Gazagystanda 2 müňden gowrak adam ewakuasiýa edildi

Düýn Gazagystanyň gündogar regionynda garyň eremegi bilen baglanyşykly birnäçe obada ýüze çykan sil heläkçiligi sebäpli 2 müňden gowrak adam ewakuasiýa edildi.

Ýüze çykan sil bu gürrüňi edilýän obalarda elektrik we telefon aragatnaşyklarynyň hem doly bozulmagyna getirdi.

Düýn Gündogar Gazagystan oblastynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bölümi häzirki ýüze çykan sil heläkçiliginiň bu regionda 19 oba zeper ýetirmeginiň mümkindigini mälim etdi.

Häzirki tebigy heläkçiligiň netijesinde adam ýitgileriniň bolandygy ýa bolmandygy barada anyk maglumat alynmady.