Aşgabat gyrgyz wakalary barada näme üçin dymýar?

“Türkmen hökümeti Gyrgyzystanda geçen hepde bolan gozgalaň barada maglumat bermedi, täze gyrgyz ýolbaşçylaryny ykrar etmedi” diýip, “Açyk jemgyýet” institutynyň “Merkezi Aziýa proýekti” hepdelik synynda ýazýar.
Hakykyatdan-da maglumat ýokmy? Aşgabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýdi: “Telewideiniýede-de, radioda-da, gazetlerde-de hiç zat ýok. Hamana, Gyrgyzystanda hiç zat bolmadyk ýaly”.

Bu dymmaklygyň sebäbi barada postsowet döwletleri boýunça ekspert Aleksandr Narodetskiý şeýle diýdi: “Diňe häzirki gyrgyz wakalary barada däl, Ukrainada bolan reňkli rewolýusiýa, Gürjüstanda Şewardnadzäniň ýerine Saakaşwilini getiren “Bägül rewolýusiýasy”, bäş ýyl mundan öň Bakyýewi häkimiýet başyna getiren öwrülişikler - bularyň hiç biri dogruda Türkmenistan öz graždanlaryna habar bermedi. Bu aýdylanlar Türkmenistanda režimi saklamagyň nyýazowçylyk konsepsiýasynyň hereket edýändigini görkezýär. Häzirki türkmen ýolbaşçylarynyň aradan aýryp bilmeýän zady - Nyýazowyň mirasy, ol ýurtda güýçli. Ol diňe režimiň öňünde halkyň elini-aýagyny daňman, tutuş dünýäniň öňünde türkmen ýolbaşçylarynyň gorkusyny görkezýär”.

Ýazyjy A.Bugaýewiň sözlerine görä, halk habarlary türkmen häkimiýetlerinden eşitse, gowy bolardy. Dymmaga sebäpleriň biri: “Şu waka dogry ýa nädogry diýip, daşary syýasatymyzda özleri belli bir netijä gelenoklar öýdän” diýdi.

Türkmenistan boýunça bilermen professor Artýom Ulunýanyň sözlerine görä, dymmak meselesinde Türkmenistan Merkezi Aziýada ýalňyz döwlet däl. Özbegistanam edil şonuň ýaly: “Awtoritar režimler jemgyýetiň keýpine täsir edip biljek habarlaryň ýaýramagyna asla tarapdar däl. Şol wakalardan täsir alyp, öz ýurtlarynda şol hadysalaryň gaýtalanmagyndan heder edýärler. Ine, Türkmenistanyň hem Özbegistanyň syýasatynyň özeni şol” diýip, ekspert aýtdy.

Gytaklaýyn reaksiýa

Türkmen häkimiýetlerinden, Türkmenistanyň habar serişdelerinden bu waka gytaklaýyn reaksiýanyň bardygyna synçy Esen Aman adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň internet saýtynda ünsi çekýär hem soňky gyrgyz wakalaryny türkmen hökümetiniň özüçe kabul edip, telewideniýe arkaly prezidentiň güýjüni tomaşaçylara görkezendigini belleýär. Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Harby akademiýasyna baryp, ok atyşykda ähli nyşanalary urandygyny, munuň bolmagy mümkin agdarylyşyk howpuna özboluşly reaksiýadygyny ýazýar.

Professor Ulunýanyň sözlerine görä, Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden, harby tematika bilen ýakyndan gyzyklanyp başlady. “Harby reformalar geçirmek, harby tehnika satyn almak, tehniki-goranyş çärelerine gatnaşmak ýaly alyp barýan işleri, iň soňunda Harby akademiýada ok atyp görkezmegi gep-gürrüňsiz belli bir şertlerde, Türkmenistanyň ol ýa beýleki içki problemasyny güýç ulanmak arkaly çözmägiň tarapyndadygyny görkeýär” diýip, ekspert Artýom Ulunýan aýtdy.

