Internetiň Türkmenistandaky oňaýsyz orny

Türkmenistanda internetiň ösýänligi, bu ugurda tehniki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça ýörite işleriň alnyp barylýanlygy türkmen metbugatynda yzygiderli habar berilýär. Eýsem, bu ugurdaky işler hakykatdanam islegleri ödeýärmikä?
Hususan-da, “Türkmentelekom” döwlet kompaniýasynyň maglumatyna görä, geçen ýylda Aşgabatda esasy dört awtomatik telefon stansiýalaryny özara birleşdirýän optiki süýümli sistema işe girizilipdir. Sistema internetiň geçirijilik ukybyny güýçlendirip, tizligini üpjün edipdir.

Mudan daşary, resmi maglumata görä, geçen ýylyň başynda “Türkmentelekomyň” hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany sekiz müň adama ýetip, bu san şu ýyl ýene kopelipdir.

Emma internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň we teklip edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili paýtagtda ýokarlanýan hem bolsa, ýerli ýaşaýjylar welaýatlarda ilatyň internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň örän çäklidigini aýdýalar.

Regionlardaky internet

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýewiň sözlerine görä, welaýat merkezlerinde internet kafeleriniň birnäçesi açylan-da bolsa, oba ýerlerinde, hatda etrap merkezleriniň-de köpüsinde internet nokatlary düýpden ýok. Onuň sözlerine görä, oba ýerlerinde internet üçin ýörite tehniki şertler döredilmänsoň, oba ýaşaýjylarynda mobil aragatnaşygy arkaly interneti öz öýlerinde ulanmak mümkinçiligi-de ýok.

Türkmenistanda mekdepleri kompýuterleşdirmek boýunça programma alnyp barylýar. Häzirki wagtda oba mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly kompýuter klaslarynyň bardygy we kompýuteri öwredýän informatika sapaklarynyň geçilýänligi resmi maglumatlarda bellenilýär. Muny ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar. Emma mekdep kompýuterleri Aşgabatda we welaýat merkezlerinde internete çatylan bolsa-da, oba mekdeplerinde asla internet ýok.

Ýaşlaryň arasynda internete gyzyklanma we höwes welin, gitdigiçe güýçlenýär.

Osman Hallyýewiň sözlerine görä, soňky döwürde internete mobil telefony arkaly çatylmak ýaşlaryň arasynda örän ýörgünli. Emma beýle hyzmatlaryň gymmatlygy ilkinji nobatda ýene-de oba ilaty üçin internetiň elýeterliligini çäklendirýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy oba mekdeplerinde informatika sapaklarynyň-da köplenç pes derejede geçirilýänligini belledi.

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi oba ýerlerinde ýaşaýar. Internetde çap edilen elýeterli maglumatlara görä, Türkmenistanyň oba ilatynyň sany ýurduň ähli ilatynyň 55-60 %-ne barabar diýlip görkezilýär.

Internet kafeleriniň ýörite düzgünleri

Türkmenistanda raýatlaryň internetden peýdalanmagynyň öňünde päsgelçilik döredýän zatlaryň ýene biri ýurtda işleýän internet kafelerine barýanlardan pasport talap edilmegidir. Kafelere barýan adamlaryň hasaba alnyp, gözegçilik astynda saklanylýandygyny we olara belli bir saýtlara girmeli däl diýen duýduryşlaryň berilýändigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Internet hyzmatlarynyň hiliniň pesligi bilen bir wagtda bu hyzmatyň bahasynyň gymmatlygy-da adamlaryň mümkinçiliklerini çäklendirýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, internet kafelerinde öňünden bir sagadyň puluny töläp, onuň haýallygy sebäpli adamlaryň soňra hiç hili maglumat alyp bilmän gidýän halatlary-da seýrek däl.

Saýtlar näme üçin petiklenýär?

“Fergana.ru” internet saýtynyň baş redaktory Daniil Kislow Türkmenistanda interneti ösdürmek boýunça edilýän işleri hökümetiň interneti ilat üçin has elýeterli etmek maksady bilen baglanyşdyrmaýar. Onuň aýdyşyça, internetiň tehniki derejesini ösdürmek işleri häzirki wagtda ähli döwletlerde-de alnyp barylýar. Emma Merkezi Aziýa hökümetleri aragatnaşyk hyzmatlarynyň tehniki mümkinçiliklerini ösdürmek we internet kafeleriniň sanyny köpeltmek ýaly çäreleri diňe halkara jemgyýetçiligine öz ösüşlerini görkezmek üçin amala aşyrýarlar.

Internet saýtlarynyň petiklenmegi ilat üçin habarlaryň we maglumatlaryň elýeterliligini çäklendirýän ýene bir mesele bolup durýar. Türkmenistanda resmi taýdan gadagan edilmedik hem bolsa, ençeme saýtlaryň ýurtda açylmaýanlygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. “Fergana.ru” internet neşiri-de şeýle saýtlaryň biri bolup durýar.

Merkezi Aziýa boýunça maglumat berýän bu informasion resursyň baş redaktory Daniil Kislow saýtlaryň petiklenmegini türkmen häkimiýetleriniň ýurduň içinde tankydy maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak islegi bilen baglanyşdyrýar.