Kadrlar meselesindäki durgunlyk

Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabatda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň regional merkezinde “Merkezi Aziýada durnuklylyk, howpsuzlyk: halkara we regional guramalar bilen özara gatnaşyklar” ady bilen ýörite seminar geçirildi. Seminarda regiondaky durnuksyzlygyň köpsanly faktorlary maslahat edildi.
Türkmen propagandasy režimiň iň uly gazananlarynyň biriniň syýasy we ykdysady durnuklylykdygyny yzygiderli reklama edýär. Seminarda gürrüňi edilýän durnuksyzlygyň faktorlaryny türkmen häkimiýetleri özündäki reallyklar bilen deňeşdirmek, problemalaryň bardygyny ykrar etmek islemeýär.

Muňa garamazdan, ýurduň öz içinde çözülmeli meseleleriň bardygyny ýolbaşçylar ençeme gezek boýun aldylar. Mysal üçin, kadrl ýetmezçiligini alyp göreliň. Bu barada hut G.Berdimuhamedowyň özi ençeme gezek aýtdy. Propaganda bu problemanyň arkasynda syýasy sebäpleriň ýatandygyny “görmeýär”.

Ýapyk jemgyýetiň kadrlar syýasaty

Häzirki Türkmenistanda bilim sistemasynda Nyýazowyň goýberen käbir ýalňyşlaryny düzetsek, galanlarynyň ählisi öz-özünden düzeler diýlip hasap edilýän bolmagy ahmal.

Emma daşarky dünýä bilen arasy üzňe, ýapyk ýurtda, hatda iň bir progressiw bilim sistemasynyň-da netije bermeýändigini dünýä praktikasy görkezýär. Eger ýurtda azat-erkin informasiýa alyş-çalşygy bolmasa, ýokary hem orta mekdepleriň häzirki zaman material-tehniki bazasy bolaýanda-da, ol işlemez.

Ýapyk jemgyýetiň gazaply şertlerinde taýýarlanan professional kadrlary hakyky professionallar diýip atlandyrmak kyn. Şeýle sistemanyň kadrlary iň esasy zady - öz kärine ussat professionalyň ýönekeý hünärmentden ýa-da başlyklaryň buýrugyny köre-kör ýerine ýetirýänlerden tapawudyny açyklap bilmez.

Problemanyň esasy sebäbi

Munuň esasy sebäbi ol ýerde erkin döredijilik mümkinçilikleriniň ýoklugydyr. Ykdysady we sosial howpsuzlyga abanýan şunuň ýaly wehimler Prewentiw diplomatiýa boýunça merkeziň çözmeli meseleleriniň çäklerinde Türkmenistanda bolşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýada-da içgin öwrenilmeli.

Eysem, kadrlar meselesindäki problemalary Merkezi Aziýanyň režimleri tarapyndan nähili kabul edilýär? Olar bu problemalaryň ählisini äsgermezlik edip, bu ugurda diňe şular ýaly seminarlary geçirmek bilen çäklenýärlermi?

Aşgabat BMG bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklaýar. Ýöne, eýsem, şol hyzmatdaşlygyň ýurduň içindäki özgerişler bilen gös-göni baglanyşygy barmy?

Regional guramanyň öňündäki mesele

Prewentiw diplomatiýa boýunça regional merkezdäki seminar Fransiýadan, Norwegiýadan, Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan spesialistleri türkmen paýtagtyna ýygnady. Agzalan şol ýurtlar jemgyýet durmuşynyň düýpli meselelerini çözmegiň ýoluny tapmagy başgalardan gowy bilýär. Şu ýerde aýratyn bellenilmeli zat, ol-da, bu yurtlaryň şol gürrüňi edilýän problemalary güýç, zorluk ulanmak, administratiw buýruk bermek prınsipleri bilen däl-de, höweslendirmegiň iň häzirkizaman usullaryny ulanmak arkaly demokratik prinsipler esasynda çözýänligidir.

Umuman, şeýle çözgütlere häzir Merkezi Aziýa ýurtlary örän mätäç. Çünki olar dolandyryşyň güýç ulanylýan we administratiw usullarynyň hemmesini ozal gowy synadylar, ýöne bu hemişe oňyn netije berip durmady. Iň bärkisi, göze dürtülip duran bir ýagdaý: ykdysady we sosial meselede Merkezi Aziýa ýurtlary ösen demokratik döwletlerden juda yzda. Ýogsa, regionda ägirt uly möçberde tebigy baýlyklaram bar.

Şeýlelikde, gumanitar azatlyklaryň toplumy bilen berkidilmese, hiç bir tebigy baýlyk bu ýurtlara ösüşiň häzirki zaman derejesini berip biljek däl eken. Şu-da Prewentiw diplomatiýa boýunça regional merkeziň çözmeli köpsanly problemalarynyň, belki-de, iň möhümleriniň biridir.

Ýöne şu ýerde ýene bir möhüm sorag döreýär: Türkmenistanyň öz içinde şol problemany häkimiýetler ykrar edýärmi, boýun alýarmy? Eger şeýle bolsa, näme üçin onuň çözgüdini soňa goýýarlar? Bu sorag häzirlikçe jogapsyz galýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.