Ärdogan Eýrana täze sanksiýalaryň girizilmegine garşy

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan BMG tarapyndan Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilmeginiň tarapdary däldigini aýtdy.

Ärdogan Türkiýäniň Eýran bilen aralaryndaky serhediniň uzynlygynyň 380 kilometre barabardygyny belläp, Tähran esasanam energiýa pudagy boýunça biziň möhüm hyzmatdaşymyzdyr diýdi.

Ol Eýrana garşy mundan öň girizilen sanksiýalaryň hem o diýen täsirli bolmanlygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ärdogan bu pikirini Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşenbe güni Ankarada bolan duşuşygyndan soň öňe sürdi.

Merkel bolsa Ankarany Eýrana garşy girizilmeli sanksiýa boýunça ABŞ we Ýewropa tarapyndan hödürlenen teklibi goldamaga çagyrdy.