Gyrgyzystanyň oppozisiýa lideri Temir Sariýew hökümetiň işden çekilendigini we prezident Kurmanbek Bakyýewiň paýtagty terk edendigini aýdýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Otunbaýewa Roýters habarlar gullugyna oppozisiýanyň özüne täze konstitusiýa taslanýança, alty aýlyk ugrukdyryjy, geçiş hökümetini düzmegi teklip etmekçi bolýandygyny aýtdy.
Oppozisiýa protestçileri howpsuzlyk edaralaryny, parlamenti, döwlet telewizion kanalyny we beýleki hökümet binalaryny öz ellerine geçirendiklerini aýdýarlar.
Oppozisiýa agzalary prezident Bakyýewň paýtagt Bişkekden Oş şäherine gaçandygyny aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Filip Krowliý Gyrgyzystanyň Manas şäherindäki amerikan harby howa bazasy kadaly işleýän şekilli diýdi. Birleşen Ştatlar ol bazany Owganystandaky operasiýalara goldaw üçin kireýine ulanýar.
Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň resmileri çarşenbe güni giň ýaýran protestlerden we çaknyşyklardan soň azyndan 65 adamyň öldürilendigini, 400 çemesi adamyň ýaralanandygyny tassyk etdi.
Gyrgyz serhet gulluklary ýurtdaky gozgalaň sebäpli Gyrgyzystan bilen Gazagystanyň arasyndaky serheti ýapandyklaryny aýtdylar.
Oppozisiýa prezident Bakyýewi we onuň hökümetini hukuk bozulmalarynda, awtoritarizmde we ykdysady dolandyryşyň nädogrulygynda günäläp, onuň işden çekilmegini talap edýärdi.