1-nji iýun – Bütin dünýäde çagalary goramagyň Halkara güni. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, her ýylda dünýä boýunça orta hasapdan 7-10 million töweregi çaga dürli kesellerden, açlykdan we beýleki belalardan, bäş ýaşyny doldurmanka, heläk bolýar. Eýse, Türkmenistanda ýagdaý nähili?
Türkmenistan çaga ölüminiň derejesi boýunça geçen asyryň 80-nji ýyllarynda SSSR-de birinji ýerdedi. Bu tragiki “birinjilik” milletiň öz geljegini goramakdan ejiz gelýänligini görkezýärdi.Sebäbi parahat döwürde çaga ölüminiň aşa ýokary derejä ýetmegi – milletiň betbagtlygy. Eýse, bu tragediýa garşy durup bilmedik halk ejiz hem onuň geljegi sorag astynda dälmidir?
Ýöne beterinden beteri bar diýleni… Şol döwürde biziň ýurdumyzda çaga ölümi bilen deňeşdirip boljak ýene bir aýylganç betbagtlyk ýüze çykdy: Türkmenistanda aýallaryň ölüm derejesi erkekleriňkiden ozdurdy. Bu bolsa, ölüm-ýitim boýunça öňden belli adamzat tejribesine ters gelýär: adatça, durmuşda erkekler aýallara garanyňda has köp ölýär. Bu bütin dünýäde şeýle. Sebäbi oglanjyklar, gyzlara görä, kiçilikden has köp betçilik edýärler we howply oýunlara baş goşýarlar. Onsoň tebigy ýagdaýda başda 100 gyz bäbege, ortaça 106 oglanjyk dogulsa-da, jynsy kämillige ýetilýänçä, adatça, olaryň arasyndaky san tapawudy deňleşýär.
Erkekleriň ölüm-ýitimi uly ýaşlarda-da aýallaryňkydan ýokary bolup galýar. Sebäbi uly ýaşly erkekleriň hem “betçiligi” azalanok: olar dürli uruşlara gatnaşýarlar, spirtli içgileri köp içýärler, çilim çekýärler, ölüm howply neşelere ýykgyn edýärler. Onsoň her geçen ýyl jynslaryň gatnaşygyny aýallaryň peýdasyna üýtgedip gidip otyr. Netijede ahyr ýaşa çenli iki aýala bir erkek göbekliniň galýan ýurtlary hem gabat gelýär.
Emma, demograflaryň tassyklamagyna görä, bu tendensiýa tersine bolaýsa, ýagny haýsydyr bir ýurtda aýallar erkeklerden köp ölse, onda bu hakyky milli tragediýanyň alamatydyr. Çünki bu statistika ýurtda ilatyň sosial goragynyň aşa pes derejededigini, saglygy saklaýyşyň derbi-dagynçylyga uçrandygyny we milletiň köküne palta urulýandygyny görkezýär. Sebäbi ýurtda sosial durmuş şertleri üzül-kesil ýaramazlaşsa, onuň esasy agramy eneleriň egnine düşýär.
Çaga ölümi – milletiň tragediýasy
Biziň halkymyz sowet döwründe eýýäm şeýle aýylganç tragediýany başdan geçirdi. Ol döwürde bu kynçylyk pagta monokulturasy zerarly emele geldi: şol sebäpden ýerler, suwlar zäherlendi, infeksion keseller möwç aldy, iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýän oba ilatynyň arasynda, aýratynam enelerde hem çagalarda hroniki azganlylyk adaty zada öwrüldi.
Şol döwürde Türkmenistan 1 300 000 (bir million üç ýüz müň!) tonna pagta öndürýärdi, ilatyň jan başyna bölseň, her adama 420 kg-dan düşýär we SSSR-de iň ýokary görkezijidi. Bu güýçýetmez plana hötde gelmek üçinem her ýylda ortaça 7-8 müň bäbek gurban berilýärdi. Ýagny, şol döwürde respublikamyzda doglan her 1000 bäbegiň 70-80-si bir ýaşyna ýetmän dünýe bilen hoşlaşýardy. Daşoguz, Mary, Çärjew welaýatlarynda bu san has hem aýylgançdy: diri doglan her onunjy bäbek bir ýaşyna ýetmänkä, gözlerini armanly ýumýardy...
