Andijanda bolan heläkçilige bäş ýyl doldy

Özbegistanyň Fergana jülgesinde mundan bäş ýyl ozal bolan we onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren ganly wakanyň ýyl dönümi, elbetde, Andijanda bellenilmeýär. Sebäbi hökümete garşy gurnalan şol protest we onuň hökümet güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylyşy barada bu regionda dil ýarmak mümkin däl.

Ýerli ýolbaşçylar, media, hatda ýerli ilat hem bu barada dil ýarmak islemeýär. Andijanyň ýaşaýjysy Sahipjan ata ilatyň häzirki döwürde şol wakalar barada gürrüň etmeýänligini aýdýar: “Özbegistanda media azat däl. Olar şol wakalar hakda gürrüň etmeýärler. Hatda 2005-nji ýylda şol ýerde hiç zat bolmadyk ýaly. Köp adamlar şol wakany ýatdan çykardylar. Ol wakadan göni zyýan çeken maşgalalar şol heläkçiligi ýatlaýarlar. Beýlekiler barada gürrüň edilende, olar hiç zat bilenoklar”.

Parahatçylykly protestlerden başlanypdy


Şol wakalar “Akramiýa” toparyna agza bolanlygy üçin aşa dinçi hereketlere baş goşanlykda aýyplanyp tussag edilen 23 biznesmeniň boşadylmagy talap edilip geçirilen parahatçylykly protestlerden başlanypdy.

“Akramiýa” Özbegistanyň hökümeti tarapyndan ekstremist gurama hökmünde häsiýetlendirilip, gadagan edilen toparlardan biri. Protestçiler şonda özleriniň ykdysady ýagdaýyndan närazylygyny bildiripdiler.

Haýsydyr bir topar regiondaky harby merkeze hüjüm edensoň, bu protestler has hem ýitileşdi. Şol adamlaryň esgerleriň elinden ýaraglaryny basyp alyp, soňra Andijanyň türmesine-de hüjüm edenligi we ondaky bendileri, şol sanda biznesmenleri-de boşadanlygy aýdylýar.

Bu wakanyň dowamynda ady agzalýan topar, türmäniň sakçylaryny öldürip, käbir hökümet binalaryny hem basyp alypdy. Olaryň bu hereketi tanklar we dikuçarlar bilen ýaraglanan howpsuzlyk güýçleriniň Andijana sürülmegine getiripdi.

Ýitgi uly

Wakany gözi bilen gören şaýatlaryň aýtmagyna görä, esgerler Andijanda Babur meýdanynda we onuň töwereginde ýerleşýän köçelere jemlenen adamlaryň üstüne hüjüm edýärler.

Özbegistanyň resmi maglumatlaryna görä, şol wakada 187 adam heläk boldy. Ölenleriň arasynda esgerler hem bar. Emma oppozision toparlar we hukuk goraýjy guramalar ölenleriň 1000-e golaýdygyny aýdýarlar.

Bu wakadan soňra bäş ýyl geçdi. 360 müň töweregi ilaty bolan Andijanda indi, göräýmäge, ýagdaý kadalaşana meňzeýär. Andijanyň ýaşaýjysy, käri gassap, 26 ýaşly Faruh Beg özüniň güzerany bilen başagaýdygyny aýdyp, “Eger salgytlaryňy öz wagtynda töleseň, seniň bilen hiç kimiň işi ýok” diýýär.

Andijanyň beýleki bir ýaşaýjysy, lukman Abdykadyr Sattarow soňky ýyllarda şäheriň durkunyň görnetin üýtgäp, täze binalaryň we ýollaryň gurulýanlygyny, ilatyň ýaşaýyş derejesiniňem ösüp barýanlygyny aýdýar.

2005-nji ýylda protestçileriň ýygnanan ýeri bolan Babur meýdanynyň durky hakykatdanam özgerdi. Häzir şol ýerde suw fontanlary gurlup, şol wakada basylyp alnan hökümet binasy-da täzeden dikeldildi. Hökümet ýolbaşçylarynyň şol wakalaryň ýatdan çykarylmagy we halkyň öz gündelik durmuşy bilen gyzyklanmagy üçin elinde baryny edýänligi bildirýär.

Dil ýarylmaýar

x

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Escape From Andijon

Andijanyň ýaşaýjylary ýerli habar serişdeleriniň şol wakalar barada asla dil ýarmaýanlygyny aýdýarlar. Olar munuň sebäbiniň regionda höküm sürýän gorkudan bolmagynyň mümkindigini çak edýärler. Adamlar hökümet bilen ýerli ilatyň arasynda henizem ynamsyzlygyň bardygyny aýdýarlar.

Hökümeti agdarmaga synanşanlykda aýyplanyp, iki ogly türmä basylan Sahibjan ata özüniň-de resmi taýdan gara sanawda bolmagynyň ahmaldygyny güman edýär.

“Meniň aýtjak zadym köp, emma dilimi ýaryp bilemok. Resmiler aýda bir gezek meni barlap durýarlar. Olar meniň öýüme gelip, çagalarym barada sorag berýärler. Men bu mesele hakda gürlemek isleýärin, emma çynymy aýtsam, agzymy açmakdan gorkýaryn. Olar düýn hem meniň ýanyma geldiler. Etrabymyzda täze wezipä başlan ähli polisiýa ofiserleri meniň bilen duşuşmak üçin öýüme gelýärler” diýip, andijanly Sahibjan zeýrenýär.

2010-njy ýylda goňşy Gyrgyzystanda bolan hökümet agdarylşygyndan soňra-da, Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleri bu regiondan ençeme adamlary soraga çekdiler.