Täze gurluşyklar halky başagaý etmezmi?

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýaýbaňlandyrylýan täze gurluşyk proýektleri ýene-de nobatdaky gezek ýerli ýaşaýjylaryň ümsüm durmuşyna ynjalyksyzlyk getirer diýlip garaşylýar. Beýle aladanyň sebäpleri näme bilen baglanyşykly?
Adatça, Türkmenistanyň paýtagtynda ýola goýulýan uly haý-haýly gurluşyklara aşgabatlylar belli bir howatyrlanma bilen seredýärler.

Niýazowyň döwründe islendik bir beýik gurluşyklar özi bilen adaty ýaşaýjylara köp problemalary getirýärdi. Şol gurluşyklar sebäpli köplenç adamlar köpçülikleýin öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilýärdiler. Olaryň ýaşap oturan ýerlerinde bolsa, häkimiýetler üçin ýadygärlikler we monumental desgalar gurulýardy.

Giň göwrümli gurluşyklar

Ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň täze gurluşyk proýektini kabul etdi. Bu gurluşyk planlary öz gerimi we sarp edilýän serişdesi bilen akylyňy haýran edýär. Beýle gurluşyklara şu günki gün regionda Türkmenistan ýaly uly girdejili ýurt hötde gelip biläýmese, muňa hemme ýurtlaryň gurby hem çatmaýar.

«Buig» kompaniýasynyň gurmagy planlaşdyrýan komplekslerine 20 milliard dollardan hem gowrak serişde goýberilýär. Bu proýektler Bitaraplyk şaýolunyň ugrundaky «Oguzkent» ýaly kaşaňly myhmanhanynyň gurluşygyny-da öz içine alýar.

Bu gürrüňi edilýän myhmanhana asla türkmenistanly müşderiler üçin niýetlenilmedik. Eýsem, şu günki gün ýurduň adaty graždanlaryndan kim bu myhmanhanalara tölemeli bahasyny töläp biljek? Dogrusyny aýtsak, ýurduň häkimiýetleri bu myhmanhananyň diňe daşary ýurtly myhmanlar üçin niýetlenendigini gizläp hem durmaýarlar.

Mundan daşary, uly-uly binalar gurlup, Arçabil zonasynyň täzeden abadanlaşdyryş işiniň özüne, gör, näçe serişdeler sarp edilýär!

Köçede galmak howpy

Planlaşdyrylýan bu täze gurluşyklara zerur bolan ýerleri boşatmak üçin aşgabatlylardan näçesiniň öz ýaşaýan jaýlaryndan göçürilendiklerini anyk hiç kim bilenok. Jaýlaryndan göçürilen ol adamlara ýaşar ýaly ýer berlip, olaryň aladasynyň edilendigi ýa edilmändigi hem belli bolman galýar.

Ol goçürilen maşgalalardan köpüsine başga gidere ýeriň ýokdugy öz-özünden düşnükli zat. Muňa garamazdan, häkimiýetler näçe adamyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegine mätäçdigi baradaky maglumatlary hem gizlin saklaýarlar. Türkmenistanda adaty graždanlaryň hakyky durmuşyna degişli köpsanly beýleki maglumatlar bilen birlikde, şular ýaly maglumatlar hem döwlet syry derejesinde diýen ýaly gizlin saklanylýar.

Niýazowyň döwründe-de hususy ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp, köp adamlar köçä kowlupdylar. Ol köçä kowlan adamlardan köpüsiniň ykbaly barada bolsa hiç kim alada etmändi, olaryň nirede ýaşajakdyklary bilen hiç kim gyzyklanmandy.

Şu günki gün häkimiýetleriň wagyz edýän «döwlet adam üçindir» şygaryny indi adamlar bütinleý başgaça kabul edýärler. Olar indi muňa «döwlet diňe bir adam üçindir» diýen manyda düşünýärler.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.