3-nji maý Bütindünýä metbugat azatlygy güni. 1993-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilip, erkin, köp pikirli we garaşsyz metbugat - demokratik jemgyýetiň aýrylmaz bölegi diýlip kesgitlenildi. Türkmenistanyň hökümeti ýurduň özgerişler, demokratik ösüş ýoly bilen barýanlygyny yzygiderli tekrarlasa-da, ýurtda şu güne çenli erkin metbugat ýok.
Türkmenistan metbugat azatlygyny berk gysaja gysýan ýurt hökmünde halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyllar boýy uly alada döredýän ýurtlaryň hatarynda agzalyp gelinýär. “Freedom House” guramasynyň 28-nji aprelde çap eden hasabatyna görä, metbugat azatlygy boýunça dünýä derejesinde Türkmenistandan ýaramaz orna düşýän diňe Demirgazyk Koreýa bar.
Žurnalistleriň hukugyny goraýjy halkara “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekili Elsa Widal erkin we garaşsyz metbugaty bolmadyk Türkmenistanda diňe bir resmi hökümetiň gözegçiligindäki metbugat bilen jemgyýetiň nädip dolandyrylýanlygyny ösen jemgyýetleriň nukdaýnazaryndan göz öňüne getirmegiň hem kyndygyny belleýär.
Ýaramazlykda özüni tanadan…
“Serhetsiz reportýorlar” guramasy 3-nji maýda Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabatlap, erkin metbugaty bogýan şahsyýetleriň iň bir yaramazlaryndan 40-synyň sanawyny ýaýratdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň hem ady bar.
Türkmen lideriniň bu sanawa goşulmagynyň sebäbi barada aýdyp, Elsa Widal häkimiýet başyna geleli bäri G.Berdimuhamedowyň käbir internet-kafelerini açmakdan başga metbugata erkinlik bermekde eden işiniň ýokdugyny, şeýle-de belli bir derejede ýurdy halkara bazary üçin birneme açdy diýäýmeseň, demokratiýanyň halkara standartlary üçin ýurdy ýapyk saklaýandygyny belledi.
Bu guramanyň ozalky hasabatlarynda Türkmenistan internetiň duşmany diýlip hasaplanýan ýurtlaryň sanawyna-da goşulypdy.
Türkmenistanda ýurduň hakyky ýagdaýy we halky alada goýýan meseleler barada habar berýän metbugatyň ýoklugyny türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem belleýär. A.Bugaýew Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başlarynda metbugat barada kabul edilen kanunyň hem kesgitsizligini we hatda şol kanunyň-da berjaý edilmeýänligini aýtdy.
Ýurduň ösüşine täsirler
Türkmen hökümeti soňky ýyllarda Türkmenistany halkyň durmuş derejesini galdyrýan we halkara gatnaşyklaryny-da giňeltmäge meýil edýän ýurt hökmünde görkezmäge çalyşýär. Emma käbir synçylar beýle hereket bilen häkimiýetleriň Türkmenistanda demokratik gymmatlyklara ýol açylmasa-da, munuň ýurduň gülläp ösmegine päsgel bermeýändigi baradaky pikiri döretmek isleýändiklerini belleýärler.
Türkmenistana baryp-gaýdýan daşary ýurtlular görküni täzelemek depgini boýunça Aşgabadyň regionyň beýleki paýtgatlaryndan tapawutlanýandygyny aýdýarlar we uly tutumly gurluşyklaryň özboluşly täsir galdyrýanlygyny belleýärler. Emma ýurda baryp-gaýdýan daşary ýurtlular syýahatçylyk boýunça ýörite şertnama baglaşyp, köplenç türkmen häkimiýetleri tarapyndan kesgitlenen, şol sanda Nyýazowyň guburyny hem “Saglyk ýodasyny” öz içine alýan marşrutlardan başga ýere goýberilmeýänligini gürrüň berýärler.
Ýerli ilatyň problemalar barada öz pikirini mälim etmekden gorkusy - Türkmenistana baran daşary ýurtlularyň gözüne ilýän ýene bir aýratynlykdyr. Günbatar žurnalistiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentleriniň sahsyýetine we alyp barýan syýasatyna degişli tema ýerli ýaşaýjylar tarapyndan üstünden barylmaýan mesele bolup durýar.
Öňde duran böwetler
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekili Elsa Widal: “Berdimuhamedow hiç wagt azat metbugat bilen iş salyşmandy. Belki, ol erkin ýagdaýda metbugat arkaly ýurduň aýylganç taraplarynyň paş edilmeginden howatyrlanýandyr. Sebäbi problemalar barada açyk habar berlende, ýolbaşçylar hem wada berýän özgerişliklerini durmuşa geçirmek we öz sözlerinde tapylmak üçin anyk iş alyp barmaly boljak” diýip belledi.
Elsa Widal hökümete degişli bolmadyk halkara guramalarynyň ençemesiniň Türkmenistanda demokratik prosesleri ýola goýmak boýunça türkmen häkimiýetlerine zerur teklipler bilen ýüz tutandyklaryny, emma türkmen resmileriniň bu ugurda halkara jemgyýetçiligi bilen çynlakaý hyzmatdaşlyga o diýen göwünjeň bolman gelýändiklerini belledi.