Ýaşaýyş hukugy we agyz suwy

Häzir dünýäde tas bir milliarda golaý adamyň arassa, hiç hili howpsuz agyz suwuna elýeterliligi ýok. Bu dünýäde her 8 adamdan biriniň arassa agyz suwuna elýeterliliginiň ýokdugyny aňladýar.
Ähli keselçilikleriň we dertleriň 80%-niň suwuň hapalygy ýa-da onuň ýeterlik arassalanmazlygy sebäpli döreýändigi hem-de bu dertleriň her ýyl ähli görnüşdäki zorluklardan, şol sanda uruşlardan hem kän adam öldürýändigi aýdylýar.

Maglumatlara görä, her hepdede agyz suwunyň hapalygy zerarly 42 müň adam ölýär, şolaryň 90 prosentiniň 5 ýaşyna ýetmedik çagalardygy aýdylýar.

Halkara jemgyýetçiligi 21-nji martda bütündünýä suw gününi belledi. Türkmenistanda, däp boýunça, her apreliň birinji ýekşenbesinde «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramçylygy bellenýär.

Şeýle-de Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri suwuň mugtdugy aýdylýar. Ýöne ýerli çeşmeler ilatyň ulanýan agyz suwunyň ýurduň köp ýerlerinde mugt düşmeýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ilatyň arassa agyz suwunyň ýetmezçiliginden gaty kösenýändigi aýdylýar.

Garaşsyz žurnalist D. Ýazgulyýewiň tassyklamagyna görä, Balkan welaýatynyň Çeleken, Nebitdag, Türkmenbaşy ýaly şäherlerinde günüň dowamynda grantdan bary-ýogy 3 sagat suw akýar we ilkinji bir ýarym sagatda akan suwy poslulygy sebäpli içmek mümkin hem däl.

Araly halas etmek boýunça halkara fondunyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ekerançylyk etraplarynyň ilatynyň köp bölegi agyz suwuny suwaryş ýaplaryndan alýar. Bu hili suwda her dürli himiki dökünleriň galyndylary, dürli duzlar we saglyga zyýanly çökündiler köp bolýar.

Agyz suwunyň ýörite suw çekýän maşynlar bilen getirdilip, betondan edilen guýularda saklanmagy hem ilata arzan düşmeýär. Garaşsyz žurnalist D. Ýazgulyewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň paýtagtyndaky Hitrowka, Parahat mikroraýyony ýaly ýerlerde mümkinçiligi bolan adamlar, ätiýaç edip, grantdan gelýän suwy içmeýärler.

Ýöne Türkmenistanda adamlar ýanalmakdan çekinip, agyz suwunyň ýetmezçiligi, suwuň hili baradaky nägileliklerini aýtmakdan saklanýarlar. Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Sakar obasynyň ýaşaýjysy Amangelen Şapudakow agyz suwy problemalary sebäpli erli häkimietleri tankytlany üçin ýanalýandygyny aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty ýurtdaky agyz suwy problemasy, bu ugurda edilmeli işler barada ýazmakdan saklanýar we esasan birtaraply, öwgüli makalalar çap etmäge ýykgyn edýär.

Türkmen kanunlary raýatlaryň ýaşaýyş hukugyny ykrar edýär, suwsuz bolsa ýaşaýyş ýok.

Eýsem agyz suwy meselesi Aşgabatdan bary-ýogy 100 kilometr gowrakda ýerleşýän Bäherdende nähili? Biz bu soragy bäherdenli graždan aktiwisti Sazak Durdymyrada berdik. Bu söhbetdeşligi diňlemek islesňiz, «Adam hukuklary» programmamyzy diňläň.

Şeýle-de programmamyzda Türkmenistanda köppartiýalylyga ýol açylmagy üçin ilkinji nobatda edilmeli işler, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar we jynsy zorluk baradaky gepleşiklerimzi diňläp bilersiňiz.

"Adam hukuklary" programmasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.