Jezalandyrylan owganlylar barada derňew geçirilýär

“Seret, olar bize nähili azar berýärler. Seret, bize garşy nämeler edilýär!”

Bu Owganystanyň günbatarynda, Eýranyň serhediniň gapdalynda ýerleşýän Koşan obasynyň ýaşaýjysy Arbap Zerifiň sesi, ol birsalym mundan öň öz doganyny jaýlady.

Zerif Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda öz doganynyň neşe gaçakçylygynda aýyplanyp, Eýranda dardan asylyp öldürilenligini belledi.

Ol doganyny gorap çykyş etmek üçin aklawçysynyň bolmanlygyny, onuň üstesine-de doganynyň jesediniň yzyna iberilmegi üçin eýranyň wekillerine pul tölemeli bolanlygyny aýtdy: “Eýranlylar doganymyň jesediniň deregine menden 100 dollar talap etdiler. Men 100 dollar karz pul alyp, doganymyň jesedini almak üçin eýranlylara pul tölemeli boldum”.

Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Goriýan obasynyň ýaşaýjysy Muhammet Nesim Rahmanynyň ýagdaýy hem Zerifiňkiden o diýen tapawutly däl.

Rahmanynyň aýtmagyna görä, onuň dogany Abdyl Kaýum hem Eýranda dardan asylyp öldürilenden soň, onuň jesedi geçen hepde özlerine tabşyrylypdyr.

“Hawa, meniň doganym 33 ýaşyndady, onuň ady Abdyl Kaýum. Onuň dört çagasy bar. Tussag edilenden soň, Kaýuma kömek etjek adam ýokdy, iň soňunda-da oňa ölüm jezasy berildi” diýip, Rahmany zeýrenýär.

Gahar-gazap möwjeýär

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, Eýranda soňky hepdeleriň dowamynda neşe gaçakçylygynda aýyplanyp tussag edilen owganystanlylardan üçüsi dardan asylyp öldürildi.

Owganystanda häzirki wagtda Eýranyň ýakynda azyndan 40 owganystanly bendiniň jesedini yzyna iberenligi baradaky habar bilen baglanyşykly alada hem gahar-gazap barha möwjeýär.

Emma eýran resmileri henize çenli bu barada öz pikirlerini mälim edenoklar. Owganystanyň hökümeti bolsa bu mesele bilen bagly raportlar boýunça derňew geçirýändiklerini aýdýar.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abdyl Zahir Fakiri 15-nji aprelde Kabulda geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda bu raportlar bilen bagly gepleşikler geçirmek üçin ady agzalýan ministrligiň ýokary derejeli bir delegasiýasynyň ýakynda Eýrana sapar etjekdigini aýtdy.

Bu raportlar owgan hökümetini serpmeden gaýdan ýaly etdi. Daşary işler ministrligi bu baradaky raportlary diplomatik hem howpsuzlyk kanallary arkaly berk yzarlamagy dowam etdirýär.

Bir gijede 30 adamyň jesedi getirildi

Derňewleriň deslapky netijelerinden mälim bolşuna görä, öldürilenligi aýdylýan şol adamlaryň sany birneme çişirilip beýän edilýän ýaly. Bu mesele, elbetde, owgan hökümetini alada goýýar.

Owganystanyň Eýrandaky ilçihanalaryna we konsulhanalaryna bu meseläni Eýran ýolbaşçylarynyň öňünde goýmak barada wezipe tabşyryldy diýip, owganystanly resmi aýtdy.

Bu baradaky gürrüň Owganystanyň Hyrat welaýatyndan saýlanan deputat Gul Ahmet Amininiň bu meseläni 12-nji aprelde parlamentde gozgandan soň, tutuş ýurda ýaýrady.

Hyrat öz çykyşynda şeýle diýdi: “Eýranda dardan asylyp öldürilen 45 owganystanlynyň jesedi ýurda getirildi. Meniň pikirimçe, bu merhemetsizlik bilen amala aşyrylan bir hereketdir. Şonuň üçin halk bu baradaky mesele boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegine we muňa aýratyn ähmiýet berilmegine garaşýar. Bir gijede 30 adamyň jesedi getirildi, beýleki agşam bolsa 15 adamyň jesedi Owganystana getirildi. Şol adamlar Owganystanyň raýatlary, olar şol adamlary ýurduň daşynda öldürip, jesetlerini Owganystana iberdiler”.

Owganystanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän bir türmede 18 owganystanlynyň dardan asylyp öldürilmek üçin öz nobatyna garaşýanlygyny hem ol sözüniň üstüne goşdy.

Hyratyň welaýat geňeşiniň ýolbaşçysy Muhammet Rafik Şaheer bolsa owganystanly bendileriň Eýranda öldürilmeginiň ilkinji gezek bolan waka däldigini aýtdy.