BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparynyň öň ýanynda oňa ýüzlenmesinde adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy BMG-niň Baş sekretaryny Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen geçirjek gepleşiklerinde bu ýurtdaky adam hukuklary bilen baglanyşykly meseleleri gozgamaga çagyrdy.
Azatlyk Radiosy Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň metbugat bölüminiň başlygy Ýelena Ponomarýowa bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolup, Ban Ki-Munuň Türkmenistanda geçirjek gepleşiklerinde Human Rights Watch guramasynyň gozgamagy haýyş eden meseleleriniň gozgaljakdygy ýa gozgalmajakdygy bilen gyzyklandy.
Ýelena Ponomarýowa bu ýüzlenmeden özüniň habarsyzdygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna bu baradaky sowal bilen göni BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretaryna ýüz tutmagy maslahat berdi: «Gynansak-da, mende bu barada maglumat ýok, sebäbi men entek Human Rights Watch guramasynyň beýannamasyny görmedim. Bu baradaky sowallara diňe BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat wekili jogap berip biler. Ol häzir Nýu-Ýorkda».
Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili hem özlerinde Ban Ki-Munuň Aşgabada etjek saparynyň anyk gün tertibiniň we onuň gepleşikleriniň temalary barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy: «Gynansak-da, bizde BMG-niň Baş edarasynyň Ban Ki-Munuň regiona sapar etjekdigi bilen bagly ýaýradan resmi beýanatyndan başga hiç hili anyk maglumat ýok. Onuň sapary bilen baglanyşykly programma bolsa Türkmenistan tarapyndan işlenilip düzülýär».
Nägilelikler bar
Türkmenistanda häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Programmasy, Dünýä saglyk guramasy, Çagalar fondy, Bosgunlar baradaky Ýokary komissarlygy, Ilat fondy, Neşä we jenaýatçylyga garşy göreş edarasy ýaly birgiden programmalar we agentlikler ýörite ugurlar boýunça iş alyp barýarlar. Käbir ýerli synçylar bu programmalaryň we agentlikleriň alyp barýan käbir işleriniň oňyn netijeleriniň hem göze ilýändigini belleýärler.
Emma ynsan hukuklary meselesine gezek gelende, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky alyp barýan işlerinden nägilelik bildirýän adamlar hem az däl. Bu nägilelikleriň sebäbini aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynda adam hukuklary bilen meşgullanýan bölümleriň we wekilleriň ýoklugy bilen düşündirdi. Ol bu ugurda raýatlaryň BMG-niň bölümlerine arz-şikaýat edip bilmeýändiklerini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili Türkmenistanda BMG-niň dürli hili programmalarynyň hereket edýändigine garamazdan, henize çenli bu ýurtda bu guramanyň ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan bölüminiň ýa-da wekiliniň ýokdugyny tassyklady.
Ol ynsan hukuklaryna degişli Türkmenistandaky ýeke-täk bölümiň BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary komissarlygynyň Uprawleniýesidigini aýtdy: «Bu ugurda bizde ýüz tutup bolaýjak ýeke-täk organ, olam Bosgunlar baradaky Ýokary komissarlygyň Uprawleniýesi. Ondan başga adam hukuklary boýunça iş alyp barýan özbaşdak bölüm bizde ýok».
Türkmenistanyň ynsan hukuklary we syýasy azatlyklar meselesinde halkara guramalarynyň sanawynda iň bir ýaramaz ýurtlaryň arasynda galýandygyny göz öňünde tutsaň, bu ýurtda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsan hukuklary boýunça wekiliniň ýa-da bölüminiň bolmazlygy birneme geň bolup görünýär.
Ofis Bişkekde
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň metbugat sekretary Rubert Kolwille BMG-niň Bişkekdäki edarasynda ynsan hukuklary boýunça bölümiň bardygyny aýdyp, onuň hem tutuş region boýunça iş alyp barýandygyny belledi: «Ynsan hukuklary boýunça biziň Bişkekde regional ofisimiz bar, ol tutuş region boýunça iş alyp barýar. Bu regional ofisiň döredilmegine Türkmenistan garşy bolmady. Elbetde, bu ofis bosgunlar agentligi ýaly uly bir edara däl. Özi-de bu ofis ýaňy-ýakynda, bir ýyl töweregi mundan öň açyldy. Ynsan hukuklary boýunça biziň bölümlerimiz dünýäniň diňe 55 ýurdunda bar, 150 töweregi ýurtda bolsa beýle bölümlerimiz ýok».
Türkmenistanyň graždanlarynyň öz hukuklarynyň bozulmalary barada BMG-niň ýerli edaralaryna ýüz tutmak islän halatlarynda anyk nähili hereket etmelidikleri baradaky soragymyza Rubert Kolwille anyk jogap berip bilmän, özüniň birneme soňrak bize jaň edip, bu sowala anyk jogap bermekçidigini aýtdy. Emma nämüçindir ol gaýdyp bize jaň etmedi.
Biz Türkmenistanda sosial ähmiýetli proýektleri ýola goýmak isleýän ýerli raýatlara grant bermek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň iş alyp barýan programmalarynyň bardygy ýa ýokdugy bilen hem gyzyklandyk. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili biziň bilen söhbetdeşliginde Türkmenistan boýunça beýle grant programmalarynyň ýokdugyny aýtdy.
Soňky wagtlar BMG-niň inisiatiwasy bilen Türkmenistanda kadrlara we spesialistlere belli-belli ugurlar boýunça tälim beriş seminarlarynyň geçirilýändigini bellemek hem ýerlikli bolar. Ýöne käbir ýerli synçylar, şol sanda garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem bu seminarlaryň we treýningleriň gündelik durmuşda oňyn netijeleriniň welin, göze ilmeýändigini belleýär.
Žurnalist Aşyrguly Baýryýew köp raýatlaryň Türkmenistanda BMG-niň adam hukuklary ugrunda öz alyp barýan işlerini gowulandyrmagyny hem-de graždanlaryň arz-şikaýatlaryna ünsi güýçlendirmegini isleýändiklerini nygtady.