1-nji iýunda, belli rus şahyry Andreý Woznesenskiý 77 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ölen gününi rus intelligensiýasy Çagalary goramagyň halkara güni bilen baglanyşdyrdylar. Sebäbi islendik şahyr owaly bilen çaga hasaplanýar.
Woznesenskiý örän tanymal, uly abraýa eýe bolan ynsandy. Bu at bilen sowet medeniýeti berk baglanyşyklydyr. Aýratynam XX asyryň ikinji ýarymyndaky poeziýa onuň ýetiren täsiri hem täzeçilligi çäksiz ýiti boldy. Ol Türkmenistanda-da uly şahyr hökmünde tanalýardy hem hormat bilen okalýardy.
Woznesenskiý Moskwada 1933-nji ýylyň 12-nji maýynda dünýä inipdi. On dört ýaşynda ilkinji ýazan goşgularyny Boris Pasternaga okamaga iberipdi. Soňra ol beýik şahyr bilen tanyşdy, bu dostluk onuň ömrüne ýiti täsir etdi.
1957-nji ýylda Moskwanyň Arhitektura institutyny tamamlady. 1958-nji ýylda bolsa şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy çap boldy. Onuň lirikasy aşa okgunlylygy, sese baýlygy hem kesginligi bilen tapawutlanýardy. Ol sungatyň awangard usulyna güýçli ýykgyn edýärdi.
1963-nji ýylda Kremlde Nikita Sergeýewiç Hurişýow döredijilik intelligensiýa wekilleri bilen duşuşanda, şahyry berk tankytlady. “Bar, ýok bol, jenap Woznesenskiý! Öz hojaýynlaryň ýanyna git” diýip, oňa gygyrypdy.
Bu dawa ABŞ-yň şol döwürdäki prezidenti Kennedi goşulyşyp, şahyra abanýan howpy birneme azaldypdy. Ýöne hiç wagtda şahyra erkinlik bolmady. Ol hem dogry sözi aýtmakdan, öz sagdyn pikirini beýan etmekden çekinmedi.
1978-nji ýylda bolsa SSSR-de senzurasyz çap edilen “Metropol” almanahyny döretmäge gatnaşyjylardan biri boldy. Ol almanahda eserleri çykan awtorlaryň köpüsine soňy bilen Kommunistik liderler örän ýowuz daraşdy.
Woznesenskiý bütin ömrüne Moskwada hem Moskwanyň etegindäki Peredelkino ýazyjylar obasynda ýaşady. Peredelkinoda ol Boris Pasternagyň duldegşir goňşusydy. Şonuň üçinem her ýylda iki gezek, Pasternagyň doglan hem ölen günlerinde ol ýerde geçirilýän poeziýa okaýyşlaryny gurnamaga gatnaşdy.
Onuň goşgularyna Wladimir Wysotskiý aýdym döredip adypdy. “Million elwan güller” aýdymyny bolsa SSSR-iň çäginden daşarda-da köpler tanaýardy.
Andreý Woznesenskiniň kitaplary türkmen dilinde çykmasa-da, ol türkmenleriň arasynda uly meşhurlyga eýedi. Kerim Gurbannepesow dünýä
Şahyrlar iki topara bölünýär: halk üçin ýazýan şahyrlar hem şahyrlar üçin ýazýan şahyrlar. Boris Pasternak bilen Andreý Woznesenskiý şahyrlar üçin şahyr.
Hakykatdanam, bu şahyr bizde täzeçe, barlyşyksyz hem ýiti poeziýanyň döremegine sebäp boldy. Woznesenskiniň göreldesine eýeren Annasoltan Kekilowany hem Paýzy Orazy aýratyn ýatlamak gerek. Gurbannazar Ezizowa, Annaberdi Agabaýewe hem Italmaz Nuryýewe onuň täsiri ýiti boldy. Muny Bapba Gökleňiň poeziýasynda has aýdyň görüp bolýar. Ol ýazyjylar Tirkiş Jumageldiýewe hem Akmyrat Şire-de täsir ýetirdi diýip bolar.
Andreý Woznesenskiniň zehini köptaraplydy. Ol özboluşly postmodernist hudožnikdi. Onuň kartinalarynyň sergisi dünýäniň dürli künjeklerinde guralypdy.
