BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun şu hepde Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana sapar edýär. Ol bu saparynyň dowamynda regionyň ýolbaşçylary bilen dürli ugurlar boýunça gepleşikler geçirer.
Ban Ki Mun regiona barmazdan öňüsyra hukuk goraýjy gurama Human Rights Watch beýanat ýaýradyp, jenap Banyň Merkezi Aziýa ýolbaşçylary bilen geçirjek duşuşyklarynda adam hukuklary meselesini gozgamalydygyny belledi.
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber bilen ýörite söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Jenap Banyň Merkezi Aziýa etjek sapary, siziň pikiriňizçe, näderejede möhüm?
Reýçel Denber: Meniň pikirimçe, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Munuň Merkezi Aziýa edýän bu sapary gaty möhüm. 2002-nji ýylda BMG-niň öňki ýolbaşçysy Kofi Annanyň regiona saparyndan soň, bu BMG-niň ýolbaşçysy tarapyndan Merkezi Aziýa edilýän ilkinji wizitdir. Sebäbi Kofi Aannanyň saparyndan soňra aradan 8 ýyl geçdi.
BMG-niň ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa sapar etmeginiň özi-de bu regionyň näderejede ähmiýetlidigini aňladýar. Bu ýokary derejeli ýolbaşçy tarapyndan amala aşyrylýan wizit. Bu gaty möhüm waka, şeýle-de bu sapar uly mümkinçilikleri döredýär.
Azatlyk Radiosy: BMG-niň Baş sekretary geçen ýyl Birma-da sapar edipdi. Ýöne şol wizitiň dowamynda gazanylan o diýen uly üstünlik bolmandy. San Su Keý henizem tussaglykda saklanýar. Siziň orta atýan bu talaplaryňyzy Merkezi Aziýaly ýolbaşçylaryň öňünde goýup, jenap Munuň bu regionda haýsydyr bir uly netije gazanjakdygyny aýtmaga näme esas bar?
Reýçel Denber: Esasy sorag, şeýle tagallalaryň üstünlikli netije berip-bermezligi däl, eýse jenap Munuň şeýle jogapkärçiliginiň bolup bolmanlygydyr. Meniň pikirimçe, Birmada bolşy ýaly, şol regionda hem Baş sekretaryň adam hukuklary baradaky meseleleri gün tertibine girizmek boýunça belli jogapkärçilikleri bardyr.
Azatlyk Radiosy: Ban Ki Mun Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlara hem sapar eder. Bu wizitiň şol ýurtlara syýasy utuk gazanmaga mümkinçilik berjekdigini-de aýtsa bolar, şeýle ýagdaýda siz bu wizitiň geçirilmegini goldaýarmysyňyz?
Reýçel Denber: BMG-niň region bilen bagly alyp barýan işlerinde adam hukuklarynyň esasy ornunyň bardygyny aýdan, şeýle-de jenap Munuň şol duşuşyklarda bu problemany gozgamagy başaran ýagdaýynda, meniň bu saparyň ýerlikli boljakdygyny aýdasym gelýär.
Şeýle ýagdaýda onuň regiona sapar etmegi gowy zat we bu wizitiň amala aşyrylmagyna pozitiw ädim hökmünde baha berip bolar. Sebäbi bu sapar şeýle meseleleriň gozgalmagyna mümkinçilik döreder.
Azatlyk Radiosy: Ban Ki Muna hat ýazmak arkaly siz näme gazanmagy maksat edindiňiz?
Reýçel Denber: Ban ki Muna hat ýazmak arkaly biz adam hukuklary bilen bagly şol regionda nähili problemalaryň bardygyna ünsi çekmek isledik. Biz şol problemalar hakda Ban Ki Munuň halk köpçüliginiň öňünde etjek çykyşlarynda, hemem regionyň liderleri bilen boljak duşuşyklarynda bu temalary gozgajakdygyna umyt edýärys.
Azatlyk Radiosy: Siz ýaýradan beýanatyňyzda Merkezi Aziýada ýerleşýän ähli ýurtlaryň adyny agzap, şol ýurtlarda adam hukuklarynyň henizem depgilenýänligi barada maglumat çap etdiňiz. Bu barada bize dolurak gürrüň berip biljekmi?
Reýçel Denber: Biz şol beýanatda diňe dört ýurt barada maglumat berdik, sebäbi Täjigistan bilen bagly ýeterlik maglumatymyz ýokdy. Türkmenistan bilen bagly aýdylanda, biz birnäçe problemalara ünsi çekdik.
Elbetde, öňki prezident Nyýazow aradan çykansoň, Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýurtda käbir işleri amala aşyrdy. Olar oňyn ädimlerdir. Emma şol ädimler haýsydyr bir düýpli özgerişlige ýol açmady, şeýle-de hökümet tarapyndan Türkmenistanda özgerişligiň mundan beýläk hem amala aşyryljakdygyny aýtmaga o diýen esas ýok.
