Eýranyň uran baýlaşdyrmak işi, Tähran ýadro ýaraglaryny ýasajak bolýan bolaýmasyn diýip howsala döredişi ýaly, Orta Gündogarda ýadro ýaraglarynyň bäsleşigine itergi berermi? Häzirlikçe bu soraga “ýok” diýip, jogap bermeli.
2005-nji ýyldan bäri sebitdäki ýurtlaryň ondan gowragy parahatçylykly maksatlar üçin atom elektrik stansiýalaryny gurmaklyga täze ýa täzelenen gyzyklanma bildirdi. Emma Kairden, Ankaradan, Riýaddan ýa-da beýleki paýtagtlardan ýadro ýaragly ýurt bolmagy ahmal Eýrana garşy durmak üçin ýadro ýaraglaryny edinmäge çagyrýan çynlakaý ses eşidilmedi.
Parahatçylykly ýadro energiýasyny edinmäge isleg bildiren ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Müsür we Aýlag Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň (AHG) agzalary hem bar. Bu ýurtlardaky bilermenler we syýasatçylar elektrik öndürilişini ýokarlandyrmak ýa-da deňiz suwlaryny duzsuzlandyrýan zawodlary işletmek üçin, özleriniň energiýa çeşmelerini dürlüleşdirmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz durandyklaryny öňe sürýärler. Emma beýleki ýurtlarda bu hili kärhanalar üçin ne tehnologiýa, ne-de adam infrastrukturasy bar ýa-da olar ýurt içinde bu barada pikir ederden gaty durnuksyz ýagdaýda.
Ýöne bu gözleg bu ýurtlarda ýadro tehnologiýasyny edinmek ugrunda dyzaýanlaryň köpüsi üçin milli buýsanç meselesine, ýurduň we onuň ýolbaşçylarynyň syýasy abraýy hem täsiri babatda öwünmek guralyna öwrüldi.
AHG ýurtlary barada aýdylanda, olaryň nebit baýlygy bu ýurtlaryň hakykatda syýasy kapitala kowalaşýandygy baradaky delile gol ýapýar. Müsürde teklip edilen ýadro proýekti kakasynyň ýerine prezident bolmak isleýän Gamal Mübärek üçin içeri syýasatda gün tertibiniň esasy meselesine öwrüldi.
Türkiýe we beýleki Orta Gündogar ýurtlary Eýrany Halkara Atom Energiýasy gullugy we BMG bilen doly hyzmatdaşlyk etmegä çagyrdylar. Muňa garamazdan, olar Tährana garşy berk sanksiýalaryň girizilmegine garşy we Eýranyň ýadro programmasyna tutuş sebitiň ýagdaýynda garaýarlar.
Regional çemeleşme
Bu sebitde ýadro ýaragy bardyr diýlip ynanylýan ýeke-täk ýurt – Ysraýyl. Bu ýurt Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyna goşulmakdan ýüz öwürdi we özüniň beýle ýaragynyň barlygyny ne inkär etdi, ne-de tassyklady.
Muňa garamazdan, Orta Gündogar ýolbaşçylaryndan Eýranyň ýadro programmasy barada soralanda, olar köplenç Ysraýyl meselesini galdyrýarlar. Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan köplenç şu meseläni gozgaýar we “Günbataryň bu meseledäki sessizligini” tankyt edýär.
Müsürem, Tährana we Türkiýä garanda, has müňkürem bolsa, Ysraýylyň şeýle ýaraglarynyň bar-ýoklugyna baş galdyrylmýan halatynda Eýrana basyş görkezilmegini ret edýär.
Saud Arabystany ýadro meselelerine regional çemeleşmäni öňe sürýäne we Orta Gündogaryň ýadro ýaraglaryndan azat bolmagyny wagyz edýäne meňzeýär. Ýöne Saud Arabystany Orta Gündogarda Eýranyň ýadro programmasyna Ysraýyldan soň iň köp garşy çykýan ýurt, başga arap ýurtlaryna garanda, ol özüne Tähran tarapyndan has köp wehim duýýar.
Ysraýyl aňtaw gullugynyň tassyklanmadyk maglumatlaryna görä, saudlylar Eýranyň ýarag synaglaryna jogap edip, Pakistanyň ýadro ýaraglaryny öz topraklarynda ýerleşdirmäge rugsat bermegiň pikirini edýär.
Durnuksyzlaşdyryjy Eýran
Eýse, Orta Gündogaryň beýleki ýurtlarynyň bu regional çemeleşmäni kabul etmegi hem Eýranyň ýadro programmasyny Ysraýyl bilen baglanyşdyrmagy Eýran üçin gowy zatmy? Bu edil beýle-de däl. Sebäbi ol ýurtlar hem Eýranyň ýadro programmasy baradaky şübhäniň dowam etmeginiň Ysraýyl bilen (belki-de, Birleşen Ştatlar bilen hem) weýrançylykly urşuň turmagyna eltip biljegine göz ýetirýärler.
Beýle urşuň tutuş regiona kesti ýetjek. Şeýle-de olar hüjüm ediji ýadro prorgammasynyň Tähranyň tutuş sebite täsirini güýçlendirjegine we bu regiondaky ýurtlaryň käbirindäki ýagdaýy has-da durnuksyzlaşdyrjagyna gowy düşünýärler.
Muňa garamazdan, eger Eýran öz ýadro programmasy baradaky şübheleri azaltmagy başarmasa, sebitdäki ýurtlar, hususan-da, Pars aýlagynyň töweregindäki döwletler öz howpsuzlygyny berkitmek ugrunda has köp tagalla edip başlajaga meňzeýär.
Eýranyň öz ýadro programmasy babatdaky sypjyklygy şu güne çenli onuň ne global, ne-de regional abraýyny ýa täsirini güýçlendirdi. Tersine, Tähran režimi açyk hem hyzmatdaşlyk isleýän ýurt bolmagyň deregine oňşuksyz we syrly ýurt sypatyna eýe boldy. Onsoň ol gepleşiklere hem eglişige ýykgyn edýän ýurt däl-de, barha artýan dartgynlygyň we konfliktiň çeşmesi hökmünde görüldi.
Elbetde, Tähranyň halkara düzgün-tertibinde netijeli orun tapyp bilmezligi Eýranyň halkyna gymmat düşýär. Şu sebäpden hem Eýranda soňky on aýda guralan köpçülikleýin demonstrasiýalaryň iň meşhur şygarlarynyň biri “Gaza-da däl, Liwana-da, meniň janym Eýrana gurban” diýen sözler boldy.
Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.