Soňky hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow ýurduň ösüşi üçin saýlap alan ýollarynyň esasy ugurlaryny gorap çykyş etdi.
Türkmenistanda döreýän, ýüze çykýan ähli problemalar, şol sanda prezidentiň yglan edýän şygarlary-da jedelden, maslahatlaşmadan, diskussiýadan daşda galýar. Prezidentiň özi, onuň yz ýanyndan tutuş propaganda maşyny diňe häkimiýetiň dilinden çykan sözlere esaslanýan iki pursaty gaýtalap ugraýar.
Ähli döwlet gurluşlarynyň üç aýlyk işleriniň jemlerine sereden hökümet maslahatynda-da şol ýaňlandy. Olaryň esasysy - “Döwlet halk üçindir” diýen şygar, ikinjisi “Näme edilýän bolsa, barysy dünýäniň demokratik standartlaryna golaýdyr”.
Emma iş ýüzünde tutuş maslahat makro- ykdysady görkezijilere bagyşlandy. Bu ýerde gürrüň Hytaý, Eýran ýaly äpet uly gaz müşderileriniň peýda bolmagy, pensiýalaryň we aýlyklaryň pesligi zerarly ýetde-gütde durmuşda ýaşaýan ýüzlerçe müň adamda gynançly reaksiýa döredýän köp milliard dollarlyk gurluşyklar barasynda barýar.
Eýse, milliardlarça dollar harç edilip gurulýan kaşaň ministrlikleriň ýa-da myhmanhanalaryň binalarynyň, köşk toplumlarynyň, biznes merkezleriniň, ýadygärlikleriň we beýleki desgalaryň “Döwlet halk üçindir” diýen şygara galtaşýan ýeri barmy? Ol adamlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmäge hakykatdan-da ýardam edýärmi? Ýa-da ol dünýäniň demokratik standartlaryna ýakyn ýagdaýy Türkmenistanda döretmäge ýykgyn edýän propagandanyň işimi?
Daşarky dünýä bilen ara ýapyk
Geçen anna güni bolan hökümet maslahatynda şu-da ýaňlandy. Ýöne şol ýykgyn etmä hiç kim boş sözden aňry geçýän, hakykatdan hem amala aşýan iş hökmünde seredip bilmez. Ýurduň daşarky dünýä bilen arasy berk ýapykdy, ol ara häzirem gaty berk gulply, häzirem bu ara ýapyklygyna galýar.
Şu ýagdaý ozaly bilen özüni informasion derejesinde görkezýär. Ýönekeý graždanlaryň nämeleri bilmelidigi, nämelerden bihabar galmalydygy diňe ýokarda çözülýär. Mysal üçin, Ukrainada ýa Baltika ýurtlarynda, hatda hut öz ýaşaýan regionynda bolup geçýän wakalary-da halkyň bilmegi hökman däl diýlip hasaplanylýar.
Gyrgyzystanda gan döküşikli häkimiýet çalşygy, Bakyýewiň häkimiýetden çetleşdirilmegi Türkmenistanyň ilatyna asla habar berilmedi. Türkmenistanyň habar serişdelerinden çen tutsaň, onda, hamana, Gyrgyzystanda hiç hili waka bolmadyk ýa bolmaýan ýaly.
Gürrüň dünýä standartlary barasynda gidýän bolsa, muny “Döwlet halk üçindir” diýen şagar bilen nähili baglanyşdyrjak? Eger wakalar millionlarça türkmenistanlynyň gözüniň alnynda doly tersine bolup durka, türkmen propagandasyna kim ynanjak? Häkimiýetler adamlary asla äsgermezlik edip, adamlara zerur habarlary ýetirmekde dünýä demokratik standartlaryndan göz-görtele ýüz öwürdiler.
Döwlet öz kuwwatyny artdyrýar
Köp sanly halkara synçylaryň pikiriçe, döwlet ýolbaşçylarynyň ähli planlaryna nazar aýlansa, onuň gumanitar bölegi makro-ykdysady özgerişlerden gör-bak näçe esse yzda! Iş ýüzünde döwlet jemgyýeti däl-de, diňe özüni ösdürýär. Aýdaly, telekeçiler synpyny döretmäge edilýän synanyşyklar ägirt uly döwlet planlarynyň we proýektleriniň ýanynda juda ejiz bir zat bolup galýar.
Döwlet öz kuwwatyny artdyrýar, ýöne onda ýönekeý adama orun ýok. Eger ýönekeý adamyň bähbidine ýeke ädim ädilse, ol hökman göze ilerdi, halk bilerdi. Pensiýalaryň, aýlyklaryň biraz galdyrylmagam durmuşy umumy liberallaşdyrmazdan, “me saňa” diýlip berilýän sadaka ýaly bolup görünýär.
Eger ýurtdaky özgerişler ministrlikleriň binasyna ýa ýadygärliklere däl-de, gönüden-göni adamlara degişli bolsady, halk ony gaty gowy kabul ederdi. Öz raýatlary üçin ýurtdan çykmak, ýurda gaýdyp gelmek düzgünlerini biraz ýumşatsalar, halk ony kanagatlanmak bilen ýürekden kabul ederdi.
“Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen sazlaşykly ösýär” diýip, hökümet maslahatynda Berdimuhamedow aýtdy. Bu bir tapmaça ýaly. Şol tapmaçany türkmenistanlylar öz gündelik durmuşynda ulanýan hakyky diline özleri terjime etmeli bolýarlar.
Türmelerdäki demir gözenekleriň täzelenmegi, baýramçylyk günleri olara bir bölejik mesge berilmegi hiç bir zady ýeňilleşdirmeýär.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.