Aşgabat halkara diplomatiýa we halkara biznes boýunça gapylaryny barha açýar, emma, muňa garamazdan, Türkmenistan iň ýapyk hemem adam hukuklaryny gödek bozýan ýurtlaryň biri bolup galýar. Şol sebäpden biz BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanda ýurduň gapylaryny halkara gözegçilerine açmagy, syýasy tussaglaryň boşadylmagy we Nyýazowyň döwründen başlap, syýasy bendiler baradaky ýagdaýyň tutuş ýurt boýunça gaýtadan gözden geçirilmegi üçin hökümete basyş etmegine garaşýarys.
Gara sanaw bilen bagly aýdylanda, prezident Berdimuhamedow bu ugurda hem käbir ädimler ätdi, mundan ozal ýurtdan çykmagyna rugsat edilmeýän käbir adamlara daşary ýurtlara sapar etmäge rugsat edildi, ony biz, elbetde, gowy garşy aldyk.
Eger ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň ýaz aýlarynda onlarça studentiň okamak üçin ýurtdan çykmagyna rugsat edilmändi. Emma soňra olardan bir bölegine Bolgariýa gitmäge rugsat edildi, ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanda daşary ýurtlara sapar etmegi gadagan edilen ýüzlerçe adam bar.
Biz BMG-niň Baş sekretarynyň bu meseleleri gozgamagyna garaşýarys. Birnäçe studentiň Bolgariýa sapar etmegine rugsat edilmegi problemany çözmek üçin ýeterlik däl. Eger haýsydyr bir kämillik ýaşyna ýeten student daşary ýurtlarda okamak isleýän bolsa, oňa rugsat edilmeli, bu bilim almak azatlygynyň bir bölegidir.
Özbegistan barada aýdylanda, käbir toparlar, şol sanda ÝB bu ýurtda pozitiw ösüşleriň bolanlygyny aýdýarlar. Emma biz şol ýurtda hasam yza gaýdyşlyklaryň bardygyna şaýat bolýarys. Hukuk goraýjy aktiwistlerden käbirleri azat edildi, emma soňra ençemesi hem türmä basyldy. Häzirki döwürde Özbegistanda 14 töweregi hukuk goraýjy adalatsyz ýagdaýda gabawlykda saklanylýar.
Şol ýurtda medianyň sesini bogmak, hemem hökümetiň gözegçiliginden erkin öz dini ybadatlaryny berjaý etmek isleýän adamlaryň hem isleginiň basylyp ýatyrylmagy dowam etdirilýär. Bu gaty repressiw ýagdaýdyr.
Biz jenap Ban Ki Munuň hukuk goraýjy aktiwistleriň we žurnalistleriň, şeýle-de adalatsyz ýagdaýda tussag edilen dissidentleriň tiz hem şert goýmazdan boşadylmagyny özbek hökümetinden talap etmegine garaşýarys.
Gazagystan barada aýdylanda, bu ýurt Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysy saýlanmazdan ozal, 2009-njy ýylda media hemem saýlaw kanuny boýunça käbir reformalary amala aşyrdy. Elbetde, bu gowy ädimlerdir. Emma bu tagallalar adam hukuklary babatdaky ýagdaýyň özgermegine peýda ýetirmedi. Şeýle-de şol kanun kabul edilenden soň bu ýurtda metbugat azatlygy barada yza gaýdyşlyklaryň bolanlygyna şaýat bolduk. Baş sekretaryň bu meseleleri hem galdyrjakdygyna bil baglaýarys.
Gyrgyzystan barada aýdylanda, bizi alada goýýan esasy zat metbugat azatlygy baradaky ýagdaýlardyr. Sebäbi ol ýurtda geçen 18 aýyň dowamynda bu ugurda yzygiderli ýza gaýdyşlyklar boldy.
Netijede Baş sekretar tarapyndan Merkezi Aziýa edýän saparynyň dowamynda orta atylyp bilinjek ençeme mesele bar, bu problemalar BMG-niň mehanizminiň esasynda gozgalyp bilner.
Azatlyk Radiosy: Elbetde, siziň orta atýan bu pikirleriňize ýerlikli talaplar diýip baha berip bolar, emma haçanda jenap Ban şeýle meseleleri gozgan ýagdaýynda, Merkezi Aziýanyň liderleriniň ony äsgerjekdigini aýtmaga esas barmy?
Reýçel Denber: Meniň pikirimçe, haçanda BMG ýaly dünýäniň iň uly guramasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşanda, adam hukuklary baradaky meseläni gozgasa, bu şol temalaryň näderejede ähmiýetlidigini aňladar.
Şeýle problemalar BMG-niň Baş sekretary ýaly bir ýolbaşçy tarapyndan orta atylanda, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň bu aladalary äsgermezlik etmegi gaty kyn bolsa gerek.