“Freedom House”: Türkmenistan iň soňky onlukda

Halkara “Freedom House” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Waşingtonda ýerleşýän, hökümete degişli bolmadyk bu guramanyň 29-njy aprelde çap edilen täze hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça ýaramaz ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
Türkmenistan, Özbegistan, Belarus we Eýran 2009-njy ýylda dünýä derejesinde metbugat azatlygyny iň berk çäklendiren 10 döwletiň arasynda galýar diýlip, “Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Hasabata görä, geçen ýylda dünýäniň repressiw hökümetleriniň erkin pikiri ýok etmek synanyşyklary dowam etdirildi, žurnalistlere garşy jenaýatçylyklar jogapkärçiliksiz galdy, döwletler tarapyndan internete gözegçilik etmek synanyşyklary amala aşyryldy.

“Freedom House” guramasynyň metbugat azatlygy boýunça hasabatynda 2009-njy ýylda metbugat azatlygynyň dünýä derejesinde çäklendirilmek tendensiýasynyň hem dowam edenligi aýdylýar. Guramanyň müdiri Kristofer Wolker bu ýagdaýyň sekiz ýyl bäri yzygiderli dowam edýänligini belleýär.

Türkmenistana berlen baha

Waşingtonda ýerleşýän “Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda dünýäniň 196 ýurdunyň metbugatynyň, radio-telewideniýesiniň we internet neşirleriniň erkinlik derejesine baha berilýär.

Hasabatda her bir döwletiň ýuridiki, syýasy hem ykdysady faktorlary, şeýle-de habar serişdelerine hökümet tarapyndan edilýän basyşlar nukdaýnazaryndan baha berilýär. Hasabatda döwletler metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça «azat», «belli bir derejede azat» we «azat däl» diýen üç topara bölünýär.

“Freedom House” guramasynyň hasabatynda Birma bilen deň derejede ýerleşdirilen Türkmenistana berlen baha 95 baldan ybarat. Deňeşdirmek üçin alsak, Belarus bilen deň derejede ýerleşdirilen Özbegistana berlen baha 92 baldan ybarat.

Guramanyň hasabatynda bu döwletlerde garaşsyz habar serişdeleriniň düýpden ýoklugy ýa-da örän çäkli görnüşlerde hereket edýänligi bellenilýär. “Freedom House” guramasyndan Kristofer Wolker bu döwletlerde žurnalistleriň howp astynda galýanlygyny, habar serişdeleriniň hökümetiň gözegçiligi astyndadygyny, köp pikirliligiň asla ýoklugyny belleýär.

“Beýleki döwletlerden tapawutlanýar”

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekili Elsa Widal Türkmenistanyň habar serişdeleriniň ýagdaýynyň dünýäniň beýleki repressiw döwletleri-hä beýlede dursun, hatda öz Merkezi Aziýadaky goňşularyndan hem tapawutlanýanlygyny belledi.

“Türkmenistan region boýunça goňşulary, şol sanda, hatda Özbegistan bilen deňäniňde-de iň repressiw we ýapyk ýurtdur. Türkmenistan öz pikirini açyk beýan etmek isleýänleri türmä dykmak, işini elinden almak ýa-da maşgala agzalaryna basyş etmek ýaly gorkuda saklaýan ýurt bolmagynda galýar” diýip, E.Widal aýtdy.

Türkmenistanyň habar serişdelerini ýurduň öňki we häzirki prezidenti häli-şindi tankytlaýar. Hususan-da, telegepleşikleriň birmeňzeşligi, hiliniň pesdigi we mazmunynyň gowşakdygy tankytlanylýar.

Türkmen metbugaty näme maksada eýerýär?

Türkmenistanda habar serişdeleriniň režimiň ideologiýa guraly bolup, resmi häkimiýetleriň propaganda maksatlaryna hyzmat edýän şertlerinde ýolbaşçylaryň žurnalistleriň işinden nägile bolmaklarynyň geň görünýänligini synçylar belleýärler.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekili Elsa Widal bu barada şeýle diýdi: “Ýerli habar serişdeleriniň işiniň hili hakykatdanam pes. Emma žurnalistleriň işleýän şertlerine ýurt ýolbaşçylarynyň özleri jogapkär. Şeýlelikde, ýurtdaky ýagdaýlar barada doly maglumat berilmegine rugsat bermeýän Türkmenistanyň ýolbaşçysy metbugatda açyk pikirleriň ýoklugy üçin diňe özüni ýazgarmaly”.

Elsa Widalyň pikirine görä, prezident Berdimuhamedow ýagdaýy özgertmek isleýän bolsa, metbugatyň azat bolmagyna, garaşsyz habar serişdeleriniň döremegine we gözegçilikden el çekmäge razy bolmaly.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda interneti ösdürmek maksadyna eýerýändiklerini aýdýarlar. Ýurduň mekdeplerini kompýuterleşdirmek boýunça çäreler hem geçirilýär. Ýurtda raýatlara internete çatylmak üçin hyzmatlar köpelýär. Internet kafeleri açylýar, internet aragatnaşygy üçin tehniki mümkinçilikler döredilýär. Elsa Widal, muňa garamazdan, Türkmenistanda internet saýtlarynyň petiklenmegi we internet kafelerine barýan adamlaryň hasaba alynmagy ýaly çäreler türkmen häkimiýetleriniň ilatyň informasiýa elýeterligini çäklendirmäge höwesekdiklerini görkezýär diýýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekiliniň pikirine görä, özüniň dünýäniň öňünde açyklygyny yglan edýän Türkmenistanyň ähli açyklygy, esasan, halkara biznes gatnaşyklary bilen çäklenýän “açyklyk” bolup çykýar.