Graždan jemgyýeti we adam hukuklary üns merkezinde

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Munuň Türkmenistana ilkinji resmi sapary boldy. 2-nji aprelde Aşgabatda bolan gepleşiklerde gozgalan meseleleriň arasynda graždan jemgyýetçiligi we ynsan hukuklary temasy hem bardy.
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun bilen Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde özara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň maslahat edilip, hyzmatdaşlygy global bähbitlere we döwrüň talaplaryna laýyklykda täze derejä ýertirmäge taýýarlyk bildirilenligi türkmen metbugatynda bellenildi.

Gepleşiklerde graždan jemgyýetine we ynsan hukuklaryna degişli meselelere degilip geçildi. Ban Ki Munuň sözlerine görä, soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanda ösüşe tarap öňegidişlik boldy.

“Graždan jemgyýetçiligi, döwletiň ösüş ugrundaky tagallalarynda, onuň ýerli jemgyýetlerdäki hem guramalardaky, aýratynam bilim, sosial we saglygy saklaýyş ýaly esasy meselelerdäki roly ugrunda uly ýaran bolup hyzmat edýär” diýip, Ban Ki Mun 2-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti bilen geçiren gepleşikleriniň yz ýanyndaky metugat konferensiýasynda belledi.

BMG-niň Baş sekretary ynsan hukuklarynyň hem möhüm roluny nygtady. Graždan jemgyýetiniň mümkinçiliklerine göz ýetirmek, guramanyň hökümete edýän rekomendasiýalaryny doly ýerine ýetirmek meselelesine syn edilmeginiň, şeýle-de Türkmenistan tarapyndan gol çekilen “Gynamalara garşy ylalaşygynyň” işleşmek üçin örän möhüm ugurlar bolup durýanlygyny, bu ugurdan hem graždan jemgyýetiniň uly ýardam berýänligini Ban Ki Mun aýtdy.

“Täze möhüm tapgyryň başlangyjy”


BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda täze möhüm tapgyryň başlangyjy diýip atlandyrdy.

1992-nji ýylda BMG-ä agza bolanda, Türkmenistan ençeme halkara borçnamalara gol çekdi. Şol sanda öz üstüne ilatyň graždan azatlyklaryny we ynsan hukuklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek borjuny-da aldy.

Şol bir wagtda-da türkmen hökümeti tarapyndan edilýän resmi beýannamalara garamazdan, raýatlaryň esasy hak-hukuklarynyň şu güne çenli doly berjaý edilmän gelýänligini synçylar belleýärler.

Şu günki güne çenli raýat jemgyýetine mahsus şertleriň döremegine ýol berilmän, ýurtda söz we metbugat azatlygy ýaly esasy raýat azatlyklarynyň çäklendirilýänligi halkara guramalarynyň hasabatlarynda bellenilýär.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasyndan Reýçel Denber Türkmenistanda ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlygyna galýanlygyny we hatda erbetleşýänligini belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparynyň dowamynda graždan jemgyýeti we ynsan hukuklary meselesiniň gozgalmagy ýurduň syýasy-jemgyýetçilik taýdan özgermegine bildirilýän umytlary belli bir derejede güýçlendirdi.

Türkmen oppozisiýasynyň liderlerinden Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, meseläniň gozgalmagynyň özi döwletiň bu ugurdan geljekki hereketlerine syn etmek, netije çykarmak we ýurtdaky ýagdaýa baha bermek üçin peýdaly bolup biler.

“Iş alyp barmaga mümkinçilik ýok”

N.Hanamowyň bellemegine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda-da BMG bilen hyzmatdaşlygynyň depginini güýçlendiren hem bolsa, halkara guramalarynyň Türkmenistanda iş alyp barmagyna doly mümkinçilik ýok.

Hatda BMG-e we ÝHHG ýaly iri halkara guramalarynyň soňky döwürde Türkmenistanyň wekilleri üçin geçirýän seminarlary-da ýurduň içinde däl-de, daşynda geçirilse, has netije bolardy diýip, N.Hanamow belleýär.

“Ýurt içinde geçirilýän seminarlar we treýningler gözegçilik astynda. Geçirýän guramalaryň hereketleri hem gorky astynda, seminarlara gatnaşýanlaram sesini çykaryp bilenoklar” diýip, oppozisiýa wekili N.Hanamow aýtdy.

Howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiligi we erkin pikir üçin jezalandyrylmak howpy bilen bagly gorkularyň Türkmenistanyň jemgyýetiniň syýasy taýdan özgermeginiň öňünde esasy böwet bolýanlygyny synçylar belleýärler.

Türkmenistana saparynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Saparmyrat Nyýazowyň mowzeleýine bardy we gül goýdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistandan soň Gyrgyzystana, Özbegistana, Gazagystana hem Täjigistana saparlarynyň dowamynda ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygyna, howanyň üýtgemegine we regional hyzmatdaşlyga degişli meseleler maslahat ediler.