Gyrgyzystan: Geçiş hökümeti özüne ýol arçaýar

Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti turuwbaşdan bir zady, Merkezi Aziýa dolandyryjylarynyň tas ählisine mahsus bolan çäklendirilmedik häkimiýete dalaş etmeýändigini belli etdi.
Muňa derek, geçiş hökümeti, häkimiýet başyna demokratiki esasada saýlanan hökümeti getirjek parlament saýlawlaryny geçirmek ýaly gysga möhletli strategiýalary öňe sürdi.

Muňa garamazdan, käbir ekspertleriň pikirine görä, öňde durýan syýasy, howpsuzlyk we maliýe synaglary sebäpli, bu hökümetiň öz gysga möhletli planlaryny amala aşyrýança hem saklanyp biljegi gümana bolup görünýär.

Bişkekde bolan ganly syýasy öwrülişikden bäri iki aýa golaý wagt geçdi we, daşyndan seretseň, Gyrgyzystanda durmuş öz akymyna dolanyp geldi. Hökümet edaralary, mekdepler, iş, biznes gatnaşyklary adaty keşbine eýe boldy. Ýönekeý halk üçin iň esasy zat - olar öz aýlyklaryny hem pensiýa, kömek pullaryny wagtynda alýarlar.

Emma, görnetin kadalaşma garamazdan, Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti şindi hem kanuny däl we halkara derejesinde ykrar edilenok. Üstesine, onuň öňünde bir topar maliýe, howpsuzlyk we syýasy synaglar hem dur.

Geçiş hökümetiniň ýolbaşçylarynyň goldawçylary hem, tankytçylary hem Roza Otunbaýewanyň hökümeti şu ýyl ählihalk referendumyny we parlament saýlawyny geçirmek ýaly gysga möhletli planlaryny amala aşyrýança beri iş başynda saklanyp bilermikä diýýär.

Täze konsitusiýa ses bermeli ählihalk referendumyny geçirmek 27-nji iýuna bellenen. Emma geçiş hökümetiniň resmileri referendum üçin budjetiň heniz hem tassyklanmandygyny aýdýarlar.

Mundanam başga, resmiler entek tälim berlen spesialistleriň ýok ýerinde we ses bermeli ilatyň 30-% çemesiniň Orsýetdäki möwsümleýin işlere giden mahalynda nädip referendum geçirip boljagyny hem anyklaşdyrmadylar.

Gyrakladylan prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlary hem entek, azyndan ýurduň günortasynda, öňki prezidentiň goldawynyň iň güýçli ýerinde geçiş hökümeti üçin päsgelçilik bolup dur.

Wepaly taraplar

Bir hepde mundan öň bakyýewçi güýçler günortadaky üç welaýatda – Jalalabatda, Oşda we Batkende protest demonstrasiýalaryny gurnadylar. Bu ýagdaý iki adamyň ölümine, onlarça adamyň ýaralanmagyna getirdi.

Şeýle-de bu ýurt gyrgyzlar bilen ýurduň günortasynda ýaşaýan özbek azlygynyň arasynda döräp biljek etnikara konfliktden zordan gutuldy.

Günortada bolan protestler mahalynda ýerli ilat polisiýanyň adamlary goramak borjuny ýerine ýetirmezligini tankyt etdi. Polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň geçiş hökümetine wepalylygy entek sorag astynda galýar.

Geçiş hökümeti polisiýanyň we howpsuzlyk gullugynyň başlyklaryny täzeledi. Muňa garamazdan, bişkekli syýasy synçy Orozbek Moldaliýew polisiýanyň we howpsuzlyk gullugynyň ýokary hem orta derejeli ofiserleriniň arasynda Bakyýewe wepaly adamlaryň heniz köpdügini aýdýar: «Polisiýada Bakyýewiň dolandyryşy wagtynda işe alnan ofiserleriň arasynda professional taýýarlygy däl-de, öňki häkimiýete wepalylygy esasynda işe bellenen adamlar kän. Şeýle-de ol ýerde para berip, ýokary derejeli wezipe alan adamlar hem ýeterlik. Şu sebäpden ol guramada belli bir problemalar saklanyp galýar. Emma bizde taýýarlykly kadrlar hem bar we olar şol wezipelere işe bellenýär.»

«Geçiş hökümetiniň agzalarynyň telefon gürrüňleriniň ses ýazgysynyň internet arkaly ýaýradylmagy hem howpsuzlyk gulluklary hakynda bir topar sorag döredýär» diýip, Moldaliýew sözüniň üstüne goşýar.

Moldaliýewiň pikirine görä, “You tube” saýtynda goýlan ses ýazgylary diňe howpsuzlyk gulluklaryna däl, eýsem geçiş liderleriniň abraýyna kölege salýar. Gürrüňi edilýän ses ýazgysynda, geçiş hökümetiniň agzalary Azimbek Beknazarow bilen Temir Sariýewiňki diýilýän telefon gepleşiginde 1 milliona golaý dollary bir ýerden başga ýere geçirmegiň maslahaty edilýär. Şeýle-de olar geçiş hökümetiniň birinji orunbasary Almazbek Atambaýewi uly mukdarda para almakda aýyplaýarlar.

Elbetde, Atambaýew bu aýyplamany ret edýär.

“Özboluşly mümkinçilik”

Içeri syýasat we sosial meseleler boýunça synçy Nazira Taştemirowa bu wakanyň adamlaryň arasynda lapykeçlik we şübhe döremegine sebäp bolandygyny aýdýar. «Muňa garmazdan, adamlar geçiş hökümetiniň işiniň ýol almagyny, olara mümkinçilik berilmegini isleýärler».

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň direktory Tynç Çoroew gyrgyz syýasy synçylarynyň pikirlerine salgylanyp, geçiş hökümetiniň agzalarynyň arasyndaky syýasy dürlüligiň olara ýurtda oňyn özgerişleri döretmäge aýratyn özboluşly mümkinçilik berýändigini aýdýar: «Gyrgyz ekspertleri geçiş hökümetinde dürli-dürli garaýyşly adamlaryň kändigini aýdýarlar. Onsoň bu parlament saýlawyndan öň hem bir köppartiýaly sistema çalym edýär. Ol ýerde dürli sosial gatlaklara degişli dürli-dürli garaýyşlar we çemeleşmeler bar. Şu-da olaryň güýçli tarapy bolup durýar.»

Gyrgyzystanyň geçiş hökümetiniň işini diňe gyrgyz halky däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa synlaýar. Sebitdäki beýleki ýurtlar awtokrat liderler tarapyndan dolandyrylýar we olar, Bakyýew ýaly, demokratik reformalary basyp saklamakda, giň ýaýran korrupsiýada we garyndaşparazlykda öňräkden bäri aýyplanyp gelýärler.

Gyrgyzystan bu sebitde halkyň özüni kanagatlandyrmadyk režimi çalşyrmak üçin köçelere çykan ýeke-täk ýurt boldy.