Býurokratlar ýene-de korrupsiýada tutuldylar

Ýokary derejeli türkmen býurokratlary ýene-de korrupsiýada tutuldylar. Bu gezek paş ediji ýurduň prezidenti däl.
Ýene bir mesele gümürtikligine galýar - Gurbanguly Berdimuhamedow öz arkasyndan uly möçberli korrupsiýa häsiýetli söwdanyň edilendigini bilýärmikä? Bu barada Türkmenistanyň kanun goraýjy organlary däl-de, ABŞ-nyň Adalat ministrligi habar berdi.

Bäş ýyllyk derňewleriň netijesine görä, ýeňil maşyn öndürýän meşhur amerikan-nemes kompaniýasy “Daimler” türkmenistanly we özbegistanly resmi çinowniklere uly sowgatlar eçilipdir, pul we hatda bronlanan awtomabilleri hem serpaý ýapypdyr.

Ýer astyndan…

“Daimler” firmasynyň Türkmenistanda baryp 2000-nji ýyldan beýläk ýer astyndan aktiwleşendigini derňew hasaba aldy. Ýurda eltmegiň çykdajylaryny-da üstüne goşmak bilen bahasy 300 000 dollarlyk lýuks ulagy “ýokary derejeli bir çinownige” sowgat edilipdir.

Ol onuň doglan gününe sowgat hökmünde resmileşdirilipdir. Ýöne dokumentde türkmen býurokratynyň ady anyk görkezilmändir. Eger şol sowgat türkmen hökümetine berilmedik bolsa, “Daimler” konserniniň bu ýurtda söwdasynyň howp astyna düşjekdigine firmanyň ýolbaşçylary ynanýarlar.

Bu firma türkmen hökümetine ýene bir hyzmat etdi. Ol “Ruhnamanyň” nemes diline terjimesini gurnap, bahasyny töläp, şol kitaby neşir etdirdi. Nemesçe “Ruhnama” 10 müň nusgalykda çykaryldy. Onuň umumy bahasy 250 000 dollar. “Daimler” firmasy öz buhgalter hasabatynda şol çykdajyny “Türkmen bazaryny ösdürmek üçin inwestisiýa” diýip resmileşdiripdir.

Mundanam başga ABŞ-nyň Adalat ministrligi “Daimler” kompaniýasynyň türkmen hökümetine maşyn satmagy ýola goýmak maksady bilen türkmen hökümetindäki dürli çinowniklere para berendigini ýüze çykarypdyr.

Biwagt ýüze çykdy

1998-nji hem 2008-nji ýyllar aralygynda firmanyň şunuň ýaly bikanun işler edendigini ABŞ-nyň kanun goraýjy organlary ýüze çykardy. Başgaça aýdylanda, türkmen çinownikleri diňe bir S.Nyýazow döwründe däl, ondan soň, G.Berdimuhamedowyň döwlete baştutanlyk edýän mahalam bu firmanyň ullakan sowgatlaryny alyp gelipdir.

Bu dawa biwagt ýüze çykdy diýse bolar. Türkmen häkimiýetleri ýurdy dünýä bazarynda daşary ýurt inwestisiýalary üçin açyk hem ynamdar ýurt hökmünde görkezmäge çalyşýar.

Elbetde, häkimiýetiň ýokary gatlaklaryndaky şunuň ýaly galplyklar Türkmenistanyň potensial partnýorlarynyň gözüniň alynda onuň abraýyny dökýär. Mundanam başga, häkimiýetiň ýokary gatlaklaryndaky korrupsiýa Nyýazowdan soňky dolandyryjy elitanyň töweregine jemgyýeti çekmek meselesine paýhynlaýjy täsir ýetirýär.

Geň netijeler

G.Berdimuhamedowyň komandasyndaky propagandistler S.Nyýazow döwründe kök uran ideologik ýörelgäniň ornuny tutup biljek täze gymmatlyk döretmäge synanyşýarlar. Mundan geň netijeler çykýar: edil köne režimde bolşy ýaly, häzirem ogurlyk dowam edýär.

Elbetde, şunuň ýaly netijeler şu günki häkimiýet eýelerine jemgyýetiň ynamyny asla pugtalandyryp bilmeýär. “Daimler” korporasiýasyndan alnan paranyň töwereginde dörän dawa, galmagal, ykbalyň emri bilen, tutuş Türkmenistan boýunça yglan edilen “sagdyn durmuş obrazy” baradaky kampaniýanyň gyzgalaňly döwrüne gabat geldi.

Hökümet 7-nji aprelde bellenýän bütindünýä saglyk gününe taýýarlyk bilen başagaý. Netijede fiziki taýdan sagdynlyk barada ýokardan berlen görkezme gizlin, jemgyýeti paýhynlaýjy korrupsiýa bilen utgaşyp gidýär. Eger ruhy göwreden aýryp bolmaýan bolsa, onda nädip ruhy taýdan täzelenmezden fiziki sagdynlygy gazanyp bolar?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.