Orsýetiň jan çekmesi ýöne ýerden däl

Türkmenistan hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedow babatynda Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň göz üçin aýdan käbir sözlerinden daşgary köpmanyly bolup galýan zatlar hem az däl. Bu köpmanyly zatlar bolsa, tutuş Merkezi Aziýa regiony bilen bolşy ýaly, Moskwanyň Aşgabat bilen gatnaşyklarynda-da dartgynlylyga eýe.
Bu regionda ýaňy-ýakynda Orsýet üçin ilkinji real bäsdeşler, hususan-da, Hytaý bilen Eýran peýda boldy. Merkezi Aziýa regiony babatynda Günbataryň, aýratynam Birleşen Ştatlaryň görkezýän aktiwligi hem Orsýetiň ýolbaşçylaryna ynjalyk bermeýän bolmaly. Şu babatda Sergeý Lawrowyň öz saparynda Orsýetiň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini nygtamagy hem şol bir meselä syrygýar.

Gysga görnüşde aýdylan bu diplomatik termin, adaty dile geçirilende, Moskwanyň bu regiony öz konkurentlerine bermek islemeýändigini anladýar we Gurbanguly Berdimuhamedowa bolsa Orsýetiň bu region babatyndaky bähbitleriniň üýtgewsiz bolmagynda galýandygyny ýatladýar.

Elbetde, Orsýetiň bu ugurda göz öňünde tutýan maksatlary türkmen prezidentini Nabukko proýektine gatnaşmakdan saklamaklygy hem öz içine alýar. Orsýet tarapynyň bu ugurdaky aladalaryna käbir halkara synçylary-da ünsi çekýärler.

Ýöne ýerden däl

Orsýetiň bu jan çekmesi ýöne ýerden däl. Sebäbi, şu ýylyň aprelinde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan ”Nabukko” proýekti boýunça ýörite ylalaşyga gol çekmekligi planlaşdyrýarlar. Şol gol çekiljek ylalaşygyň netijesinde Türkmenistanyň Orsýetden sowa Ýewropany gaz bilen üpjün etjek esasy çeşmelerden birine öwrülmegi-de mümkin.

Moskwa öz gezeginde Türkmenistanyň üstünden saklap gelen ozalky monopoliýasyny täze peýda bolan konkurentler bilen paýlaşmaklyga uýgunlaşyp bilenok. Sergeý Lawrowyň Türkmenistana saparynyň esasy maksatlaryndan birem hut şular ýaly konkurentleriň sanyny azaltmak synanyşygyndan ybarat boldy.

Eger-de häzirki wagtda Hytaý bilen Eýranyň bu regiona gelmegi eýýäm äşgär fakt bolsa, heniz amala aşmadak “Nabukko” proýektiniň öňünde Orsýetiň käbir päsgelçilikleri döredip biläýmegi-de ahmal. Bu meselede Kremliň ýumşak duýduryşlarynyň aňyrsynda nämäniň ýatandygyna we ol duýduryşlar alga alynmasa, Orsýetiň nähili ädimleri ädip biljekdigine kim düşünmese-de, Gurbanguly Berdimuhamedow düşünýän bolsa gerek.

Türkmenistanyň gaz geçirijisiniň ugrunda partlamanyň ýüze çykaly bäri heniz şeýle bir kän wagt geçenok. Şol wakadan soň türkmen gazynyň Orsýete akmasy ençeme aýlap kesilipdi. Türkmenistan bu wakanyň netijesinde milliardlarça dollar pul ýitirdi.

Aşgabat nämälere sezewar bolarka?

Eger-de Gurbanguly Berdimuhamedow ”Nabukko” proýekti boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çekäýse, Aşgabat indi nämälere sezewar bolarka?

Türkmen prezidenti geçenki konfliktde Orsýetiň öňünde ýaýaplap durmady. Ozalkylar bilen deňeşdirilende, şu günki gün Moskwanyň basyşlaryna döz gelmek oňa has hem ýenil bolaýjak ýaly. Sebäbi indi onuň arkasynda täze güýçli energiýa partnýorlary dur. Ol partnýorlar bilen bolsa Türkmenistanyň energiýa we syýasy hyzmatdaşlyklarynyň ümzügi diňe öňe.

Ýöne, beýleki tarapdan, Türkmenistan bilen dawalara girmek Orsýetiň özi üçinem bähbitsiz boljak. Sebäbi Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda täze dartgynlygyň ýüze çykmagy Hytaýyň bu regiondaky rolunyň has hem artmagyna getirmegi mümkin.

Iň perspektiw partnýorlardan biri bolan Ýewropa Bileleşigini elden gidermän, Gurbanguly Berdimuhamedowyň agyp-dönüp duran bu ýagdaýdan Türkmenistanyň bähbidini goramak üçin nähili peýdalanyp biljekdigi häzirlikçe sorag bolup galýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.