Hukuk goraýjylar neşe söwdasyna baş goşýarlar

Gümrük gullugynyň işgäri neşe maddalaryny gözläp tapmak boýunça türgenleşik wagtynda

Türkmenistanyň kanuny goraýjy gulluklarynyň käbir wekilleriniň bikanun neşe söwdasyna gatnaşanlygy, ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň 11-nji maýda geçirilen maslahatynda aýdyldy. Türkmenistanyň prezidenti neşä garşy gaýduwsyz göreşiň zerurlygyny nygtady.

Türkmenistanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 11-nji maýda geçirilen maslahatynda ýurtda neşä garşy göreşi köptaraplaýyn alyp barmagyň, oňa kanuny goraýjy organlary, saglygy saklaýyş hem bilim edaralaryny we “Galkynyş hereketiniň” düzümine girýän jemgyýetçilik guramalaryny çekmegiň zerurdygy aýdyldy.

Emma öz şahsy bähbidi üçin jenaýatçylyga ýüz urýanlaryň arasynda kanuny goraýjy organlaryň işgärleriniň hem bardygyny maslahatda prezident G.Berdimuhamedow belledi.

Prezidentiň sözlerine görä, bar bolan faktlar Içeri işler ministrliginiň düzümindäki işgärleriň arasynda terbiýeçilik işleriniň kadaly alnyp barylmaýanlygyny subut edýär.

G.Berdimuhamedow ýurduň kanuny goraýjy organlarynyň işgärleriniň öz jogapkärçiligine göz ýetirmelidigini belledi we bu mesele bilen bagly degerli çäreleri görmek tabşyrygyny berdi. Bu barada TDH gullugy ýazýar.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan neşe problemasynyň Türkmenistan üçin köp wagt bäri iň agyryly meseleleriň biridigini belläp, Owganystanda öndürilýän neşäniň Türkmenistanyň üstünden geçmegine we neşe gaçaklygyna türkmen resmileriniň gatnaşmagyna degişli problema türkmen ýolbaşçylary tarapyndan gozgalýan hem bolsa, şu güne çenli çözülmän gelýänligini aýdýar.

Döwletiň görýän çäreleri


Türkmenistanda “Göknar-2010” atly proramma amala aşyrylýar. Türkmen metbugatynda bu programmanyň çäginde ýurduň ähli ýerlerinde ýörite ştablaryň döredilip, köp adamlaryň, ýörite transportyň we dikuçarlaryň gatnaşmagynda neşä garşy çäreleriň netijeliligini artdyrmagyň göz öňünde tutulýanlygy habar berilýär.

Türkmenistanyň kanuny goraýjy edaralary tarapyndan ele salnan neşe maddalaryny oda ýakmak boýunça çäreler hem daşary ýurt synçylarynyň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýär.

2008-nji ýylda ýurduň Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugy döredildi. BMG-niň Neşä garşy edarasy bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Türkmenistan neşä garşy göreş alyp barýan regional gurama bolan Merkezi Aziýanyň regional kordinasion habar merkeziniň agzasy. Ýurtda daşary ýurtlaryň neşä garşy edaralarynyň wekileriniň gatnaşmagynda seminarlar geçirilýär.

Türkmenistanyň neşä garşy göreş boýunça görýän çäreleri halkara guramalary tarapyndan makullanýar. Hususan-da, BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň başlygy Antonio Mariýa Kosta Türkmenistanyň neşä garşy halkara göreş boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegine umyt baglady.

Apreliň soňky gtünlerinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda neşä garşy göreş temasyndan maslahatlar hem duşuşyklar geçirildi.

Kileläp satýan nokatlar

Neşe problemasyna soňky döwürde Türkmenistanda döwlet derejesinde ünsüň güýçlenenligini ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Emma alnyp barylýan çäreleriň ýüzleý häsiýete eýedigini we köplenç il içinde garaşylýan netijeleri bermeýänligini hem belleýärler.

Mary şäheriniň ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Türkmenistanda neşe söwdasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde kanuny goraýjy edaralary köplenç ownuk söwdagärleri ýa özi üçin neşe satyn alýan neşekeşleri ele salýarlar. Neşäni getirýänler we ýaýradýanlar bolsa sypýarlar. Neşä garşy göreşde hatda neşäni kileläp satýan we köpçülige belli bolan nokatlaryň üstünden barylmaýar.

Şol bir wagtda-da ýurtda neşe problemasynyň möçberiniň näbelli bolup galýanlygyny garaşsyz synçylar belleýärler. Ýurtda neşe gaçakçylygy we oňa garşy göreşiň möçberini görkezýän sanlar, neşekeşleriň, neşe belasyna täze baş goşýanlaryň, heläk bolýanlaryň we, eger bar bolsa, betbagytçylykdan gutulýanlaryň sany şu çaka çenli köpçülige mälim edilmän gelýär.

Syýasy sistemanyň päsgelçiligi

Bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistanda kanuny goraýjy organlaryň neşe gaçakçylygyna baş goşmagyna garşy göreşi ýurduň syýasy-jemgyýetçilik sistemasynyň özi kynlaşdyrýar.

"Türkmenistanyň ýapyklygy we jemgyýetiň howpsuzyk hem Içeri işler ministrliginiň alyp barýan işlerine gözegçilik etmegine ýurtda mümkinçiligiň ýoklugy köp çinownikleriň işine netijeli gözegçilik edilmegine ýol bermeýär" diýip, Artýom Ulunýan aýdýar.

BMG-niň resmi hasabatlaryna görä, dünýädäki neşe maddalarynyň 90 %-den gowragy Owganystanda öndürilýär. Emma bilermenler soňky ýyllarda Owganystan bilen serhetdeş Merkezi Aziýa döwletleriniň özlerinde-de neşe önümleriniň öndürilişiniň artmagy bilen bagly howpuň güýçlenýänligini belleýärler.