Ysraýyl halkara komissiýasynyň derňewine garşy

Düýn Ysraýylyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Maýkl Oren geçen hepdäniň başynda Ysraýylyň harbylarynyň Gaza Sektoryna barýan gumanitar gämä eden hüjümleri boýunça haýsydyr bir halkara komissiýasynyň derňew geçirmegine Ysraýylyň garşydygyny aýtdy.

Amerikan telewideniýesine beren interwýusynda Maýkl Oren bu waka boýunça derňew geçirmek üçin Ysraýylyň özünde doly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Şeýle hem, ol bu bolan waka üçin Ysraýylyň Türkiýeden ötünç soramajakdygyny-da belledi.

Geçen hepdäniň duşenbe güni Ysraýylyň harbylarynyň amala aşyran bu hüjüminde gämidäki graždan işgärlerden 9-sy öldürilipdi. Olardan aglabasy Türkiýäniň raýatlary.

Türkiýäniň häkimietleri bu bolan waka boýunça halkara wekilleriniň gatnaşmagynda düýpli derňewleriň geçirilmegine çagyryş etdiler.