Meniň «Türkmen derdim»

Aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistandaky dogan-garyndaşlarym Migrasiýa gullugy tarapyndan meniň üçin çakylyk hatynyň tassyklanandygyny habar berenlerinde, men öz gulagymyň eşidýänlerine ynanmadym...

Radionyň Türkmen gullugynyň ozalky direktory Zerip Nazaryň 1991-nji ýylda iň soňky gezek Türkmenistana baryp-gaýdaly bäri, Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Pragadaky Baş edarasyndan heniz hiç kime bu ýurda barmaklyga rugsat berilmändi.

Kanun boýunça iki hepdede gözden geçirilmeli çakylyk hatyna Migrasiýa gullugynda üç ýarym aý (!) seredilendigini göz öňünde tutmasaň, bu tassyklanan çakylyk haty Türkmenistana barmak üçin maňa ýoluň «açykdygyny» aňladýardy. Türkmenleriň aýdyşy ýaly, men eýýäm özümi «bir aýagym bilen» Türkmenistanda duran ýaly duýupdym.

Men 1999-njy ýylyň iýulynda watandan çykyp, ilki Kanadanyň oturymyny, soňra-da onuň graždanlygyny alanymdan soň, diňe 2007-nji ýylyň başynda, ýagny, ýurduň ozalky diktatory Saparmyrat Nyýazowyň ölüminiň yzýany bir gezek Türkmenistana gitmäge synanyşypdym.

Şonda men radionyň birnäçe žurnalisti bilen bir hatarda Türkmenistanda «erkin prezidentlik saýlawlary» diýlip at berlen saýlawlara syn etmek isläpdim. Emma Türkmenistanyň Berlindäki ilçihanasy şonda bize hiç hili jogap bermezden, biziň hemmämiziň wiza baradaky haýyşymyzy ret edipdi.

Ýöne ondan bäri uç ýyldan gowrak wagt geçdi we, türkmen mediýasynyň habarlaryna görä, Türkmenistana «prezident Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda beýik özgerişlikler zamany» geldi. Dogan-garyndaşlarymyň ahyrsony meni 20 gün myhmançylyga çagyrmak üçin resmi çakylyk düzedip bilmekleri, munuň hem üstesine, Wenadaky türkmen ilçisiniň meni örän hoşamaýlyk bilen kabul edip, maňa dessine wiza bermegi, mende Türkmenistanyň Azatlyk Radiosyna bolan ozalky ýakymsyz garaýyşlary indi hakykatdanam üýtgäp ýör öýdýän diýen pikiri döretdi.

Emma meniň bu pikirimiň we umytlarymyň doly puja çykmagy üçin maňa bary-ýogy bir hepde wagt gerek boldy…

Umytlar nädip puja çykýar?

2010-njy ýylyň 18-nji maýynda eýýäm Türkmenistana tarap ýola düşüp, Ystambul şäheriniň aeroportynda Ystambul-Aşgabat uçaryna garaşyp durkam, Wenadaky türkmen ilçisi meniň mobil telefonyma gyssagly jaň etdi we meniň Türkmenistana barmaly däldigimi maňa gamgyn ses bilen habar berdi. Hususan-da, ol özüne Migrasiýa gullugyndan jaň edendiklerini we «çakylyk berilmeli däl adama çakylyk berlendigini» aýdandyklaryny mälim etdi. Bu oslagsyz habar meniň üçin güneşli gün ýyldyrym çakan ýaly bir zat boldy…

Ýöne, her nähili bolanlygynda-da, Ystambuldan Praga dolanan halatymda, men bu bolan waka barada hiç kime hiç zady subut edip biljek däldim. Şoňa görä-de, men öz ýolumy ahyryna çenli dowam etdirmek kararyna geldim. Ýoluň ahyrynda, ýagny, Aşgabat aeroportynda bolsa, meniň bilen baglanyşykly bu soňky şum habardan bütinleý habarsyz ýagdaýda dogan-garyndaşlarym we dost-ýarlarym on bir ýyllyk aýraçylykdan soň maňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdylar.

Aşgabada barýan uçarda meniň edil gapdalymda oturan orta ýaşly salyhatly adam Ýewropa Komissiýasynyň ykdysady meseleler boýunça ýörite bir wekili bolup çykdy. Jenap Inigo Ýewropa Komissiýasynyň Aşgabatda täzelikde açylan merkezine barýan eken. Ol meniň häzirki syýahatymyň «täsin taraplary» barada eşidip, maňa gynanç bilen seretdi…

Aşgabat aeroportyna baryp düşüp, pasport gözegçiliginden geçmek üçin nobata durlanda-da, jenap Inigo meniň ýanymda durdy.

Ýurt hakyky ýüzüni açýar…

Aeroportyň dar koridorynda serhet gözegçiligi boýunça 25 ýaşlaryndaky uly leýtenantyň daşary ýurtly ýolagçylara türkmençe berýän görkezmeleri onsuzam aljyraňňy haldaky ýolagçylaryň arasynda hasam başagaýlyk döredýärdi. Uly leýtanant bolsa «çakylyklylar - bu ýana, wizalylar - bu ýana» diýip, türkmençeläp gygyrmagyny dowam etdirýärdi.

Barlag zolagyndaky ýaş esgerlerden we ofiserlerden hiç biriniň iň bir zerur sözleri-de rusça ýa iňlisçe aýdyp bilmeýändikleri aýdyň görnüp durdy. Şonda men nämüçindir prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistana professional kadrlaryň zerurdygy barada gaýta-gaýta bildirip gelýän nägilelikleri ýadyma düşdi…

Daşary ýurtly ýolagçylaryň hemmesem pasport barlagyndan geçmänkäler, «Türkmen bank» diýlip ýazylgy başga bir butgajyga baryp, aýnanyň aňyrsynda adaty milli türkmen geýiminde oturan iki sany ýaş aýala 11 dollar töleg tölemelidi.

