Polşanyň ýogalan perzidentiniň dogany ruslara sagbolsun aýdýar

Polşanyň ýogalan prezidenti Leh Kaçinskiniň ekiztaýy Orsýetde bolan uçar heläkçiliginde öz doganynyň we onlarça tanymal polýagyň ölmegi rus-polýak gatnaşyklarynda oňyn özgerişlige getirer diýip umyt edýär.

Ýaroslaw Kaçinskiý wideo habarda 10-njy apreldäki uçar heläkçiliginde wepat bolan prezident Leh Kaçinskiniň, onuň aýalynyň we beýleki 94 polýagyň hatyrasyna şem ýakan we duýgudaşlyk bildiren ruslara sagbolsun aýtdy.