Şu hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun özüniň bu wezipesinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa regionyna sapara barýar.
Şu hepde başlanjak bu saparynda Ban Ki Mun Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurduna-da sapar etmekligi planlaşdyrýar.
Onuň bu ýurtlaryň döwlet liderleri bilen geçirjek gepleşikleri esasan regional hyzmatdaşlyklar, ýaragsyzlanmak, ýadro ýaragynyň ýaýramagynyň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, regionyň suw we energiýa üpjünçiligi, klimatyň özgermegi ýaly möhüm meseleleri öz içine alar diýlip garaşylýar.
Ban Ki Munyň ilkinji barjak ýurdy Türkmenistan bolar. BMG-nyň Baş sekretary özüniň Aşgabada saparynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaklygy, BMG-niň Aşgabatdaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Regional merkezine sapar etmekligi we Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary institutyna barmagy planlaşdyrýar.
HRW Ban Ki Muna ýüzlendi
Adam hukuklaryny goraýjy halkara Human Rights Watch guramasy BMG-niň delegasiýasynyň Merkezi Azaiýa saparynyň öňüsyrasy Ban Ki Muna açyk hat bilen ýüzlenip, regiondaky hökümet ýolbaşçylary bilen boljak duşuşyklarynda bu ýurtlardaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny gozgamaga çagyrdy.
HRW-niň memorandumynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykanyndan soň, bu ýurtda käbir öňe gidişlikleriň bolandygy, yagny, öň ýurtdan çykmagy gadagan edilen ençeme adamlara daşary ýurtlara çykmaga rugsat berilendigi, penisýalaryň dikeldilendigi we orta bilimiň 9 ýyldan 10 ýyla getirilendigi bellenilýär.
“Emma graždan we syýasy azatlyklar boýunça dowam edýän ençeme aýylganç gadagançylyklaryň aradan aýrylýandygyny görkezýän hiç hili delil ýok” diýip, Human Right Watch guramasy ýazýar.
Munuň bilen birlikde, Ban Ki Muna iberilen açyk hatda Türkmenistanyň yöredýän syýasatyna tankydy göz bilen garaýanlaryň ýanamalara sezewar edilýändigine, graždan aktiwistleriniň we garaşsyz žurnalistleriň bu ýurtda erkin işläp bilmeýändigine üns çekilýär.
Adam hukuklaryna gözegçilik ediji halkara guramalaryň, Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetiniň we hökümete degişli däl guramalaryň Türkmenistana barmagyna ýurduň häkimiýetleriniň rugsat bermeýändigine HRW aýratyn alada bildirýär.
Memorandumda bellenmegine görä, BMG-niň dokuz sany ýörite prosedurasynyň uzak wagtlap bu ýurduň hökümetine ýüzlenip gelýändigine garamazdan, gerekli çakylyklary bermekden türkmen hökümetiniň ýüz öwürýändini sebäpli, olar bu ýurda sapara baryp bilmeýärler.
Beýleki ynjyk meseleler
Ban Ki Munyň metbugat sekretary Martin Nesirki BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýanyn liderleri bilen bu regionda ynjyk we dawaly hasaplanylýan meseleleri-de ara alyp maslahatlaşmaklygy göz öňünde tutýandygyny aýtdy: «Bu regionyň ýurtlaryna bilelikde işleşmeklige we geljekde dartgynlylyk döredäýmegi mümkin meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmeklige ýardam bermeklik göz öňünde tutulýar».
Merkezi Aziýadaky bu ynjyk meseleleriň hatarynda serhet, suw üpjünçiligi, daşky sredany goramak we energiýa üpjünçiligi ýaly meseleler bar.
Häzirki wagt Täjigistanda gurulýan Roghun gidro-elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly Özbegistan bilen Täjigistanyn arasynda käbir dawalar hem dowam edýär. Özbegistan bu gidro-elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň daşky gurşawa ýetirmegi mümkin howpundan alada edip, onuň gurluşygyna garşy çykyş edýär.
Mundan daşary, ýakynda Özbegistan tarapynyň Gyrgyzystanyň raýatlarynyň bu ýurda girmeklerini çäklendiriji täze girizen düzgünleri hem bu iki ýurduň arasynda belli bir oňşuksyzlyklary döretdi.
Ban Ki Munyň metbugat sekretary Martin Nesirki BMG-nyň Baş sekretarynyň bu regiondaky dawaly meselelerde araçylyň roluny oýnap biljekdigi ýa bilmejekdigi baradaky sowala anyk jogap bermekden saklandy.
Ban Ki Mun Aşgabada saparyndan soň, hepdäniň ahyrynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege baryp, prezident Kurmanbek Bakyýew bilen duşuşar, şeýle hem ýurduň parlamentinde çykyş eder diýlip garaşylýar. Ondan soň, ol Özbegistana sapar edip, prezident Yslam Karimow bilen gepleşik geçirmekligi, şeýle hem Daşkendiň Dunýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy boýunça döwlet uniwersitetinde leksiýa bilen çykyş etmekligi planlaşdyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun indiki hepdäniň başynda Täjigistana sapar etmezinden öň, Aral deňzine baryp, ol ýerdäki ekologik ýagdaýlar bilen ýakyndan tanyşmaklygy-da göz öňünde tutýar.
Planlaşdyrylyşyna görä, Ban Ki Mun geljek hepde Gazagystana sapar edip, ol ýerde ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirer, şeýle hem ýurduň parlament deputatlary bilen duşuşar.