Eýran ABŞ-ny uran ylalaşygyny goldamaga çagyrdy

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinajad şu günki eden çykyşynda ABŞ-ny uran barada gelnen ylalaşygy goldamaga çagyryp, munuň ýadro barada dowam edýän dartgynlygy çözmek boýunça iň soňky pursat boljakdygyny duýdurdy.

Ahmedinejad şu günki eden çykyşynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýüzlenip, “eger bu mümkinçilikden peýdalanmasaňyz eýranlylaryň bu barada täze şans bermezligi mümkin” diýdi.

Ahmedinejad Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewe hem ýüzlenip, Eýran barada Moskwanyň Waşingtona berýan goldawy boýunça ýene bir gezek pikirlenmegi maslahat berdi.

Eýranly lider Tährana garşy girizilmegi mümkin sanksiýalaryň dördünji tapgyryna Moskwanyň goldaw bermeginiň kabul ederlikli ýagdaý bolmajagyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň az baýlaşdyrylan uranyny Türkiýä iberjekdigi barada Braziliýa, Eýran we Türkiýäniň arasynda ýakynda gelnen ylalaşygy Günbatar ýurtlary ret edýärler.