Eýranda kitap senzurasy

Eýranda meşhur klassyky eserleri agtarýan adamlaryň kitapçylara berýän soragy köplenç “palan kitabyň original neşiri barmy?” diýen sorag bolýar.
Bu ýurtda XIV asyryň satiriki şahyry Obeýd Zakanydan başlap, XX asyryň meşhur zenan şahyry Forug Farrohzada çenli ýüzlerçe ýazyjy-şahyrlaryň, taryhçy we beýleki alymlaryň eserleri häzirki wagtda ýa gadagan ýa-da senzurlanan görnüşde çap edilýär.

“Şyh: Melgunyň özi. Eşek: Onuň ogly. Melgunlar: Onuň yzyna eýerýänler”. Bular Zakanynyň 700 ýyl mundan ozal özüniň “Kesgitlemeler kitabynda” ýazanlary. Yslam respublikasynda gadagan bolsa-da, ol ozal ençeme gezek neşir edilen kitap.

“Beýleki ýazyjydyr-şahyrlaryň onlarçasy ýaly, Zakany hem gadagan. Ýöne bu gün gadagan edilen klassyky eserler ozal häli-şindi çap edilen kitaplar. Kitapçylar saňa ynansa, bu kitaplar häzirem ýok däl” diýip, Tähran Uniwersitetiniň pensiýa çykan edebiýatçy professory A.T. aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, Eýranda kitap senzurasynyň üç ýoly bar. Bir kitap ýa bir ýazyjy bütinleý gadagan edilýär, ýa täze neşirde kitabyň käbir bölümleri taşlanylýar ýa-da käbir sahypalar režimiň ideologiýasyna jebis gelýän tekstler bilen çalşyrylýar.

Meşhur taryhçy Ahmad Kasrawynyň Şyh Fazlollah Nury barada “Konstision rewolýusiýanyň taryhy” atly kitabynda ýazanlarynyň bu kitabyň täze neşirinde hemmesi ýok. Soňra yslam režiminde gowy görülýän şahsyýetleriň birine öwrülen Nury absolýutizme garşy rewolýusiýany (1906-1912) ilki goldaýar. Soňra bolsa rewolýusion hereketiň maksady “teokratik režim” bolmaly diýip, oňa garşy çykýar.

Konstitusion rewolýusiýanyň tarapdary, şaýy ruhanylaryny ýiti tankytlaýan Kasrawy kitabynda Nurynyň roluny “rewolýusiýanyň erkinlik ugrundaky maksatlaryna” dönüklik diýip suratlandyrýar.

Kasrawynyň özi 1946-njy ýylda dinçi fanatik tarapyndan öldürildi.

Tähranly neşirçi S.A. çap etmezden öň oňlanmagy üçin onlarça kitaby Eýranyň Medeniýet ministrligine iberipdir. Çap bolmazdan öň kitaplaryň mazmuny bu ministrlik tarapyndan tassyklanmaly.

“Ýüzlerçe kitap we ýazyjy bar. Men olaryň tassyklanmajakdygyny bilýärin. Ýöne meniň olaryň garamagyna tabşyran 10 kitabym barada belli bir karar bermegi gijikdirýärler. Bularyň käbiri parsça klassyky şygyrlar. Käbiri hem Günbatar ýazylaryndan terjimeler” diýip, neşirçi aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, käbir kitaplar tutuşlygyna ret edilýär. Kämahallary hem ret edilýän kitabyň bir bölümi ýa bir sözlemi ýa-da bir ýekeje sözi bolýar.

Pars edebiýatynyň birje tomluk taryhyna 61 üýtgeşmäniň girizilmegi talap edilipdir. Ret edilen eserleriň biri XI asyra degişli şygyr. Onda adamyň sakgaly barada tankydy pikirler aýdylýar. Eýranyň Medeniýet ministrliginiň bu şygry gadagan etmek üçin tapan delili: sakgal – mukaddes zat, ol masgara edilmeli däl.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.