Gadymdan belli aşa ýokanç kesel poliomielitiň Täjigistanda täzeden ýüze çykmagy Moskwa bilen Duşenbäniň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirjege meňzeýär.
Iki ýurduň arasynda dawa-jenjele sebäp bolan zat – nerw sistemasyna zyýan ýetirip, köplenç çagalary wagtlaýyn ýa hemişelik ysmaz edýän poliomielit aprel aýynda Täjigistanda gaýtadan giňden ýaýrap ugrady diýlen habar boldy.
Duşenbe bu keselden iki çaganyň ýogalanlygyny tassyklady. Ýöne Moskwa ölenleriň sanyny 15 diýip görkezýär.
Orsýetde 100 müňlerçe täjik migrant işçileri ýaşaýarlar. Şol sebäpden poliomielit keseline uçramak ähtimallygy ýokary hasaplanýan alty ýaşdan kiçi täjik çagalarynyň Orsýete gelmeginiň öňüni almak üçin Moskwa serhet geçelgelerinde berk gözegçiligi ýola goýdy.
Täjigistanyň ozal hem çagşan ykdysadyýetine zyýan ýetirmegi mümkin ýene bir çäre-de – Moskwanyň ol ýurtdan gury ir-iýmişiň importyna gadagançylyk girizmegidir.
Bütindünýä Saglyk Guramasy 2002-nji ýylda Orsýet bilen Täjigistany hem öz içine alýan Ýewropa regionyny poliomielit keselinden saplanan region diýip, yglan edipdi. Indi bolsa bu keseliň täzeden görnüp ugramagy bu guramanyň tutuş dünýäni poliomielitden saplamak boýunça ýola goýan programmasyna urgudyr.
Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministriniň orunbasary Saýeda Jobirowanyň aýtmgyna görä, bu keseliň täzeden ýüze çykmagyna Täjigistanda asla garaşylmandyr.
“Dünýäniň köp regiony, şol sanda Täjigistan-da, geçen 10 ýyllykda bu keselden saplanypdy. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu kesel biziň ýurdumyza daşardan aralaşypdyr. Oňa ýabany poliomielit diýilýär” diýip, Jobirowa aýdýar.
Goňşy ýurtlarda
Resmiler bu ýokanç keseliň Täjigistana Hindistandan gelenligini belleýärler. Ýurduň ýakyn goňşulary Owganystan bilen Özbegistanda hem bu kesel ýokaşan ýa ýokaşypdyr diýip guman edilýän çagalaryň bardygy aýdylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar fondunyň habar bermegine görä, Özbegistan bilen Täjigistanda poliomielit keseliniň öňüni almak üçin giň gerimli kampaniýalara başlanypdyr.
Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministriniň orunbasary Aazam Mirzoýew: “Käbir çagalara ozalynda waksina sanjylmadyk bolmagy mümkin” diýýär.
“Täjigistandan daşary ýurtlara gidilmegi ýa ýurduň öz içinde başga ýerlere göçülmegi zerarly waksina sanjylmadyk çagalaryň bardygy şübhesiz. Olaryň käbirine ençeme ýyllap waksina sanjylmandyr. Poliomielitiň täzeden peýda bolmagynda munuň roly ýok däl. Sebäbi ol çagalarda bu kesele garşy gorag ýok” diýip, Mirzoýew aýdýar.
Çagasyna poliomielit keseli degipdir diýip guman edilýän duşenbeli Ruhsar Rahim bolsa hökümet tarapyndan bu barada ýeterlik maglumat berilmänligini nygtaýar: “Bu keseliň nähilidigi, näme iş etmelidigi dogrusynda bize berlen maglumat ýok”.
Türkmenistanda waksinasiýa geçirilýär
Şu günler Türkmenistanyň hem ähli ýerlerinde poliomielit keseline garşy waksinasiýa çäreleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Ýerli poliklinikalaryň lukmanlary ilatyň arasynda poliomielit keseliniň howpy barada wagyz-nesihat çärelerini geçirmek bilen, ene-atalara çagalaryny hökmany suratda bu keseliň garşysyna sanjym etdirmeklerini maslahat berýärler.
Türkmenistanda poliomielit bilen kesellänleriň bellige alnandygy barada resmi maglumat berilmeýär. Bu meselede ilatyň arasynda-da hiç bir dowul ýok. Ýurduň ýaşaýjylary howply keseliň garşysyna çagalaryny sanjym etdirmäge işjeň gatnaşýarlar diýlip, habar berilýär.
Poliomielit ýiti wirus keseli bolup, ol nerw ulgamyny zaýalaýar. Bu howply kesel ýuwulmadyk eliň, suwdur-iýmitiň üsti bilen adama ýokuşýar.
Poliomieliti çagalar juda agyr geçirýärler. Kesel adamyň içine düşensoň, 2-3 hepdeden soň merkezi nerw ulgama düýpli zeper ýetirýär. Kesel agyr geçende, adam ysmaz bolýar.