Woznesenskiý dünýä medeniýetini rus diline terjime etdi. Ol medeniýeti goraýjydy. SSSR-de Perestroýka başlananda, Medeniýet fondunyň dörmeginde onuň hyzmaty boldy.
Woznesenskiý ägirt uly hyzmaty bilen diňe rus halky üçin däl, eýsem adamzat medeniýetini söýýänleriň barysy üçin nusga alarlyk iş bitirdi.
Andreý Woznesenskiden baý medeni miras galdy.
Andreý Woznesenskiden terjimeler
Rusçadan türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban
Syn etseň
Görseň, başyna gören deý,
örňäp, ösüp barýandyr şer.
Şükür, başy ölümli biz,
baryn görmä ýetmez ömür.
Baksaň, gunça açyp, parlap,
gül örter zeminiň ýaryn.
Şükür, başy ölümli biz,
zaýalap bilmeris baryn.
Şahyr bolman bolar
Şahyr bolman bolar, ýöne,
düşün şuňa çatsa bognuň;
çydap bolmaz çygyrşyna, --
gapy gapjan nur zolagnyň.
Öz-özüňi aklama
Öz-özüň aklamak hökman däl, jübüt
maýmyn däl biz, ýedi dürli öwüsýän.
Aklyň çatmaz oňa näme diýjegňe.
Jan-jiger bilýär-ä baryn,
näme düşündirjek oňa?
Düýş
Bizi ýene duşurdy ýol,
ýük maşyny aldy durup.
Ýene yşka uzatdyk gol,
meni tanamadyň görüp.
Soň meni äkidip öýňe,
ýene-de jan sardyň jana.
Ýyllarboýy ýaşaşsagam,
sen meni bilmediň tanap.
Andreý Woznesenskiden iki goşgynyň erkin terjimesi
Terjime eden Şiraly Nurmyrat
* * *
Sähermi, gündizmi, agşammy, gije,
Düýn ölmedigime edýän men şükür.
Şemiň ujun çyrpdy duşman güllesi,
Bu gün minnetdaram mukaddes däbe,
Dogandan arzyly deňeçer rakyp,
Düýn ölmedigime edýän men şükür.
Düýn ölmedigime edýän men şükür,
Meniň bagym hem köneje eýwanym,
Ýa düýnki bolardy, ýa-da öňňünki,
Burk urýan ot gül açardy ir bilen.
Günä, sen her gadar bolsaňam güýçli,
Hiç haçan girmezdiň meniň ömrüme,
Göýä meniň bar günämi bagyşlap,
Jady bilen tämizlediň öýümi.
Bilmezdim, sen ne päkize sabada!
Nätanyş bir erkek oýarýar seni,
Eýsem, muňa bormy akyl ýetirip!
Düýn ölmedigime edýän men şükür.
Utulmak – gara don, gutardy hasap,
Hüňürdemän okamaly hökümi,
Noldan başlamaly Brumel kimin,
Düýn ölmedigime edýän men şükür.
Gün-guzeran – uýamyza çalymdaş,
Ýat bolsady geň-enaýy ýalňyşlar,
Durmuş welin meňzeş söýgülimize,
Düýn ölmedigime edýän men şükür.
Duşmançylyk dürs däl, jadyňky dogry,
Belki, ertir «Seňki boldy!» diýerler,
Şadyýan galamdan çykar jumläni:
«Düýn ölmedigime edýän men şükür».
* * *
Nämüçindir, baky söýgiň jarçysy,
Bir-birinden beýik ol iki şahyr,
Goşa nagan kimin gözün gyrpanok?
Kapyýa dostlaşýar, adam welin – hiç...
Iki beýik millet, gör, bak, nämüçin,
Kislorodyň yrga çadyry asta,
Ýetip barýar urşa ýakyn derejä,
Adamlar dostlaşýar, döwletlerem – hiç...
Goşa döwlet – söýgi uçin beslenen,
Iki sany agyr penjä öwrülip,
Gör, ne belalara uçran Zeminiň,
Daşdan gaty maňlaýyny mynçgaýar!