Daşarky hem içerki syýasatda deňagramlylyk barmy?

Daşary ýurtlularyň Aşgabada köpçülikleýin saparlary Türkmenistana nämeler berip biler?
Iň bärkisi aprel aýyny alyp göreli. Awstriýanyň, Bolgariýanyň, Italiýanyň, Portugaliýanyň, Rumyniýanyň we Britaniýanyň wekilleri energetika meseleleri boýunça gepleşikler geçirmek üçin türkmen paýtagtyna aýry-aýrylykda gelerler.

Ýewropa Bileleşigi bilen “Nabukko” proýekti barasynda gepleşikler geçirilerine-de garaşylýar.

ABŞ-nyň maliýe ministriniň orunbasary Daniel Glaýzeriň baştutanlygynda hapa pullaryň ýuwulmagyna garşy göreş boýunça maliýe çärelerini işläp düzmek baradaky Halkara toparyň delegasiýasy-da Aşgabada gelipdi. Delegasiýanyň düzüminde Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň, Hytaýyň, Şweýsariýanyň wekilleri bar.

Daşary ýurt delegasiýalarynyň Türkmenistana saparlaryny gurnamak bilen bir hatarda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça-da iş alnyp barylýar. Türkmenistany Şanhaýdaky “Ekspo-2010” halkara sergisine gatnaşmaga taýýarlamak programmasy muňa mysal bolup biler.

Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurt ekspertleri bilen köp sanly duşuşyklarynda türkmen wekillerini türkmen durmuşynyň ähli gowy taraplaryny doly hem giňişleýin görkezmekde bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanmaga çagyrýar.

Türkmen tarapy näme bilen daşary ýurtlulary geň galdyryp biler? Türkmenler nädip dünýäniň ünsüni özüne çekip biler? Gurluşykda gazanylanlar dünýäniň görmedik zady däl bolsa gerek. Ýöne gurluşyga berilýän şeýle uly üns hem goýberilýän ägirt uly serişde ýurduň köp sanly graždanlarynyň örän pes durmuş derejesiniň fonunda biraz geň galdyrmagy mümkin.

Daşary ýurtlular üçin türkmen gudraty onuň geçmişinde-de, özgerişleri başdan geçirýän şu günki durmuşynda-da ýok. Hat-da ýakyn, duldegşir goňşulary üçinem ýapyk, ýatdan çykarylan, düýpden yza galan ýurtda azat-erkin jemgyýetiň döräp başlamak tejribesi welin, dünýä üçin elmydama gyzykly hem özüne çekiji bolar. Diňe şonda dünýäniň geň wakasy, hadysasy hökmünde türkmenler barasynda gürrüň edip başlarlar. Diňe şonda azatlyga eýe bolmaga mätäç ýurtlara türkmen tejribesi görelde bolup biler.

Ýönekeý graždanlar duýýarmy?

Bir mesele her bir türkmenistanly üçin örän möhümliginde galýar. Gürrüňi edilýän halkara gatnaşyklar türkmen demokratik döwletiniň döremegini häkimiýetleriň öňünde goýýarmy? Şu günki gün nähili özgerişler göze ilýär? Olary ýönekeý graždanlar duýýarmy?

Tankytçylar häzirki daşary aragatnaşyklaryň diňe häkimiýeti maliýe we syýasy taýdan pugtalandyrýandygyny belleýärler.

Häzirki Türkmenistan barasynda dünýäde garaýyşlar, göz öňüne getirişler dürli-dürli. Ýurtda bolýan özgerişlere oňyn garaýyşlar bilen bir hatarda nyýazowçylyk döwründen galan hem dowam edýän ýagdaýlara köp sanly erbet garaýyşlaram bar. Ol esasan adam hukuklary, has takyky, demokratik standartlar bilen deňeşdirilende, adam hukuklarynyň asla ýokdugy bilen bagly.

Nebit-gazyň ýa urandyr altynyň söwdasynda gazanylan üstünlikler adam hukuklarynyň ýoklugynyň ýerini tutup ýa-da öwezini dolup bilmez.

Häzirlikçe Türkmenistan ýapyk, şol ýagdaýda ol ýönekeý daşary ýurtlular üçinem, kuwwatly dünýä korporasiýalary üçinem düýbünden gyzykly bolmaz. Eger onuň serhetleri harby berkitmeleri ýatladyp dursa, uly möçberli inwestisiýalar Türkmenistana hiç wagtam gelmez.

Dünýäniň uly söwdasy, biznesi hem turistleriň akymy ýurtda bir adamyň ynandyrmalaryna, berýän wadalaryna arka diräp bilmez. Şeýle kepiller tutuş türkmen jemgyýetinden çykmaly. Häzirlikçe bolsa halkara gatnaşyklarynyň barşy diňe häkimiýete hem çinownikleriň ýokary gatlagyna peýda getirýär.

Edil öňküleri ýaly daşarky dünýä ýönekeý graždanlar üçin elýeterli däl. Baý çinowniklerem jemgyýet bilen arasyny beýik diwarlar, berk serhet goragy bilen bölýärler. Türkmenistan daşarky hem içerki araçäkleri bolan goşa serhetli ýurt.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.