Maňa 1988-89-njy ýyllarda çaga ölümi boýunça sowet häkimiýetiniň bütin dowamynda ýedi gulpuň astynda saklanan sanlary ele salmak başartdy. Olary Moskwanyň hem Aşgabadyň metbugatynda çap etmek bilen men Kreml tarapyndan Türkmenistanyň başynda oturdylan S.Nyýazow ýagdaýy günübirin düzetmegiň ugruna çykar öýdüpdim. Emma, hemmesi tersine boldy, ýerli häkimiýetler meniň sesimi sem etmegiň ugruna çykdylar.
Ondan bäri 20 ýyl töweregi geçdi. Eýse, Türkmenistanda çagalaryň, eneleriň ölümi azaldymy? Gynansak-da, azalanok, gaýta köpeldi. Sebäbi ilatyň öňki derdiniň üstüne aýylganç neşe belasy-da urna boldy, saglygy saklaýyşyň derejesi bolsa öňküdenem aşak gaçdy, jemgyýeti işsizlik hem garyplyk gurşap aldy. Netijede ýurtda kemisli dogulýan çagalaryň sany we çaga ölümi öňküdenem artdy. Neşe belasy türkmen maşgalalaryny paýhyn etdi. Ençeme türkmen maşgalalarynyň şu günki durmuşy söz bilen beýan ederden gözgyny: erkekleriň işsizlige uçran ýa-da öz mertebesini neşä çalşan köp sanly maşgalalarynda eklenç aladasy aýal-gyzlaryň egnine düşdi. Türkmen aýal-gyzlary häzirki wagtda eklenç üçin gündelik ýurt aşmaly bolýarlar, olar ýat döwletlere söwda-satyga gidýärler. Gynansak-da, olaryň hemmesine arassa gazanç ýetdirenok. Şol sebäpdenem garaşsyzlyk döwründe türkmeniň millet hökmünde namysyna agyr şikes ýetdi. Bu elhençlik sowet döwründe başlanan tragediýanyň garaşsyzlyk döwründe has hem çuňlaşandygyny we ýetjek derejesine ýetenligini görkezýär.
Lukman prezident hem gömülýän hakykat
Çaga ölüminiň derejesi baradaky statistika Türkmenistanda häzirem ýapyk. Bu örän gynançly ýagdaý. Sebäbi, eger ol görkezijiler gowy bolsa, elbetde, ýapylmazdy. Ile görkezer ýaly däldir, şonuň üçinem gizlin saklaýandyrlar. Ýogsa, ýurduň başynda medisina bilimli prezident otyrka ilatyň, onda-da çagalaryň ýagdaýyny görkezýän medisina statistikasynyň gizlin saklanmagy – barypýatan gabahatlykdyr!
Çaga ölümi dogrudaky maglumatlar her näçe gizlenilse-de, barybir käbir gerekli sanlaryň ýurtdan syzylyp çykýandygyny aýdasym gelýär. Mysal üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk hem Oba hojalyk bölüminiň öz çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda häzirki wagtda çaga ölümi 100 promille töweregi. Munuň özi diri doglan her 10-njy bäbegiň bir ýaşa ýetmänkä ýagty jahan bilen hoşlaşýanlygyny tassyklaýar. Deňeşdirmek üçin ozalky SSSR-iň düzümine giren Baltika respubliklaryny alyp görseň, onda ol ýurtlarda her 1000 bäbekden 5-6 bäbek bir ýaşdan öň ýogalýar. Şwesiýada bu görkeziji hasam pes: diri doglan bäbeklerden diňe 3-4-si bir ýaşdan öň ýogalýar.
Türkmenistanda eneleriň ölüminiň-de sowet döwründäkiden 1,5-2 esse artanlygyny görkezýän gytaklaýyn faktlar ýeterlik. Şol maglumatlara görä, eneleriň ölümi boýunça häzirki wagtda ýurduň merkezi regionlary beýlekilerden öňe geçipdir.
Eýse, bu agzalan tragediýalary ýeňmek mümkinmi? Elbetde, mümkin. Ýöne onuň üçin ilki ýurtda şeýle betbagtlygyň bardygyny boýun almaly, çagalaryň we eneleriň ölümi boýunça statistikany, birinjiden-ä, dogry ýöretmeli; ikinjidenem, ony doly açmaly! Diňe şonda bu problemalaryň garşysyna netijeli göreşip hem olary ýeňip bolar. “Aýbyny ýaşyran –aýňalmaz” diýlipdir, entek kemçiligini busup, ondan başyny gutaran ýok.
Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.