözegçilik etmegine mümkinçiligiň ýoklugy bikanun işlere baş goşýan ýolbaşçylaryň jogapkärçilikden sypmagyna ýol berýär diýýär.
Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň Ahal welaýaty boýunça edarasynyň başlygy öz işindäki kemçilikler we neşä garşy göreşde gözegçiligi üpjün etmänligi sebäpli wezipesinde boşadyldy.
Türkmenistanyň Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugy 2008-nji ýylda döredilipdi.