Eýranda oppozisiýanyň 81 agzasynyň günäsi geçildi

Eýranyň baş ruhany ýolbaşçysy Aýatolla Homeneýi geçen ýyl bu ýurtda geçirilen saýlawlara garşy gurnalan proteste gatnaşanlykda aýyplanýan adamlardan 81-niň günäsini geçdi.

Homeneýiniň web sahypasynda çap edilen beýanatda günäsi geçilýän adamlaryň kimlerdigi hakda takyk maglumat berilmeýär. Emma bu çäräniň Muhammet pygamberiň gyzynyň doglan gününe gabatlap amala aşyryljakdygy aýdylýar.

2009-njy ýylyň iýun aýynda geçirilen saýlawlarda Mahmud Ahmedinejadyň ikinji gezek ýurduň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen başlanan protestlerde oppozisiýanyň müňlerçe tarapdarynyň tussag edilenligi aýdylýar. Olaryň köpüsi gysga möhlet boýunça saklanypdy.