Olaryň maňa beren kwitansiýasynda «Tölegiň sebäbi» diýlen ýazgynyň astynda bu puluň «kwitansiýa üçin tölenendigi» aýdylýar. Ol iki ýaş zenan bolsa, tölegiň «hyzmatlar» üçin tölenýändigini aýtdylar. Emma ol «hyzmatlaryň» nähili hyzmatlardygy barada soranymda welin, olar maňa jogap bermelidir hem öýtmediler…

Hernäçe geň bolup görünse-de, daşary ýurtly ýolagçylardan hiç birem özlerinden bu tölegiň näme üçin tutulýandygyny sorajak bolup durman, 11 dollary töläp, geçip gidýärdi. Meniň uçara münmänkäm ähli zadyň tölegini, şol sanda, wiza we goşlarym üçinem tölegleri doly töländigime görä, maňa aeroportda ýola goýlan bu tölegler resmi ýagdaýda ýola goýlan para alyşlyk bolup göründi. Şol pursat nämüçindir öz käbir watandaşlarymyň Türkmenistandaky ähli zady gurşap alan korrupsiýa barada bildirip gelýän nägilelikleri meniň ýadyma düşdi…

«Gara sanaw» güýje girýär

Pasport barlagynda aýnanyň aňyrsyndaky ýaş ofiser meniň pasportymdaky wizany, soňam kompýuterde meniň ýurda girmegimi gadagan ediji ýazgyny görüp, birneme äm-säm ýagdaýa düşene meňzedi. Ýöne gysga wagtyň içinde kompýuterdäki maglumatlary anyklanlaryndan soň, serhet gözegçiligi boýunça uly leýtenant meniň öňümde «deportasiýa» kagyzyny goýdy-da, oňa gol çekmegimi sorady. Men muňa nägilelik bildirip, özümiň näme sebäbe yzyma ugradylýandygymy soramda, ol «men näbileýin, bir zat edensiň-dä, bolmasa adyňy şo ýere salmazlar-a» diýdi («şo ýere» diýmek bilen ol «gara sanawy» göz öňünde tutýardy). Men onuň sözlerinden onuň özüniňem meniň kimdigimi we näme üçin ýurda goýberilmeýändigimi bilmeýändigine düşündim.

Bu ýaş ofiseri kanun bozmakda, adalatsyzlykda, nadanlykda we şuňa meňzeşlerde aýyplap başlamda, ol nägeleligimi özüne däl-de, şol gadagançylygy girizen «ýokardakylara» aýtmagymy maslahat berdi.

Men «deportasiýa formasyna» gol çekmezimden ozal, onuň bir nusgasyny özüme bermegini bu ýaş ofiserden talap etdim. Ol muňa razy boldy. Bu kagyzda adamyň nähili esaslarda yzyna ugradylyp bilinýändigini görkezýän on bir sany punktyň arasynda diňe bir punktda anyk sebäp görkezilmeýär. Ol punktda diňe «Girişi gadagan edilen» diýlip ýazylgy. Maňa garşy hem hut şol punkt ulanylypdyr.

Aeroportyň bagaž zalyndan goşumy yzyna alyp durkam, men Ýewropa Komissiýasynyň wekili jenap Inigo özümiň yzyma ugradylýandygymy aýdyp ýetişdim. Şeýle hem, men oňa türkmen hökümeti bilen hyzmatdaşlyklarynda Ýewropa Komissiýasynyň türkmen hökümetiniň şular ýaly ähtiýalan, kanun bozujy we ygtybarsyz aýratynlyklaryny berk göz öňünde tutmalydygyny ýatlatdym.

Eýsem, bu ýurduň resmi taýdan tassyklanan çakylyk haty, galyberse-de, onuň resmi wizasy-da adamyň bu ýurda girmekligine kepil geçip bilmeýän bolsa, onda çynlakaý bizneslerde nädip beýle ýurda bil baglap bolar?

Aýralyga salýan «diwar»

On bir ýyllyk aýraçylykdan soň, men, ynha, dogan-garyndaşlaryma we dost-ýarlaryma şeýle golaýlapdym. Bu gezek meniň öz eziz hossarlaryma, dost-ýarlaryma gowuşmagym üçin arada bary-ýogy bir diwar galypdy…

Emma arada duran ol diwar ýöne bir aeroportyň adaty bir diwary däldi. Ol diwar türkmen häkimiýetleriniň orta asyrlara mahsus nadanlygyndan, olaryň döwlet üçin nämäniň haýyrlydygyna we nämäniň zyýanlydygyna düşünmeýän körlüklerinden, olaryň erkin pikir baradaky gorkularyndan, olaryň galplyklarda wejera bolmak gorkularyndan, olaryň öz režimleriniň fundamentini sarsdyraýjak zatlar baradaky gorkularyndan ýasalan diwardy.

Meniň Türkmenistana barmak üçin eden bu synanyşygym bilen bagly türkmen häkimiýetleriniň düşen başagaýlygy ýurduň režiminiň fundamentiniň hakykatdanam çüýrükdigini nobatdaky gezek subut eden ýaly boldy.

Eger bu režimiň fundamentini haýsydyr bir žurnalist gelip, 20 günüň içiňde weýran edip bilýän bolsa, onda beýle çüýrük fundamenti gorap oturmagyň manysy hem ýok bolsa gerek.

Allamyrat Rahym Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.