“Nabukko” boýunça oňyn täzelikler ýok däl

Mundan bary-ýogy birnäçe hepde ozal hem "Nabukko" gaz proýekti bilen baglanyşykly meselelerde hiç hili öňegidişlik ýok ýaly görnen bolsa-da, bu ugurda mart aýynyň başynda oňyn täzelikler peýda boldy.
Günbataryň gaz alýan çeşmelerini baýlaşdyrmagy göz öňünde tutýan “Nabukko” proýekti Hazar sebitinden we Orta Gündogardan Ýewropa ýurtlaryna ýylda 31 milliard kubometr töweregi gaz akdyrmagy maksat edinýär. Günbatarda bu proýekte Orsýetiň gaz resurslaryna garaşlylygy azaltmagyň bir çäresi hökmünde garalýar.

Reýnhard Mitçek
“Nabukko” proýektini maliýeleşdirmek we bu proýekt üçin zerur bolan gaz çeşmelerini tapmak meselesi soňky wagtlar çözülmesi kyn meselelerden biri bolup geldi. Äşgär kynçylyklary göz öňünde tutmak bilen bu proýektiň iş ýüzünde amala aşjakdygyna şübhelenýänler hem az bolmady.

Ýöne ýakynda, 4-nji martda, Türkiýäniň parlamentiniň “Nabukkonyň” tranziti baradaky hökümetara ylalaşygyny goldap ses bermegi bilen bu meseledäki durgunlylyk soňlanana meňzeýär. Çünki “Nabukkonyň” tranziti baradaky hökümetara ylalaşygyna girýän döwletleriň arasynda Türkiýe iň soňky bolup, bu ylalaşyga ses berdi.

Mundan öň bu ylalaşygy Awstriýa, Bolgariýa, Wengriýa we Rumyniýa gutarnykly tassyklapdylar.

"Nabukko" proýektiniň jogapkär direktory Reýnhard Mitçek Türkiýäniň bu baradaky ylalaşygy tassyklamagynyň ähmiýetine şeýle baha berdi: «Bu hökümetara ylalaşyk möhüm dokument, sebäbi ol bäş ýurduň üsti bilen umumy bir geçirijiniň işe girizilmegine kanuny ýol açýar. Bu bolsa "Nabukko" ýaly döwletara geçirijisi üçin örän möhüm zat. Bu baradaky ylalaşyga hökümetara şertnamasy görnüşinde gol çekildi. Beýle diýildigi onuň bäş ýurduň kanunçylygynyň hem çygryndan çykýan ylalaşykdygyny aňladýar. Ol ylalaşygyň 50 ýyllyk güýji bar. Şeýlelikde, ol inwestorlar, banklar we tranzitçi ýurtlar üçin amatly, howpsuz we ygtybarly ylalaşyk bolup durýar».

Türkiýe - Azerbaýjan

Käbir synçylar Türkiýäniň bu dokumenti tassyklamaga howlukmanlygynyň sebäbini onuň Azerbaýjan bilen alyp baran gepleşikleri bilen baglanyşdyrýarlar.

“Nabukkonyň” häzirki geçirijisiniň gözbaşy Gürjüstan bilen Türkiýäniň serhetlerinden gaýdýar. Şol serhet ýakasynda-da ol Azerbaýjandan gözbaş alýan başga bir geçiriji bilen sepleşýär. Ol geçiriji arkaly Azerbaýjandan göni gaz alyp bolýandygyna garamazdan, Türkiýe bilen Azerbeýjanyň arasynda gazyň bahasyny özara ylalaşmak işi köp wagt aldy.

Rim uniwersitetiniň geosyýasat boýunça analitigi Federiko Bordonaro Türkiýäniň "Nabukko" proýekti boýunça hökümetara ylalaşygyny tassyklamagynyň sebäbini Türkiýedir Azerbaýjanyň ýakynda özara ylalaşyga gelmegi bilen baglanyşykly diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

“Nabukko” üçin beýleki bir oňyn öňegidişlik bolsa ýakynda, 10-njy martda, bu proýektiň aksionerlerinden biri bolan Germaniýanyň RWE kompaniýasynyň Azerbaýjandaky Nahiçiwan gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça bu ýurt bilen özara memoranduma gol çekmegi boldy.

RWE kompaniýasynyň özleşdirjek bu gaz ýatagyndan alynjak tebigy gaz hut "Nabukko" proýektini gaz bilen üpjün etmek üçin ulanylar diýlip garaşylýar.

Geçen ýyl Germaniýanyň şu RWE kompaniýasy ýurduň günbataryndaky gaz ýataklaryndan birini özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen-de kontrakt baglaşypdy.

"Nabukko" proýektiniň jogapkär direktory Reýnhard Mitçek bu proýekte gatnaşyjy aksioner kompaniýalaryň soňky wagtlar şular ýaly potensial energiýa üpjünçileri bilen baglaşan kontraktlarynyň ähmiýetine ýokary baha berýändigini aýtdy.