IIM: Gutlaglar we hasabatlar çapraz gelýär

Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň güni mynasybetli geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti hem IIM-niň ýolbaşçylary birek-biregi gutladylar. Ministrlik howandarlyk üçin prezidente minnetdarlyk bildirdi, prezident içeri işler organlaryny geljege ruhlandyrdy.
Has ynamdar hem saldamly bolar ýaly prezidentiň metbugatda çap edilen gutlagynyň soňunda G.Berdimuhamedowyň ähli at-derejesi sanalypdyr. Onuň ýokary Baş serkerdeligi-de, goşun generaly diýen çini-de unudylmandyr. Gutlag hatynda prezident ýurduň Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň missiýasynyň ähli zerurlykdyr möhümligini sanap geçipdir.

Ýüzlenmede däp bolup gelýän, her sapar gaýtalanýan propagandistik jümleler ýene-de öz ýerinde: IIM-niň işgärleri graždanlaryň rahatlygyny goraýarlar, Türkmenistanyň şu günki görlüp-eşidilmedik ösüşlerinde, ýurtda amala aşyrylýan özgerişleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynda Içeri işler organlarynyň işgärleriniň-de paýy bar.

Biraz soň prezident ministrligiň işiniň özboluşly aýratynlyklaryna geçýär hem ministrligiň işgärleriniň arman-ýadaman kanunçylygyň hem tertip-düzgüniň saklanmagyna gözegçilik edýändiklerini belleýär. Ýöne ministrligiň işi bilen bagly garaşylmadyk sowgatlary durmuş häli-şindi orta oklaýar, olary sahawatly ýa peýdaly diýip atlandyrmak mümkin däl.

Ýakynda prezidentiň hut özi IIM-ni korrupsiýada aýyplady. Olaryň alyp barýan esasy işleriniň biri – neşe maddalarynyň ýaýradylmagyna garşy göreş bolmaly. Ýöne ministrligiň ýokary derejeli işgärleriniň bir topary neşe söwdagärlerine garşy göreşmeden geçen, şol söwdagärler bilen hyzmatdaşlyk edip, öz jübülerini gabardypdyrlar.

Amnesty International tankytlaýar

Türkmenistanyň IIM-niň işi barasynda has ýiti tankydy materiallary adam hukuklaryny goraýan Amnesty International guramasy çap etdi. Guramanyň dünýäde, şol sanda Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmalary baradaky hasabatyny ýaýradan wagty G.Berdimuhamedowyň ýurduň Içeri işler organlaryny gutlan wagtyna gabat geldi.

Amnesty International guramasy tas 50 ýyl bäri dünýäde adam hukuklary meselesine syn edip gelýär. Gurama soňky hasabatynda-da demokratik dünýäniň prinsiplerine we standartlaryna esaslanýan talaplaryny gowşatmandyr.

Halkara habar agentlikleriniň maglumatyna Amnesty International guramasynyň hasabatynda Türkmenistanda adamlaryň zorluk arkaly gürüm-jürüm edilişi, başgaça pikirlenýänleriň depesinden basylyşy, din azatlygynyň bozulmalary ýaly ýagdaýlar, şeýle-de wyždan ýesirleri barasynda habarlar bar.

Amnesty International guramasynyň çürt-kesik berýän bahalary prezidentiň gutlag hatyndaky pikirlere çapraz gelýär. Türkmenistanyň IIM-i ýurtdaky iň uly güýç ulanyjy gurluşlaryň biri bolmak bilen ol her gün praktikada birgiden işleri ýerine ýetirýär, şol işleri we ýurtdaky döwlet sistemasyny dünýäniň adam hukuklaryny goraýan guramalary ýazgarýarlar.

Resmi propaganda badyhowa hem owadan jümleler bilen daşarky dünýä üçin äşgär zatlaryň üstüni basyrmaga çalyşýar. Amnesty International guramasynyň aýdyşy ýaly, adamlarda gorky döredýäni öwüp ýa ony arşa göterip bolmajagyna diňe daşarky dünýäde däl, ýurduň öz içinde-de göz ýetirýärler.

Gorky – bu baýramçylyk däldir. Ol agyr ýükdür, eger ony mejbury belleýän hem bolsalar, ol ählihalk betbagtçylygy hökmünde bellenýändir.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.