Parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça Owganystanda geçirilýän maslahat çarşenbe güni öz işine başlady. Bu çäre üç gün dowam eder.
“Jirga” diýlip atlandyrylýan bu gurultaý tire-taýpalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ylalaşmazlyklary çözmek boýunça Owganystanda gadymdan bäri geçirilip gelinýän iň täsirli maslahatlardan biridir.
Bu gezek owganlylar şol köne usul bilen häzirki döwrüň problemalaryny çözmäge synanyşarlar.
Ýerli tire-taýpalaryň biriniň öňbaşçysy Gulam Jilani hökümete garşy çykýan “doganlarymyzy” öz hatarlarymyza getirmäge bu ýygnagyň uly goşant goşjakdygyna umyt edýärin diýdi.
Gulam Jilany mundan beýläk weýrançylygyň öňüni alyp, ýurdy täzeden gurmak işine başlap bilerleri ýaly, doganlarynyň özleri bilen barlyşmagyny isleýändiklerini aýdýar.
“Kabulda geçirilýän bu ýygnagy ikelläp goldaýanlygymyzy aýdasym gelýär. Biz bu ýygnagyň netijesiniň yslamy ýaýbaňlandyrmak we ýurdy gaýtadan dikeltmek boýunça gowy netije bilen tamamlanjakdygyna ynanýarys” diýip, Gulam Jilany ynam bildirdi.
Üç gün dowam etjek bu ýygnaga 1600 töweregi delegatyň gatnaşmagyna garaşylýar, delegatlardan bäşden bir böleginiň zenanlardan ybarat boljakdygy aýdylýar.
Delegatlar talyp toparynyň ýönekeý agzalaryny günä geçişlik yglan etmek arkaly halk arasyna goşmak we olara iş mümkinçiligini döretmek boýunça prezident Karzaý tarapyndan hödürlenen plan barada pikir alşarlar.
Bu planyň parahatçylyk boýunça taslamasyna görä, söweşiji toparlaryň ýolbaşçylaryna ýaraglaryny taşlan halatynda syýasy wezipeler hödürlener, eger isleseler, olara beýleki musulman ýurtlarda bosgunlykda ýaşamaga-da ýol berler.
Şübheler hem bar
Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça wekili Wygaudas Usakas Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu tagalla ÝB-niň, ABŞ-nyň, NATO-nyň we halkara jemgýyetçiliginiň goldaw berýänligini aýtdy.
Emma Wygaudas Usakas Owganystandaky dartgynlylyk we böwetler göz öňünde tutulanda, parahatçylyk boýunça bu ýygnak tiz netije berer öýdüp garaşmaýandyklaryny hem belleýär.
Usakasyň aýtmagyna görä, bu çäre prosesiň başlamagyna ýol açar we parahatçylyk boýunça geljekde geçiriljek tagallalar barada mehanizm döreder. “Şonuň üçinem biz owganlylar tarapyndan orta atylan we parahatçylyk boýunça alnyp barylýan bu inisiatiwany doly goldaýarys”.
Emma owganystanly garaşsyz synçylar bu barada dürli soraglary orta atýarlar. Owganystanly synçy Muhammad Ýunus Fakur halkyň parahatçylyk isleýänligine garamazdan, bu ýygnaga gatnaşyjylar barada şübheleriň bardygyny aýtdy.
Fakuryň aýtmagyna görä, bu ýygnaga gatnaşmak üçin çagyrylanlaryň ählisi hökümete ýakyn adamlar ýa häzirki syýasy sistemanyň agzalary, hökümetiň alyp barýan käbir işlerini tankyt edýänler bolsa bu ýygnaga çagyrylmandyrlar.
Fakur aýratynam halkyň bu ýygnagyň gün tertibi barada we edilmeli iş hakda hökümetiň takyk planynyň bolmazlygynyň parahatçylyk hakda geçirilýän bu ýygnaga kölege salýanlygyny aýtdy.
Fakur bilen bir hatarda käbir beýleki owgan synçylary hem bu maslahatyň öten ýyl geçirilen saýlawlarda abraýyna şek ýeten prezident Karzaýa syýasy ynam gazanmaga kömek etjekdigini aýdýarlar.
Synçylar bu ýygnakda talyplar bilen gepleşikler geçirilmegine alada bildirýän etniki toparlary köşeşdirmek boýunça-da synanyşyk ediljekdigini belleýärler. Şol toparlar talyplaryň 1990-njy ýyllarda amala aşyran wagşy hereketleriniň henizem ýatdan çykarylmanlygyny nygtaýarlar.
Oppozision partiýalaryň deputatlarynyň bu ýygnagy boýkot etmegi bilen bagly meseläni çözmek üçin Karzaý 1-nji iýunda Baş kanun boýunça ylalaşmazlyklara garajak alty agzadan ybarat komissiýany döretdi.
Şeýle hem düýn maslahatyň geçýän ýerine ýaragly hüjümçiler hüjüm etdiler. Bu hüjümleriň barşynda janyndan geçen bir hüjümçiniň hem bomba partlamasyny amala aşyrandygy habar berilýär.
Owganystandaky NATO güýçleriniň metbugat sekretary bu wakalarda ýaragly hüjümçilerden birnäçesiniň atylyp öldürilendigini mälim etdi. Ýerli polisiýa edarasynyň resmileri hem hüjümçilerden biriniň diri ele salnandygyny habar berdiler.