Tokar Tugurowyň sergisi näme üçin ýatyryldy?

28-nji maýda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda Tokar Tugurowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilmeli döredijilik sergisi ýatyryldy.

Tokar Tugurowyň döredijilik sergisini geçirmäge birnäçe aý taýýarlyk görlüpdi. Dogrusy, sergi geçen ýyl geçirilmelidi, emma käbir sebäpler bilen ol yza çekdirilip, ahyry 28-nji maýda geçirilmäge rugsat edildi.

Bu sergä diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalaryndan, halkara habar beriş serişdelerinden hem gatnaşmaga höwes bildiripdiler.

Sergide hudožnigiň 100-den gowrak işleri sergi zalynyň diwarlaryndan asylyp hem goýuldy. Emma Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowyň görkezmesi bilen Tokar Tugurowyň döredijilik sergisi gadagan edildi.

Ministriň bu beren görkezmesi, suratkeşiň kärdeşleri üçin bulutsyz asmanda ýyldyrym çakana döndi. Olar Moskwada saglygyny bejerdip ýören Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Babasary Annamyradowa gyssagly ýagdaýda jaň edip, ýüze çykan ýagdaýy oňyn çözüp bermeklerini haýyş etdiler.

Babasary Annamyradow Moskwadan Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowa jaň edip, sergini geçirmäge rugsat bermegi haýyş edendigini, ýöne ministriň häzirki wagtda paýtagtda geçirilýän medeni çäreleriň juda köplügi sebäpli, serginiň ýatyrylandygyny kärdeşlerine aýdýar.

Ýüze çykan wakadan bihabar sergä tomaşa etmäge gelen adamlaryň ýüzüne seretmäge ýagdaýy bolmadyk Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynyň direktory Çary Saryhanow sergi zalynyň gapylaryny ýapyp goýdy.

Serginiň ýatyrylmagynyň düýp özeni nämede?

Tokar Tugurowyň döredijilik sergisiniň ýatyrylmagynyň sebäbiniň, Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowyň düşündirişi ýaly, "paýtagtda geçirilýän medeni çäreleriň juda köp bolmagyndadygyna" intelligensiýa wekilleri ynanmaýarlar. Olaryň pikiriçe, serginiň ýatyrylmagyna Tokar Tugurowyň döredijiligi, şahsy durmuşy hem sebäp däl.

Esasy sebäp—hepdäniň çarşenbe güni, ýagny 26-njy maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşiň hormatyna döredijilik intelligensiýasy bilen geçirilen duşuşyk boldy diýlip, çak edilýär.

Şol günki duşuşyga ýurduň intelligensiýasy üýşdi. Olaryň aglaba bölegi sagdyn pikirli ýazyjylar, žurnalistler, sungat işgärleridi.

Medeniýet ministri Gulmyrat Myradowyň Tokar Tugurowyň döredijilik sergisini ýatyrmagy dünýä jemgyýetçiligine ýyldyrym tizliginde ýaýrady.

Ýerli intelligensiýa wekilleriniň aýtmagyna görä, bu garaşylmadyk waka Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny ýene bir basgançak aşak düşürdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.