Günbatar Balkan ýurtlary bilen ÝB-niň maslahaty geçirilýär

Şu gün Bosnýa-Gersogowinanyň paýtagty Saraýewoda Günbatar Balkan ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara maslahaty geçirilýär.

Bu maslahaty başda Sammit derejesinde uly gerimde geçirmeklik planlaşdyrylypdy. Emma Serbiýanyň öz ozalky prowinsiýasy bolan Kosowa bilen arasyndaky dawaly meseleleri sebäpli, ony näresmi ýagdaýdaky maslahat hökmünde geçirmeklik karar edildi.

Maslahatda Balkan ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigine integrirlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Serbiýa 2008-nji ýylda özünden bölünip aýrylan Kosowanyň garaşsyzlygyny henizem ykrar etmekden ýüz öwrüp gelýär.