“Türkmenistandaky awtoritar režim durnukly”

"Birleşen Ýewraziýa ekspertler seti" atly halkara proýekt Orsýetden beýleki postsowet döwletlerindäki syýasy režimleriň durnuklylygynyň görkezijilerini çap etdi.
Postsowet giňişliginde syýasy ýagdaýyň iň durnukly ýurdy diýip, ekspertler Azerbaýjany belleýärler. Bu sanawda ikinji orun Gazagystana, üçünji orun Türkmenistana berlipdir. Ekspertler bu ýurtlardaky syýasy ýagdaýa hem režime durnukly diýen bahany berýärler. Sebäbi “şol durnuklylyk ýokary derejedäki awtoritarizmiň netijesi, hemme zat bir adama bagly” diýilýär.

Durnukly awtoritarizm ýa-da bäsdeşlik

Moskwadaky strategik barlaglar merkeziniň eksperti, syýasaty öwreniji Aždar Gurdow bu baha bilen ylalaşýar: “Adatça, repressiw häsiýetli režimler awtoritarizm, repressiýalar, gazaplylyk bilen durnuklylyk gazanýarlar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen jemgyýetde gapma-garşylyk artyp, ýygnanyp, ahyrsoňy ýarylmaga mejbur bolýar. Netijede rezim dargaýar. Ýöne bu ýagdaýyň Türkmenistanda haçan boljagy uly sorag”.

Postsowet döwletleri boýunça ekspert Aleksandr Narodetskiniň pikiriçe, Türkmenistandaky syýasy durnuklylyk ähli azatlyklaryň ýapyklygy bilen bagly. “Iň bir ýapyk, türme häsiýetli repressiw režimler durnukly bolup görünýär. Onda BMG tarapyndan ykrar edilen demokratik standartlaryň we prinsipleriň hiç birini hasaba almaly däl-de! Eger olar hasaba alynsa, onda Türkmenistanda-da, Gazagystanda-da režimler juda durnuksyz. Sebäbi şol ýurtlarda ynsanyň talaplary, islegleri hem iň ýönekeý azatlyklary äsgerilmeýär. Şeýlelikde gürrüňi edilýän durnuklylyk şertli hem ol halksyz, diňe režimi aňladýar” diýip, ekspert A.Narodeskiý aýdýar.

Ekspert A.Gurdowyň sözlerine görä, demokratik döwletlerde ýagdaý durnuksyz bolup görünýär. “Sebäbi demokratiýa bäsdeşligi, açyk göreşi öz içine alýar. Syýasy partiýalar özara ýaryşýarlar. Netijede jemgyýetde dürli özgerişler bolup durýar. Ýöne demokratik režimde şol durnuksyzlyk ösüşlere alyp gelýär”.

Meseläniň ikinji tarapy

“Meseläniň ikinji tarapy bar: häkimiýetde çalşygyň intensiwligi, ýurduň içinde syýasy oppozisiýanyň çykyşynyň intensiwligi, daşary ýurtlardaky oppozisiýanyň aktiw täsir ýetirmek mümkinçiligi, döwlete täsir ýetirip bilýän alternatiw syýasy merkezler – bu sanalanlaryň hemmesi Türkmenistanda nola deň” - diýip, “Birleşen Ýewraziýa ekspertler seti” halkara proýekti ýazýar.

Türkmen propagandasy ýurtda giň möçberli reformalaryň dürli ugurlar boýunça alnyp barylýandygyny öňe sürýär. Ekspert A. Gurdowyň pikiriçe, häzir jemgyýeti düýpli özgerdip biljek reformalar Türkmenistanda ýok, dürli ugurlardan amala aşyrylýan işler S.Nyýazow tarapyndan başlanan işler.

Postsowet döwletleri boýunça ekspert A.Narodetskiniň pikiriçe, jemgyýete demokratik täzelikler ornaşdyrmazdan, ykdysadyýeti ösdürip bolmaz: “Jemgyýetiň agzasy - adam azat bolmasa, ol azatlyga çykarylmasa, ykdysadyýet ösmez, eli bagly gul nähili işlesin?”

“Birleşen Ýewraziýa ekspertler seti”


“Birleşen Ýewraziýa ekspertler seti” halkara proýekti 2009-njy ýylda döredildi. Onuň esasy maksady Orsýetiň, GDA we Baltika ýurtlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň ýeke-täk ekspert giňişligini döretmekden ybarat. Bu proýekt Ýewropa Bileleşiginiň, Orsýetiň hem GDA ýurtlarynyň belli ekspertleri tarapyndan goldanyldy.

Görkeziji postsowet giňişligi boýunça ekspertleriň, syýasaty öwrenijileriň, synçylaryň, žurnalistleriň, şeýle-de döwlet häkimiýeti organlarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen pikir soralyşygyň netijeleri esasynda çap edilýär.

Şol görkeziji işlenip düzülende, postsowet giňişligindäki syýasy sistemalaryň durnukly ýa durnukly däldigini kesgitleýän ençeme faktorlar ýüze çykarylýar. Ýöne şol faktorlar köplenç şol ýurtlaryň, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň hem ABŞ-nyň ekspertler jemgyýetinden gizlenilýär.

“Birleşen Ýewraziýa ekspertler seti” halkara proýekti reýtingi yzygiderli çap etjekdigini ýazýar.