«Okaýan il ozar, okamaýan il tozar»

Dünýä jemgyýetçiligi 23-nji aprelde Halkara Kitap gününi belledi. Şeýle hem, bu sene awtorlyk hukugynyň-da günüdir. Eýsem, kitabyň hatyrasyna aýratyn halkara gününiň döredilmegine nähili zerurlyk bar?
Bütin adamzat üçin iňňän gadyrly hem gymmatly bolan kitabyň halkara gününiň 23-nji aprelde bellenmegi ýöne ýerden däl. Dünýäniň iň belli ýazyjylarynyň biri Migel de Serwantes şol günde aradan çykypdy. Wilýam Şekspir, Garsilaso de la Wega hem şol günde bakylyga gidipdiler. Ol gün Moris Drýon, Laksaness, Manuel Waleho ýaly belli söz ussatlary üçinem şeýle bolupdy.

Şu baglanyşykdan ugur alyp, 1995-nji ýylda Parižde geçen UNESKO-nyň baş konferensiýasynda Kitaby hem ony döredýän awtory hormatlamagy karar etdiler. Çünki kitap adamzat durmuşynyň aýrylmaz bir bölegidir.

Kitap ozaly bilen kime gerek?

Kitap aýratynam ösüp barýan ýaşlara gerek. Ýaşlar kitap arkaly öz gözýetimlerini giňeldýärler, dünýä akyl ýetirýärler, dürli medeniýeti, umumy ynsanyýeti hem tebigaty söýmegi öwrenýärler diýen pikire eýerip, UNESKO Halkara Kitap we awtorlyk hukugy gününi bellemegi karar edipdi.

Hut şol günde sabyr-takatlylyk hem başgalara geçirimli bolmak ideýalaryny ündeýän çagalar hem ýaşlar edebiýatyna UNESKO-nyň ýyllyk baýragy berilýär.

Halkara Kitap gününde, owaly bilen, belli ispan ýazyjysy Migel de Serwantes ýatlanýar. 23-nji aprelde belli söz ussadynyň dünýäden ötenine 405 ýyl boldy.

Soňky geçirilen barlaglara görä, bu ýazyjynyň “Don Kihot” romany Mukaddes Kitaplardan soňra dünýäde iň köp okalýan eser saýylýar. Onuň bu eseri Gomeriň, Tolstoýyň, Dostoýewskiniň, Kafkanyň hem Folkneriň eserlerinden-de öňde goýuldy.

Her ýylyň şu günlerinde Ispaniýanyň paýtagty Madridde, iki günläp yzygiderli «Serwantesiň okaýyşlary» geçirilýär.

Ruhy baýlygyň çeşmesi…

Şeýlelikde, her bir halkda, her bir döwletde kitaba goýulýan gadyr-gymmat örän ýokarydyr. Ynsan diňe kitap arkaly bilime ýol açyp bilýär. Ynsanda ruhy hem ahlak gymmatlyklarynyň kämilleşmeginde hem kitabyň hyzmaty örän uludyr. Biz kitap arkaly ynsanyýetiň döredijilik ukybynyň derjelerine we gözellik syrlaryna akyl ýetirip bilýäris.

Kitap her bir halka öz ruhy dünýäsi, ruhy gymmatlyklary barada söz açmaga mümkinçilik döredýär. Kitap adamlary dürli halklaryň medeniýeti hem däp-dessurlary bilen tanyş edýär. Kitap iňňän köp görnüşli dünýäni görmegiň penjiresi saýylýar. Ol ynsanýetiň geçmişini hem-de taryhda bolan dürli medeni ösüşlerini häzirki döwür bilen baglanyşdyrýar.

Halkara Kitap we awtorlyk hukugynyň güni barada gürrüň edenimizde, awtorlardan daşary kitaplary gorap saklaýan hem köpçülige ýetirýän adamlaryň we guramalaryň hyzmatyny-da ýatlamak zerur. Olar kitaby çap edip köpçülige ýetirijiler, kitaphanaçylar, mugallymlar, terbiýeçiler hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleridir.

Türkmen halky “Okaýan il ozar, okamaýan il tozar” diýip, örän sadalyk bilen, okuwyň hyzmatyna iňňän ýokary baha beripdir. “Türkmen halk nakyllary” kitabynda okuwa degişli nakyllardan birinde “Okuwa garrama ýok” hem diýilýär. Hut şu nukdaýnazardan, kitaba sarpa goýmaklygy ündeýän Kitap baýramçylygy ähli ýaşdaky ynsanlara degişli bolup durýar.