Synçy Esen Aman häzir Türkmenistanyň sandal bilen ýekedabanyň arasynda durandygyny belleýär. Sebäbi BMG adam hukuklary boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistana açyk gysyş görkezýär. Ýewropanyň Rekonstruksiýa we Ösüş banky maksada okgunly täze strategiýa kabul edip, Türkmenistan bilen bolmagy mümkin hyzmatdaşlygy adam hukuklary boýunça talap bilen baglanyşdyrýar.

Ýöne awtoritar režimi saklamak üçin şol talaplary Berdimuhamedowyň ýerine ýetirip bilmejekdigini, dissidentlere eýerijileriň hakyky syýasy partiýalary döretmek howpundan gorkýandygyny synçy Esen Aman ýazýar.

Gyrgyzystandaky studentler

Gyrgyzystanyň bilim ministriniň ylym boýunça birinji orunbasary Boris Kubaýew häzir bu ýurtda iki müňden gowrak türkmenistanly ýaşlaryň okaýandygyny aýtdy. Olaryň ykbaly bilen türkmen häkimiýetleri gyzyklanýarmy? Ýazyjy A.Bugaýew: “Şolaryň aladasyny edýär – diýip, men-ä eşidemok. Gaýtam ene-atalar Krasnowodskiden, Nebitdagdan tanyşlarymyz jaň edýär, ogullarynyň telefonlaryny berýärler “siz çykyp bilmezmikäňiz” diýip. Şolaryň beren telefonuna çykjak bolýan, men-ä çykyp bilemok. Şolar-a gaty heläk bolýarlar şol wakalardan bäri” diýdi.

Bişkekde okaýan student biziň Azatlyk Radiosynyň saýtynda şeýle ýazýar: “Gyrgyzystandaky studentleriň howpsuzlygy Türkmenistan üçin gaty möhüm, ýöne gynansagam, türkmen metbugaty bu ýerdäki türkmen studentleriniň jan saglygy, umumy ýagdaýy hakda hiç hili habar bermedi. Munuň sebäbi, elbetde, belli. Türkmenistan öz syýasy gaýgy-aladasy zerarly bärdäki habarlary halkdan gizledi. Biz bu ýerde syýasy düşünje üçin däl-de, okuwymyzy gutaryp, maşgalamyza, ýurdumyza peýdaly nesil bolmak üçin okaýarys. Galan zatlar Gyrgyzystanyň öz içerki meselesi. Ony öz aralarynda özleri çözmeli. Gyrgyz doganlarymyza parahatçylyk, abadançylyk hem hemme zadyň oňatlyk bilen düzelip gitmegini Gyrgyzystanda okaýan türkmen oglanlary bolup, arzuw edýäris”.

Režimiň ömri


Habar bermezlik, goňşulardaky wakalara resmi derejede reaksiýa bildirmezlik režimiň ömrüni uzaldyp bilermi? Ekspert Aleksandr Narodetskiniň pikiriçe, hut şu hereketler režimiň özüni berkitmek üçin ulanýan ýaragy.

“Ýöne şol ýarag türkmen häkimiýetleriniň öňe sürýän “Döwlet adam üçindir” şygaryna ters gelýär. Nyýazowyň döredip giden türme režiminiň näçe wagt dowam etjegini göz öňüne getirmek kyn. Ýöne ýagdaýyň petige direýänine häkimiýetleriň özem düşünýär” diýip, A. Narodetskiý aýtdy.

“Gyrgyz wakalaryndan bir sapak çykarmak mümkin: demokratik özgerişleri wada berip, Bakyýew ýaly hakyky saýlawlar esasynda häkimiýet başyna gelen adamlar wadada wepaly bolman, korrupsiýa ýüz urup, berlen ygtyýarlyklardan galp peýdalanyp, adam hukuklaryny kemsitse, beýle adamlar häkimiýet başynda uzak saklanyp bilmezler” diýip, synçy Esen Aman ýazýar.