16-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde türkmen-ors hyzmatdaşlygynyň ösüşine we ykdysady, gumanitar gatnaşyklara degişli meseleler resmi derejede maslahat edildi.
Prezident G.Berimuhamedow Orsýetiň Daşary işler ministriniň Aşgabada saparynyň ýurtlaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-bilim ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşine uly itergi berjegini belledi. Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, Orsýet Türkmenistanyň strategik we ynamdar partnýory bolup durýar.
Resmi maglumatlara görä, Aşgabatdaky gepleşiklerde günüň möhüm regional we halkara meselelerine, hususan-da, energiýa howpsuzlygy meselesine üns berildi. Gepleşikleriň netijesinde ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2010-njy ýyl boýunça hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekildi.
Orsýetiň Daşary işler ministriniň Aşgabada saparyny käbir synçylar Türkmenistanyň köp ugurly energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ädýän ädimleri, şol sanda “Nabukko” proýekti boýunça planlary bilen hem baglanyşdyrýarlar.
“Nabukko” - “Günorta akym”
Azatlyk Radiosynyň arhiwinden
Moskwadaky Syýasy informasiýa merkeziniň müdiri Alekseý Muhin soňky wagtda Orsýetiň “Günorta akym” proýektini oňe sürmek tagallalaryny güýçlendirenligini belledi.
Alekseý Muhiniň sözlerine görä, Orsýet “Nabukko” proýektine gyzyklanma bildirýän döwletleri öz proýektlerine çekmäge çalyşýar: “Orsýetiň Daşary işler ministri Lawrow we beýleki resmileri Merkezi Aziýa döwletlerine sapar edip, regional ýolbaşçylary "Nabukko" derek "Günorta akym" proýektini goldamaga yrjak bolýar. Maksat “Nabukko” proýektiniň gurluşygynyň ähmiýetini gowşatmakdan ybarat”.
Alekseý Muhin proýekte goşulmak teklibiniň Moskwa tarapyndan Merkezi Aziýa döwletlerinden daşgary Ýewropa Bileleşigine hem edilýänligini belledi.
Orsýet özüniň “Günorta Akym” proýektini regionyň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça “Nabukko” alternatiw hökmünde öňe sürýär we Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletlerini “Günorta akym” proýektini bilelikde amala aşyrmagyň az çykdajyly boljakdygyny ynandyrmaga çalyşýar.
Şol bir wagtda-da “Nabukko” proýektini öňe sürmek bilen Ýewropa Bileleşigi öz gaz üpjünçiligini kepillendirmekden ötri energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ýagny Ýewropanyň energiýa üpjünçiligi taýdan Orsýet gazyna mätäçligini çäklendirmek maksadyny hem göz öňünde tutýar.
Ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça we Birleşen Ştatlaryň energiýa meseleleri boýunça ýörite wekilleriniň Aşgabada sapary boldy. Gepleşiklerde taraplaryň energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maslahat edilenligi aýdylan hem bolsa, bu hakda jikme-jik maglumat berilmändi.
“Nabukko” proýektine gyzyklanma bildirýän taraplar soňky döwürde käbir takyk ädimleri ädip başladylar. 4-nji martda Ýewropa Komissiýasy “Nabukko” proýektini maliýeleşdirmek kararyny yglan edip, “Nabukkonyň” gurluşygyna 200 million ýewro çykaryljagyny mälim etdi.
4-nji martda Türkiýäniň parlamenti “Nabukkonyň” gurluşygy baradaky ylalaşygy makullady. Ylalaşyk 2009-njy ýylyň iýul aýynda Ankarada Türkiýe we Ýewropa Bileleşiginiň dört agzasy, ýagny Awstriýa, Bolgariýa, Wengriýa we Rumyniýa tarapyndan baglaşylypdy.
Nähili karara gelner?
Türkiýeli bilermen Mehmet Seyfetdin Türkmenistanyň şu günki gün alyp barýan syýasatynyň, ýurduň köp ugurly energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän proýektlerden, şol sanda “Nabukkodan” ýüz öwürmejegi barada pikir döredýänligini belledi.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer regionyň energiýa baýlyklary ugrunda bäsdeşlik gidýärkä, Türkenistanyň ençeme ugurlardan, şol sanda bir tarapdan Orsýet bilen, başga bir tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýekti arkaly gaz söwdasyny amala aşyrmak ukybyny aradan aýyrmaýar.
Orsýetli bilermen Alekseý Muhin şu günki gün teklip edilýän proýektleriň, hususan-da, “Nabukko” we “Günorta akym” proýektleriniň ikisiniň-de Türkmenistan üçin bähbitli taraplarynyň bardygyny belledi.
A.Muhiniň sözlerine görä, Orsýetiň proýektleri goşmaça şertnamalaryň baglaşylmagyny talap etmeýär we bu şertnamalary berjaý etmekde Türkmenistan üçin uly kynçylyklaryň bolmajagyny göz öňünde tutýar.
Muhin Ýewropa Bileleşiginiň teklip edýän “Nabukko” proýekti geljekde Türkmenistanyň gazynyň nyrhyny kesgitlemekde mümkinçiliklerini artdyrar we gaz bazaryndaky monopoliýanyň aradan aýyrylmagyna şert döreder diýip belleýär. “ Häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň öňünde öz bähbitlerini ölçäp, karara gelmek meselesi keserip dur.”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar